Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda etiň bahasy birden ýokarlandy


Текинский рынок, Ашхабад, 2019 
Текинский рынок, Ашхабад, 2019 

Türkmenistanyň paýtagtynda azyk önümleriniň bahasy ep-esli ýokarlandy. Hususan-da, etiň bahasy tas iki esse ýaly artdy. Gök önümleriň möwsümine garamazdan, bahalary ýokary bolmagynda galýar. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary nyrhlaryň soňky iki hepdäniň dowamynda ösüş depgini barada habar berdiler.

Etiň bahasy bazarlarda we hususy söwda nokatlarynda ýokarlanypdyr. Supermarketlerde sygyr etiniň bahasy bir kilogramy 80 manada ýetýär. Birnäçe hepde öň şol etiň bir kilogramy 38-45 manat bolupdyr.

Habarçymyz et bahasynyň "Halk market" dükanynda iň arzandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, 17-nji sentýabrda bu dükanda et önümleriniň bahasy şeýle bolupdyr: "Üwelen sygyr etiniň bir kilogramy ýaglysy 55 manat, ýagsyzragy 75 manat; süňkli et 60 manat, çylka et 75 manat. Halk market iň arzany. Beýleki ýerlerde bahalar mundan arzan däl, käbir ýerlerde has hem ýokary".

Paýtagtda beýleki önümleriň bahasy hem ýokarlandy.

"Möwsüminde 50 teňňelik gök otlaryň bahasy 5-6 manat, hyýar we pomidor 6-7 manat, ýöne häzir bu möwsümde ol gaty gymmat. Kartoşkanyň bir kilogramy 7-10 manat" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 17-nji sentýabrda şol günüň bahalary barada gürrüň berdi.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, etiň bahasynyň ýokarlanmagy bir ýarym hepde töweregi wagtyň dowamynda 10-15 prosent derejesinde yzygiderli galypdyr, ýöne soňky günlerde birden ösüp, netijede et iki hepdäniň içinde tas iki esse gymmatlapdyr.

Bahalaryň ýokarlanmagyna resmi düşündiriş bolmady. Resmiler içerki bazardaky bahalaryň üýtgemeginiň dinamikasy we sebäpleri barada düşündiriş bermeýärler. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diňe ähli ugurlarda üstünlik gazanylandygyny habar bermek bilen meşgullanýarlar.

Azatlygyň çeşmeleri etiň bahasynyň ýokarlanmagy mal soýmagyň wagtlaýyn çäklendirilmegi we bazarlaryň et bilen üpjünçiliginiň azalmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

"Mallaryň soýulmagyny we dükanlaryň täze et bilen üpjün edilmegini azaltmak barada buýruk berlendigi belli boldy. Häzir üpjünçiligiň gowşaklygy sebäpli bahalar galdy. Ýagny, bu emeli bir ýagdaýa bazaryň reaksiýasydyr" - diýip, habarçymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşigindäki çeşmä salgylanyp habar berdi.

Çeşmäniň habaryna görä, häzir soýulýan malyň azalmagy şu aýda boljak döwlet baýramçylygyna we wajyp syýasy wakalara gabat günlerde ýurtda "azyk bolçulygyny" döretmek üçin öňünden ýeterlik azyk toplamak maksadyna gönükdirilýär.

"Ýakyn wagtda mal soýmak işi öňki möçbere gaýdyp geler, bu hut Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda we Halk Maslahatynyň hem-de täze konstitusiýanyň kabul edilmeginiň öňünde bolar. Bir hepde öň we birnäçe gün soň gysga wagtlyk gysga möhletleýin 'kommunizmi' gurnarlar, şol wagt bahalar arzanlamaly. Soň ýokarlanar, ýöne 80 manada çenli artmaz" diýip, Azatlygyň habarçysy telekeçi çeşmesine salgylanyp habar berdi.

Geçen ýyllaryň tejribesinden, agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän Türkmenistanda, adatça, baýramçylyk günlerine gabatlap, azyk üpjünçiligi gysga wagtlyk gowulaşýar we bahalar belli bir derejede durnuklaşýar.

Soňky ýyllarda ýurduň ilaty ýumurtga, towuk eti, tüwi we ýag ýaly azyk önümleriniň ýetmezçiligi bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýar. Şol bir wagtyň özünde, döwlet baştutany içerki önümçilik bilen importyň ornuny tutmagy we artykmaç azygy daşary ýurtlara eksport etmegi yzygiderli talap edýär.

Döwlet dükanlarynda çörek, un we pagta ýagy kesgitli nyrhdan satylanda elmydama uly nobatlar döreýär. Azyk adamlara çäklendirilip satylýar.

Synçylaryň pikiriçe, azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna walýutanyň goşa çalyşyk kursynyň bolmagy hem täsir ýetirýär. Bäş ýyllap walýuta çalyşygyny 1 amerikan dollaryna 3,5 manat derejesinde saklap gelýän ýurtda dollaryň gara bazardaky nyrhy resmi kursdan tas bäş esse ýokary.

Mundan başga-da, Azatlygyň habarçylarynyň belleýşi ýaly, koronawirus pandemiýasy başlaly bäri serhetleriň ýapylmagy hem bahalara täsir etdi.

"Bahalaryň käbiri Eýran bilen serhetleriň uzak wagtlap ýapyk bolandygy sebäpli ösýär, ýöne birnäçe gün ozal Eýrandan alma, sarymsak geldi. Emma şu wagta çenli Eýranyň süýt önümleri ýok. Ýogsa, Eýrandan turşy peýnir, ýumşak peýnirler, süýt ýerli önümleriň bahasy bilen bir derejede satylýardy", - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy we daşary ýurt önümleriniň ýurda getirilmeginiň wagtal-wagtal häsiýetde bolýandygyny belledi.

Fewral aýynda dünýäde COVID-19 ýaýrap başlamagynda Türkmenistan ýurtda bu keseliň ýokdugyny yglan etdi we goňşy ýurtlar bilen serhetlerini ýapyp başlady. Mart aýynda halkara howa gatnawy doly togtadyldy we daşary ýurt harytlarynyň Türkmenistanyň çäginden geçmegi bes edildi.

Mart aýynda Eýran bilen serhetleriň ýapylmagynyň yzýany Türkmenistanda azyk önümleriniň, esasanam gök önümleriň bahasy düýpgöter ýokarlandy.

Maý aýynyň ahyrynda, eýran resmileri Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky serhediň 1-nji iýunda açyljagyny habar berdiler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG