"Döwlet dükany düýbünden boş, şeker üçin gapdalyndan kofe almaly, ýerli ýag ýok" - diýip Azatlygyň habarçysy 22-nji sentýabrda Aşgabadyň dükanynda görenlerini gürrüň berýär. Bu aralykda adam hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistanyň hökümeti öz ilatyny kadaly ýaşaýyş derejesi bilen üpjün etmezligi we azyk hukugyna hormat goýmazlygy bilen halkara borçlaryny ýerine ýetirmeýär diýip bu problema ünsi çekýär.
Adam hukuklaryny goraýjy "Human Rights Watch" we "Adam Hukuklary boýunç Türkmen Inisiatiwasy guramasy" (TIHR) 23-nji sentýabrda çap eden beýanatynda "hökümetiň COVID-19 pandemiýasynyň ykdysady täsirine jogap bermekdäki hereketsizligi Türkmenistanda öňden gelýän azyk krizisini hasam güýçlendirdi" - diýip belleýär.
"Türkmenistanyň hökümeti halkynyň abadançylygyny däl-de, ýurduň imijini ileri tutýar" -diýip, "Human Rights Watch" guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiriniň orunbasary Reýçel Denber belleýär we "bu möhüm pursatda iň mätäç adamlara ünsi çekmezlik, olara kömek etmezlik bilen Türkmenistan adam hukuklarynyň iň esasy prinsiplerini, şol sanda azyk hukugyny gödek bozýar" diýýär.
Azyk ýetmezçiligi, bahalaryň ýokarlanmagy, azyk önümlerini çäkli möçberde satmak, nobatlar, dükanlaryň we bazarlaryň yzygiderli ýapylmagy ýaly çäklendirmeleriň yzygiderli girizilmegi ýurtda gündelik ýagdaýa öwrüldi. Öz çäginde COVID-19-yň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän ýurtda ýokanç keseliň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin girizilen çäklendirmeler ilatyň durmuşyna agyr täsir ýetirýär we goşmaça agram salýar.
Soňky hepdelerde Aşgabatda bahalar ýokarlandy. Indi ýurt Garaşsyzlyk gününe taýýarlanýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda azyk üpjünçiligi adatça gowulaşýar. Şol bir wagtyň özünde dollaryň hümmeti gara bazarda ýene ýokarlanyp, 23.5 manada deň boldy. Nagt walýuta alyş-çalşygyna saklanýan gadagançylyk bilen bir wagtda resmi kurs hem 3,5 manat derejesinde üýtgewsiz galýar.
22-nji sentýabrda Azatlygyň habarçylary bazarlardaky, döwlet we hususy dükanlardaky harytlaryň bahalaryny öwrendi we jikme-jik syn taýýarlady.
- Döwlet dükany doly boş. Un bilen baglanyşykly hiç hili mesele ýok, 1 kilogram 1 manatdan iň arzan we has gymmat birnäçe görnüşi, şol sanda Türkmenistanda öndürlen ýokary hilli, kilogramy 8 manada çenli durýan unlar bar. Şeker ýok, diňe irden bolýar. Adam başyna 2 kg satýarlar, 17 manatdan 2 kilogram berilýär, ýöne ýanyndan goşup, içine şeker we süýt goşulan kiçi haltajyklardaky kofe almak talap edilýär. Onuň öz bahasy 5 manat, ýöne hiç kim satyn almaýar, bu geçmeýän haryt.
- Çöregiň arzany we täze bişeni elýeterli. Şeýle hem ýag bar, birnäçe görnüşi, ýöne olar daşary ýurtlaryň önümi, ýerli ýag ýok, görnüşi ýaly gutaran bolmaly, ýa-da täze hasyla garaşylýar, ýa-da irden satylýar. Mundan başga, haryt görnüşleri ujypsyz, esasan bazarda satylýan zatlar bu ýerde hem şol bahadan satylýar.
- Bazarda "döwlet bahalary boýunça" haryt satýan tekçeler bar, ol ýerde miweler, banan, alma köp, hatda kiwi hem bar, hemme zat import edilen harytlar, bu bolsa Eýran bilen serhetiň wagtal-wagtal işleýändigini görkezýär, hatda döwlet nyrhyndan nar satylýar bir kilogramy 20 manatdan. Kartoşka 9-10 manat, hem ýerli, hem-de daşary ýurtdan getirilen, hili gowy. Emma apelsin gymmat, 50 manatdan we diňe bir ýerde satylýar. Towuk. Ýerli towuklaryň bahasy bir kilogramy 8 manatdan başlanýar we 15-18 manada çenli ýetýär, aýra bölekleri aýaklar, budlar we ş.m. bar. Bu bazarda birnäçe aý bäri et satýan hatarlar ýok, sebäbini bilemok.
- Döwlet tekçelerindäki gök önümler - her bir dessesi 2,5 manat, golaýda satýan hususy söwdagärler bir dessesini 5 manada berýärler, ýöne olaryňky has uly.
- Garpyz, gawun, ýylyň şu wagtynda bolşy ýaly satuwda bar. Pomidor, hyýar - dürlüligine we hiline baglylykda 5-10 manat aralygynda. Injir - 45-60 manata çenli.
- Dürli baha kategoriýalarynda, esasan Gazagystanda we Orsýetde öndürlen un bar, dürli bahadan daşary ýurtly makaron önümleri, Orsýetden getirlen her kilogramy 8 manatdan "Rolton"-dan başlap, Türkiýede öndürlen her bir gaby 25-30 manatlyk makaronlarynyň "saýlama" görnüşleri, hatda has gymmat - italýan makaronlary bar. Bäşbarmak üçin 4 adama niýetlenen hamyr 12 manatdan, şeýle-de şu bahadan beýleki hamyr önümleri satylýar.
- Hususy dükanda ýokary hilli, asylan we gaplanan et, guzy we sygyr eti hem bardy, iň gymmaty 70 manat, sygyr eti - 48-50 manat bir kilogramyna, goýun eti 50 manada çenli, üwelen sygyr eti 40- 55 manada çenli, hiline görä, ýagsyzy has gymmat. Bu dükanda bahalar "Halk Market" dükanyndan birneme arzan.
- Welaýatlarda Daşoguda we Maryda öndürilýän azyklary satýan bir dükan boş dur. Serhetler ýapyk ol ýerden kakadylan sygyr, doňuz etini, beýleki kakadylan önümleri - towuk, basturma, balyk, şeýle hem Marynyň gowy ýumşak peýnirini getirýärdiler, bularyň hemmesi ýok.
Döwlet baýramçylygynyň öňüsyrasynda Aşgabadyň bazarlaryndaky, şeýle-de döwlet we hususy dükanlaryndaky harytlar we olaryň bahasy baradaky bu jikme-jik ýagdaýlary Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy gürrüň berdi.
Bu aralykda welaýatlarda ilat azyk ýetmezçiliginde kösenýär, bazarlaryň köpçülikleýin ýapylmagy zerarly, ilatyň azyk satyn almak mümkinçiligi azalýar, ýerli telekeçiler gazanç çeşmesinden mahrum bolýar.
Maryda şu günler azyk ýagdaýy erbetleşýär. Döwlet eýeçiligindäki dükanlaryň öňünde nobatlar daňdan döräp başlaýar.
“Her dükanda adam başyna 3 manada 5 ýumurtga berilýär. Adamlar ir sagat 4-de baryp, 8-de ýa 9-da açlýan dükanyň öňünde garaşyp durýarlar. Bir ýumurtga 1 manat 50 teňňe satylýar "- diýip, Azatlygyň welaýatdaky habarçysy 23-nji sentýabrda aýtdy.
Welaýatlardaky bazarlar we dükanlaryň ençemesi iýulyň ortalarynda häkimiýetleriň COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça resmi çärelerini yglan edeli bäri yzygiderli ýapylýar.
Şol bir wagtyň özünde, Azatlygyň habarçylarynyň belleýşi ýaly, şu günler Aşgabatda, bazarlarda we dükanlarda birbada girizilen sanitariýa talaplaryna gözegçilik edilmeýär.
Adam hukuklaryny goraýjy "Human Rights Watch" we "Adam Hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy guramasy" (TIHR) tarapyndan 23-nji sentýabrda çap edilen beýanatda Türkmenistanyň hökümetiniň ýurtda garyplygyň bardygyny inkär edýändigi we pandemiýa döwründe işsizligiň ýokarlanandygyna garamazdan, ilatyň ykdysady taýdan ejiz toparlaryna kömek berip bilmändigi bellenýär.
Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň pikiriçe, ykdysady ýa-da sosial kömek bermek, halky elýeterli azyk önümleri bilen üpjün etmek üçin hiç hili strategiýasy bolmadyk hökümet ilatyň zerur ýaşaýyş derejesini we azyk hukugyny üpjün etmek boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigini görkezýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.