Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hytaýly kärdeşi i Şi Jinpine ýurduň birnäçe sebitinde bolan suw joşgunlary, adam pidalary, şikes ýetmeleri we uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu hat türkmen lideriniň aprel/maý aýlarynda Lebapda we Maryda gopan harasatdan, suw joşamlaryndan ejir çekenlere bildirmedik duýgudaşlygyny ýene bir gezek ýada saldy.
27-nji aprelde Lebapda gopan harasat Aşgabatda Türkmen bedewiniň gününiň bellenilýän, atçylyga ýene ýüz millionlap dollar serişde goýberilýän we prezidentiň ilat adyndan sowgat berilýän saýlama ahal-teke atlaryny kabul edýän wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.
“Döwlet baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi” diýip, TDH-nyň 14-nji iýulda çap eden habarynda aýdylýar.
Döwlet eýeçiligindäki neşir türkmen prezidentiniň daşary ýurtlarda bolýan dürli hadysalar, adam ýitgileri we beýleki betbagtçylyklar babatda bildirýän gynançlaryny we göwünlik beriji sözlerini yzygiderli çap edýär. Emma bu hili işjeňlik ýa duýgurlyk ýurt çäginde bolýan suw joşgunlary, ýel-harasat, ýer yranmalary ýa-da ýagyş-ýagmyrda çekilen zyýan: adam ýitgileri, ýykylan jaýlar, gyrlan mallar babatda görkezilmeýär.
Bu ýagdaý, ýyllaryň tejribesinden görnüşine görä, ozaly Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda yglan edilen “Altyn asyr”, soňra “Bagtyýarlyk we berkararlyk” eýýamy adalgalary bilen bagly bolup, onuň çäginde metbugatda ýurt içinde bolýan agyr wakalary agzamaga rugsat berilmezligi, prezidentiň diňe gazanylandygy aýdylýan “ägirt uly üstünlikleri” beýan etmek baradaky talaby bilen düşündirilýär. Bu talap Türkmenistanyň metbugat hakyndaky kanunyna ters gelýär, gadagan edilen senzuranyň saklanyp galmagyna şert döredýär diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýerli žurnalist Azatlyga aýtdy.
Türkmen metbugatyndaky döwlet senzurasy sowet döwründäkiden hem güýçli bolup, hatda il içinde tanalan adamlaryň ölüm habarlaryny çap etmek hem gadagan edildi; ýer titremeleri, suw joşmalary, goňşy Eýranda ýa sebitde bolýan beýleki tebigy hadysalar bilen utgaşyklykda bütin dünýä aýan bolsa-da, Türkmenistanda agzalmaýar.
Aýdaly, hökümet 2000-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Balkan sebitiniň häzirki Bereket (Gazanjyk) şäherinde bolan güýçli ýet titremesi, geçen ýyl ilki Eýranda başlanan, soň Türkmenistanyň günbatarynda uly zaýaçylyga sebäp bolan suw joşmalary, ýurduň beýleki ýerlerinde, hatda paýtagtda bolýan sil, suw basmalaryny resmi habar serişdelerine çykarmaýar. Emma bu gadaganlyk diňe bir ýagdaýda, prezident daşary ýurtlaryň liderlerine gynanç hatyny ýollanda ýa telefonda gürleşende, bölekleýin bozulýar.
Şeýle-de, türkmen hökümeti bu gadaganlygy bir gezek, 2011-nji ýylyň iýulynda Abadandaky, öňki Büzmeýindäki ýarag ammarynda bolan partlamadan soň bozdy; Azatlygyň çap eden wideolaryndan we suratlaryndan birnäçe wagt soňra, partlamalary bölekleýin boýun aldy we bu hadysada ejir çekenlere maddy kömek berlendigi, dikeldiş işleri üçin döwlet tarapyndan serişde goýberilendigi mälim boldy. Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri Abadan partlamasynda wepat bolan, ýaralanan adamlaryň sany, çekilen maddy zyýan, partlama sebäp bolan ýagdaýlar barada häzire çenli hem doly maglumat çap etmedi.
Ýöne Lebapda we Maryda gopan harasatdan ejir çekenler bilen deňeşdirilende, Büzmeýinde uly dikeldiş işleri geçirildi, maşgala agzasyny ýitiren adamlara pul kömegi, jaýyny ýitiren adamlaryň bir toparyna täze jaý berildi.
Emma türkmen häkimiýetleri Lebapda, Maryda bolan tebigy hadysanyň agyr netijelerini görkezýän wideolary, suratlary görüp, ejir çekenlere kömek etmekden geçen, daşaryk maglumat çykaran raýatlary, haýyr-sahawat işlerine goşulan adamlary yzarlamaga, gorkuzmaga başladylar.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan özünde dowam edýän ykdysady kynçylyklary, abanyp gelen koronawirus howpuny resmi taýdan boýun alman, mart aýynda Eýrana koronawirus epidemiýasy sebäpli ynsanperwer kömek iberdi, Owganystanda bolsa, ynsanperwer kömek bilen bilelikde, COVID-19 barlaglaryny geçirmek üçin saglyk desgasyny gurmaga başlady, Orsýetiň Astrahan sebitine tonnalap kömek uzatdy.
Türkmen prezidentiniň öz halkynyň kynçylyklaryna göz ýumup, daşary ýurtlaryň öňünde ynsanperwer syýasatçy bolup çykyş etmegi, bu ugurdaky işjeňligini koronawirus aladalary wagtynda has güýçlendirmegi daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen emigrantlaryň nägilelikleriniň öňki ýyllarda garanda hem güýçlenmegine täsir edene meňzeýär.
Mundan öňki ýyllarda adamlar Azatlyk radiosy bilen anonimlik şertinde gürleşen bolsalar, soňky döwürde açyk protestlere çykyp, şol sanda sosial mediada Berdimuhamedowyň işden çekilmegine çagyrýan türkmen raýatlary köpelýär.
Bu aktiwleşme onuň daşary ýurt liderlerine gynanç bildirmek we haýyr-sahawat ýüklerini ibermek praktikasyna kölege salýar diýip, ýerli synçylar aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.