Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanly telekeçiler Türkmenistandan nebit önümlerini satyn aldy


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

“Talyban” tarapyndan dolandyrylýan Owganystanyň telekeçileri Türkmenistanyň döwlet kärhanalary bilen dürli nebit önümlerini satyn almak barada ylalaşyk baglaşdylar. Bu barada 10-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Maglumata görä, owgan telekeçileri “Türkmenhimiýa” we “Türkmennebit” Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny, “EKO-93” kysymly ulag benzinini, “SN-600” kysymly başlangyç ýagyny we “TS-1” kysymly uçar kerosiny satyn almak barada gepleşikleri baglaşypdyrlar.

Maglumatda olaryň mukdary we bahasy aýdyňlaşdyrylmaýar.

XS
SM
MD
LG