Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň wekili Witkoff garaşylmadyk sapar bilen Russiýa geldi, Putin bilen gepleşiklere garaşylýar


ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoff
ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoff

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýokary derejeli kömekçisi Stiw Witkoff öňünden yglan edilmedik sapar bilen Russiýa geldi. Bu Waşington bilen Kiýew we Moskwa arasynda Ukrainadaky uruş bilen baglanyşykly alnyp barylýan diplomatiki tagallaryň arasynda bolup geçdi.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Witkoffyň 11-nji aprelde gelendigini tassyklady. Ol 12-nji aprelde Omanda Eýran bilen geçiriljek ýokary derejeli gepleşikleriň ýol ugrunda Moskwada durdy.

Peskow Trampyň wekiliniň prezident Wladimir Putin bilen duşuşan ýagdaýynda, munuň bilen bagly goşmaça maglumatyň beriljekdigini aýtdy.

Rus döwlet habar agentligi TASS-yň habaryna görä, Witkoff dessine Russiýanyň göni maýa goýum gaznasynyň ýolbaşçysy Kirill Dmitriýew bilen duşuşypdyr. Geçen hepde bularyň ikisi Waşingtonda duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşypdy.

Bu sapar, ABŞ bilen Russiýanyň resmileriniň 10-njy aprelde Stambulda diplomatiki gatnaşyklary kadalaşdyrmak boýunça geçiren duşuşygynyň ertesi gününe gabat geldi.

Bu Trampyň prezidentlik wezipesine girişeninden soň, Moskwa bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak baradaky tagallalarynyň çäginde, Witkoffyň Russiýa eden üçünji sapary boldy. Geçen aý onuň Putin bilen geçiren duşuşygy iki prezidentiň telefon söhbetdeşligine ýol açdy. Şeýle hem, ol fewralda Russiýa sapar edip, Riýadda geçirilen ABŞ-Russiýa gepleşiklerine gatnaşypdy.

Nýu-Ýorkda emläk ösüşi bilen meşgullanýan we Tramp bilen dostlukly gatnaşyklary bolan Witkoffyň öňki diplomatik tejribesi ýok. Bu ýagdaý, onuň şeýle çylşyrymly gepleşiklerde öňdebaryjy rol oýnamagy bilen baglanyşykly käbir aladalary döretdi.

Tramp Witkoffy güýçli taryplady. Ol ýanwar aýynda eden çykyşynda ony “ajaýyp ylalaşykçy… ajaýyp gepleşikçi, ajaýyp adam” diýip häsiýetlendirdi.

Witkoffyň bu saparynyň maksady Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ok atyşyklary bes etmek boýunça ABŞ-nyň tagallalaryny öňe ilerletmekden ybarat. Tramp soňky döwürde öňegidişligiň haýal depginleri bilen baglylykda, iki tarap bilen hem nägileligini beýan etdi.

Forum

XS
SM
MD
LG