Ol anna güni günortan sagat 11:00-e çenli Aşgabadyň azyk haryt, şol sanda çörek satylýan döwlet eýeçiligindäki ençeme dükanlaryna aýlandy. Ýöne çörek tapmady.
“Bu gün irdenden bäri döwlet dükanlaryna çörek getirmediler. Satyjylar çörek zawodynda elektrik togunyň öçendigini, şol sebäpden çöregiň getirilmändigini aýdýarlar” diýip, habarçy habar berdi.
Aşgabatda çörek bişirilýän kärhana köne howa menziliniň ýerleşýän etrabynda Atamyrat Nyýazow köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Bu köçäniň ugrunda, il arasynda “un zawod” atlandyrylýan “Aşgabadyň galla önümleri kärhanasy" ýerleşýär.
Habarçy 9-njy iýuldan 10-njy iýula geçilen gije çörek-bulka önümleri bişirilýän kärhanada elektrik togunyň öçendigini, şol sebäpden döwlet dükanlarynda çörek üpjünçiliginde bökdençlik dörändigini habar berýär.
“Adatça, irden sagat 8:00-e çenli ähli döwlet dükanlaryna çörek paýlanýar, 20-25 minudyň dowamynda ýaşaýjylar çörekleri satyn alyp gutarýarlar, şondan soň çörek satyn almak mümkin däl” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň maglumatlaryna görä, ençeme ýaşaýjy Aşgabadyň çörek-bulka önümleri kärhanasynda bişirilýän çöregiň hilinden şikaýat edýär, ýöne onuň elýeterli bahasy ilatyň bu önümlere bolan islegini artdyrýar.
“Buhankanyň arzan görnüşiniň hili ýaramaz, ýöne onuň bahasy 60 teňňe” diýip, habarçy aýtdy.
Türkmenistanda indi üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady krizisiň dowamynda, ýurtda döwlet eýeçiligindäki dükanlar bilen hususy eýeçilikdäki dükanlaryň bahalarynyň arasynda uly ara tapawut emele geldi. Aşgabatly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, döwlet dükanlarynda bahalar elýeterli, ýöne azyk haryt gyt we olary satyn almak üçin yzygiderli nobatlar döreýär; hususy söwdada haryt bol, ýöne ol ýerdäki aşa gymmatçylyk adaty raýatlary döwlet dükanlarynyň öňünde nobata durmaga mejbur edýär.
“Aşgabadyň ýaşaýjylary uly höwes bilen çörek satyn alýar, ýöne hemmelere ýetmeýär” diýip, habarçy döwlet dükanlaryndaky çörek üpjünçiliginiň ýagdaýy barada habar berdi.
Türkmenistanda çörek-bulka önümleri gündelik iň geçginli harytlaryň hatarynda durýar. Ýöne ýurtda soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri yzygiderli ýüze çykýan un we çörek gytçylygy hem-de gymmatçylygy ýerli ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyna ýaramaz täsir edýär.
Döwlet media we metbugat serişdeleri raýatlaryň azyk üpjünçiligi bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan gündelik kynçylyklary barada habar bermeýär. Muňa derek, döwlet telewideniýesi “bagtyýarlyk we berkararlyk döwründe” ýurtda döredilendigi aýdylýan azyk bolçulygy barada wideo reportažlary gije-gündiz efire berýär.
Türkmen hökümeti bu ýyl bugdaý plan borçnamasynyň artykmajy bilen ýerine ýetirilendigini, 1 million 400 müň tonnadan gowrak galla hasylynyň ýygnalandygyny habar berýär. Muňa garamazdan, ýurtda çörek üpjünçiliginiň ýabygorly ýagdaýy saklanyp galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.