Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýeralma talaby güýçlenýär. Azyk nobatyna duranlar tutulýar. Polisiýada häkimiýetlerden nägilelik ösýär


Içeri işler ministri Mämmethan Çakyýew prezidentiň tabşyryklaryny ýazyp alýar. Türkmen TW-sinden alnan surat. Maý, 2020.
Içeri işler ministri Mämmethan Çakyýew prezidentiň tabşyryklaryny ýazyp alýar. Türkmen TW-sinden alnan surat. Maý, 2020.

“Polisiýa işgärleri gije-gündiziň dowamynda 16-18 sagat işlemäge mejbur edilýär. Olaryň alýan aýlyklary 2000 manada golaý, emma bu serişdäniň ýarysy iş bilen bagly çykdajylara gidýär. Hiç bir üpjünçilik ýok, hemme zerur zady özüň satyn almaly" diýip, ofiser aýtdy.

Türkmenistanda kornowirus pandemiýasy sebäpli goňşy ýurtlar bilen aradaky serhetleriň baglanmagy, ykdysadyýetiň ýeterlik diwersikasiýa edilmezligi netijesinde ýaramazlaşan azyk üpjünçiligi, ilatyň maliýe kynçylyklarynyň çuňlaşmagynyň fonunda, barha ýitileşýäne meňzeýär.

Şu aralykda hökümet başlygy ýene bir gezek ýeralma bolçulygyny döretmek meselesini gün tertibine getirdi.

TDH-nyň maglumatynda örä, Türkmenistanyň prezidenti 29-njy maýda ýurtda ýitileşýän azyk gytçylygynyň fonunda şu ýylda 21 müň gektarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek baradaky karara gol çekdi.

Ýeralma bolçulygy bilen nobat gözegçiliginiň arasyndaky baglanyşyk

Gurbanguly Berdimuhamedow ýanwar aýyndan bäri geçirýän hökümet mejlislerinde ýeralma ekmek, azyk bolçulygyny döretmek talabyny yzygiderli gaýtalýar, ýöne ýurtdaky ykdysady krizisi, oba hojalygynyň çökendigi barada aýdylýanlary gytaklaýyn inkär edip, azyk bolçulygyny döretmek üçin uly işleriň alnyp barylýandygyny nygtaýar.


Şol bir wagtda, soňky gelip gowşan maglumatlara görä, häkimiýetleriň azyk nobatlaryny dargatmak, närazylyklary artýan ilaty berk gözegçilik astynda saklamak ugrunda edýän tagallalary, iş şertleriniň barha agyrlaşmagy bilen, polisiýa işgärleriniň arasyndaky nägilelikleriň hem barha ösmegine alyp gelýär.

Paýtagtdan we regionlardan gelýän maglumatlara görä, ýurtda azyk üpjünçiligi, maliýe kynçylyklary bilen baglylykda ýokarlanan aladalar häkimiýetleriň gözegçiligi barha berkitmegine, netijede polisiýa, howpsuzlyk işgärleriniň gije-gündiziň dowamynda has kän işledilmegine alyp gelýär.

Mundan öň Azatlyga köplenç ýolbaşçy işgärleriň 12-14 sagat işde bolýandygy, baýramçylyk günlerinde olaryň 18 sagada çenli iş üstünde bolup, käte şol ýerde ukysyny alýandygy habar berlipdi.

Polisiýa işgärleriniň iş şertleri bolsa, synçylaryň tassyklamagyna görä, garaşsyzlyk ýyllarynda hiç wagt hem ýeňil bolmady we olaryň bikanun ulanylmagy, ezilmegi soňky aýlarda has-da güýçlenýäne meňzeýär.

Şu gün irden, ir sagat 4-de, Hojaw Annadurdyýew we Garryýew köçeleriniň kesişýän ýerine üç awtomobilde raýat eşigindäki polisiýa işgerlerini getirdiler, olar şol töwerekdäki dükanlara ugradyldy diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 30-njy maýda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, dükanlaryň garawullarynyň käbiri raýat eşigindäki polisiýa işgerlerinden ägä bolmak barada azyk üçin ir sagatlarda nobat belleýän adamlara assyrynlykdan duýduryş berýär.

Raýat eşigindäki polisiýa işgärleriň ýeke-ýekeden ýaşaýyş jaýlarynyň arasyndan çykyp, dükanlara gelýärler we alyjy hökmünde nobata durup, kimleriň nobata durandygyny gowy anyklap, soň olaryň ählisini polisiýa bölümine alyp gidýär diýip, habarçy aýtdy.

Polisiýa bölümine alnyp gidilen adamlaryň soňky ykballary Azatlyga häzirlikçe mälim däl we redaksiýa ýerli çeşmeleriň üsti bilen bu ýagdaýa ýakyndan syn edýär.

Şu aralykda, daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna bankyň üstünden pul iberjek bolýan raýatlaryň öňünde döredilýän emeli kösençlikleriň hem köpelmese, azalmaýandygy habar berilýär.

Banklardaky korrupsiýa studentleri jenaýata itekleýär

Daşoguz welaýatynda her bank bir etraba berkidilip, student çagalaryna pul geçirjek bolýan ene-atalardan hökman özlerine degişli banka ýüz tutmak talap edilýär.

“Senagat bank” Akdepe we Gurbansoltan eje etraplarynyň ilatyna hyzmat edýär, bu bankda studentlere pul ibermek meselesinde hemişe kynçylyk, problema döreýär, emma şeýle kynçylyklar Türkmen-türk bankynda ýok diýip, ene-atalar bilen gürleşen habarçy aýdýar.

Ene-atalaryň sözlerine görä, Türkmen-türk bankynda diňe kanunlaşdyrylan resmi dokumentleriň sanawy talap edilýär we bolany. “Senagat bankyň” işgärleri pul geçirmezlik ýa-da ‘wagt utmak’üçin dürli bahanalary oýlap tapýarlar, goşmaça dokumentleri talap edýärler diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran student enesi aýtdy.

Mysal üçin, beýleki banklarda studentiň okaýandygyny tassyklaýan güwänama diňe ýanwarda we sentýabrda talap edilýän bolsa, “Senagat bankda” her iki aýdan talap edilýär diýip, ol aýtdy.


Studentleriň ene-atalarynyň pikirine görä, “Senagat bank” şeýle emeli kynçylyklar bilen “wagt utup’, studentlere pul geçirmek üçin döwlet tarapyndan bölünip berlen walýuta serişdelerini başga maksatlar, başga adamlar üçin ulanýar.

Aýdylmagyna görä, bankda bu “hyzmatyň” öz bahasy bar. Şu ýagdaýlar bilen baglylykda, “Senagat bankyň” işgärleriniň günäsi bilen, Orsýetde galan türkmen studentleriniň köpüsi tomusky dynç alyş wagtynda, karantin döwründe zerur bolan serişdeleri alyp bilmedi.

“Bankda her gün diýen ýaly galmagal turýar, emma bankyň ýolbaşçylary bilen gürleşip bolmaýar, olar adamlardan gaçýarlar” diýip, ene-atalar adýarlar. Azatlygyň habarçysy, dollar geçirmek bilen baglylykda, şeýle “wagt utmak” oýunlarynyň Türkmenbaşy bankynda hem bardygyny habar berýär.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýaşaýjylar öz çagalaryna pul geçirip bilmändiklerini, muňa bankdaky “”wagt” oýunlarynyň sebäp bolandygyny aýtdylar. Aýdylmagyna görä, pul geçirilen ýagdaýlarynda hem iki aýda 200 dollar, ýagny aýyna 100 dollar geçirmäge rugsat edilýär, bu örän az we käbir halatlarda studentleriň daşary ýurtda eklenç üçin bikanun işlere ýüz urmagyna sebäp bolýar.

“Banklardaky hapa oýunlar biziň çagalarymyzy daşary ýurtda karantin döwründe jelepçilik etmek ýaly işlere itekleýär” diýip, gyzyna pul iberip bilmedik ene aýtdy.

Polisiýa başlyklary dilden berilýän buýruklardan nägile

Şu aralykda regionlaryň birinde işleýän polisiýa ofiseri Azatlyga öz kärdeşleriniň tasdan 90 göteriminiň häkimiýetlerden nägiledigini aýtdy.

Radionyň Marydaky habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ofiseriň tassyklamagyna görä, polisiýa işgärleriniň arasyndaky nägilelik barha ýokarlanýar.

Polisiýa işgärleri dynç alyş günlerini, baýramçylyk rugsatlaryny almazdan, gije-gündiziň dowamynda 16-18 sagat işlemäge mejbur edilýär. Olaryň alýan aýlyklary 2000 manada golaý, emma bu serişdäniň ýarysy iş bilen bagly çykdajylara gidýär. Hiç bir üpjünçilik ýok, hemme zerur zady özüň satyn almaly" diýip, ofiser aýtdy.


Habarçy ondan “Adamlar hukuk goraýjy organlaryň işgärlerinden, olaryň ýüz urýan eden-etdiliklerinden barha kän nägile bolýar, siz bu barada näme aýdyp bijek?” diýip sorady.

Ýokardan görkezme berýärler. Hatda bu görkezmelerden biziň ýolbaşçylarymyz hem nägile. Emma hiç zat edip bilmeýärler. Berilýän görkezmeleriň ählisi dilden berilýär, kanuny taýdan esaslandyrylmaýar. Ýöne eger raýatlar şikaýat etse, üstünden arz edilen polisiýa işgärini Guşga ýa-da Tagtabazara işe geçirýärler, elbetde, ýokarky başlyga bermelini berip bilmese” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran maryly ofiser Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şeýle-de, regionlarda ilatyň mekdeplerdäki “ tükeniksiz pul talaplaryndan” halys bolandygy habar berilýär.

“Turkmen.news” neşiriniň maglumatyna görä, 26-njy maýda Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda 15 çemesi aýal bilen mekdep ýolbaşçylarynyň arasynda, adybir şäherçäniň 1-nji mekdebindäki tükeniksiz pul talaplary üstünde dawa turdy.

Neşiriň maglumatyna görä, ene-atalaryň sabyr käseleriniň dolup-daşmagyna mugallymlaryň gutardyş şahadatnamasy üçin okuwçylardan ýene bir 30 manat ($1,5 çemesi) talap etmegi sebäp bolupdyr.

Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar, ilatyň ýyl-ýyldan garyp düşmegi we mekdeplerde soňky jaň bilen bagly çykdajylaryň barha artmagy soňky ýyllarda mekdep okuwçylarynyň arasynda özüni heläkleýänleriň sanynyň köpelmegine alyp gelýär. Emma hökümet bu baradaky statistikany gizlin saklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG