Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow soňky döwürde kän gaýtalaýan “ýeralama bolçulygy” talabynyň arasynda, 21-nji awgustda geçiren hökümet mejlisinde birbada iki orunbasaryna berk käýinç we soňky duýduryş yglan etdi.
Ýerli synçylar ozal ilkinji, soňra ikinji hökümet başlygynyň 1990-njy ýyllardan bäri ýöredýän käýinç, soňky duýduryş bermek we yzygiderli wezipeden boşatmak praktikasynyň ýurtda abadançylygyň ýokarlanmagyna, ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň ösmegine oňyn däl-de, tersin täsir ýetirýändigini, azyk bolçulygyna derek gytçylygyny döredendigini aýdýarlar.
Wise-premýerler Esenmyrat Orazgeldiýewe hem-de Çary Gylyjowa yglan edilen soňky duýduryş resmileriň “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy” bilen düşündirilýär.
Adatça bolşy ýaly, döwlet baştutany orunbasarlaryna “ýol berlen kemçilikleri” gysga wagtyň içinde düzetmekleri üçin soňky duýduryşyny hem berdi. Emma bellemeli ýeri, bu iki resmi mundan öň hem şeýle berk käýinçleri we soňky duýduryşlary alypdy.
“Gündogar” habar saýtynyň maglumatyna görä, E.Orazgeldiýew şuňa meňzeş kemçilikleri üçin berlen berk käýinji we soňky duýduryşy şu ýylyň martynda alan bolsa, Gylyjow aprel aýynda aldy.
Şol bir wagtda, türkmen hökümetiniň agzalarynyň “işde goýberýän kemçilikleri” barada anyk maglumat berilmeýär we ol kemçilikleriň gysga wagtda nähili düzedilendigi ýa-da düzedilmändigi, käýinç we duýduryş usulynyň hökümet işine nähili oňyn täsir ýetirýändigi belli bolman galýar.
Prezidentiň nobatdaky käýinçleri we duýduryşlary “degişli sowadyjy ammarlary gurmak we durkuny täzelemek... üçin karz serişdelerini” goýbermek kararyna gol çeken gününe, ýurtdaky azyk nobatlarynyň azalmaýan wagtyna gabat geldi.
21-nji awgustdaky hökümet mejlisinde gol çekilen kararda “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna, Merkezi bankyň serişdeleriniň hasabyna, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine karz serişdelerini bermek tabşyryldy.
Ýöne habarda Bäherden we Serdar etraplarynda 4 müň tonna önüm saklar ýaly täze sowadyjy ammarlary gurmak, 4450 tonna önüm saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň durkuny täzelemek üçin näçe möçberde döwlet serişdesiniň goýberiljekdigi, azyk nobatlary barada syzyp çykýan habarlaryň fonunda dörän zerurlygyň sebäpleri anyklaşdyrylmaýar.
TDH-nyň tassyklamagyna görä, bu karar “ýeralma, gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, olary talabalaýyk saklamak hem-de bu önümler bilen ilaty elýeter bahalardan üpjün etmek maksadyny” yzarlaýar.
Mundan başga, resmi taýdan boýun alynmaýan azyk gytçylygynyň fonunda, bäş ýyl içinde ýurt boýunça birinji tapgyrda 53 müň tonna önüm saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Emma muňa garamazdan, ýurtda bireýýäm “azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini” gaýtalaýan döwlet habar gullugy söwda, dokma senagaty toplumyna we telekeçilige gözegçilik edýän wise-premýer bilen oba hojalygyna gözegçilik edýän wise-premýerden bildirilen nägilelikleriň azyk ýetmezçiligi, hususan-da awgust aýynda gök-bakja ekinleriniň, ýeralmanyň bahalarynyň ilat köpçüligi üçin o diýen elýeterli bolmazlygy bilen haýsydyr bir baglanyşygynyň bardygyny aýtmady.
Döwlet baştutany 14-nji we 17-nji awgustda geçiren maslahatlarynda hem “azyk bolçulygyny üpjün etmek”, “ýeralmanyň, beýleki gök we bakja önümleriniň öndürilýän mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak” boýunça “anyk çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi”.
Emma türkmen mediasyndan we resmilerinden bu “anyk çäreleriň” nämedigini, olaryň haçan we näme netije berjekdigini anyklap bolmaýar.
Ikinji tarapdan, türkmen mediasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän gök, bakja ekinleriniň möçberleriniň artdyrylýandygy baradaky habarlaryna garamazdan, Türkmenistanyň daşary ýurtlardan sogan, sarymsak, pomidor, hyýar, ýeralma, süýt-gatyk önümlerini hem uly möçberlerde satyn alýandygyny görkezýän habarlar çykýar.
Aýdaly, hökümetçi "Türkmenportal" neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistan şu ýylyň bäş aýynda diňe Dagystandan 4 277 tonna azyklyk kartoşka, ýeralma import etdi.
Şu aralykda “Trend” habar gullugynyň ýazmagyna görä, mundan öň azyklyk bugdaý, ýag üçin pagta çigidi ýaly önümleri hem goňşy ýurtlardan satyn alan Türkmenistanyň indi Orsýetden import edýän goýun, geçi ýaly ownuk mallarynyň hem möçberini artdyrýandygy mälim boldy.
Azatlyk bilen açyk we anonimlik şertinde gürleşýän ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri geçirilen oba hojalyk “özgertmeleri” diňe gök, bakja ekinleriniň gytçylygyna däl, maldarçylyk önümleriniň hem gytçylygyna, et-ýag bahalarynyň ilat köpçüligi üçin köplenç elýeterli bolmazlygyna alyp geldi.
“Yzy üzülmeýän köpçülik çäreleri, baýramçylyklar, döwlet baştutanynyň baş saglygyna berilýän sadakalar döwlet eýeçiligindäki mallaryň baş sanynyň düýpli azalmagyna alyp geldi, sebäbi toý-dabara üçin öldürilýän mallaryň hasaby ýitdi” diýip, Azatlygyň hökümetdäki çeşmesi aýtdy.
“Ýagdaýyň hakykatdan hem gowulyga tarap üýtgemegi üçin emele gelen ýagdaýa hakyky baha bermeli, ýalňyş syýasaty, ýalançylygy, korrupsiýany çuňlaşdyrman, halk köpçüligini şu günki agyr ýagdaýa getiren dolandyryş usulyndan el çekmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Maglumat üçin aýdylsa, Ç.Gylyjow häzirki wezipesine 2018-nji ýylyň aprelinde bellendi. Şondan öň ol Ýokary gözegçilik gullugynyň başlygy bolup işledi. E.Orazgeldýew wise-premýer wezipesinde ilkinji gezek 2015-2016-njy ýyllarda işledi, soň Ahal welaýatynyň häkimi boldy we 2017-nji ýylyň aprelinde gaýtadan wise-premýer bellendi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.