Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglyk ministrligi ahyrsoňy ilata ýüz maskalaryny geýmegi we sosial aralygy saklamagy maslahat berýär


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

12-nji iýulda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi maglumat ýaýradyp, her bir adamyň maska dakmagyny hem-de sosial aralygy saklamagyny maslahat berdi. Bu aralykda, paýtagtda we welaýatlarda häkimiýetleriň ilatdan ýüz maskalaryny geýmek barada edýän talaplary güýçlendi.

Saglyk ministrligi adamlara ýüz maskalaryny dakmak boýunça berýän maslahatyny “howanyň düzüminde tozanyň agdyklyk etmegi hem-de tozan bölejikleri arkaly döräp biläýjek dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen” diýip düşündirdi, täze koronawirusy agzamady. Şol bir wagtyň özünde ministrlik adamlaryň arasynda azyndan 1 metr sosial aralygyň saklanmagyny maslahat berdi.

Saglyk ministrliginiň bu rekomendasiýasy 6 aýdan gowrak wagt bäri dünýäde koronawirus pandemiýasynyň dowam edýän wagtyna hem-de Bütindünýä saglyk guramasynyň COVID-19 missiýasynyň Türkmenistana sapar edýän wagtyna gabat geldi.

Ýarym resmi orient.tm neşiriniň habar bermegine görä, halkara saglyk bilermenleri şu wagta çenli paýtagt Aşgabatda we Lebap welaýatynda käbir lukmançylyk edaralaryna baryp gördüler. Topar 13-nji iýulda Balkan welaýatyna sapar edýär.

Neşiriň maglumatyna görä, topar Türkmenistanda geçiren işleriniň netijelerini 15-nji iýulda yglan eder.

Maska gytçylygy

Saglyk ministrligi ýüz maskalaryny geýmek barada maslahat berýän wagty, Türkmenistanyň käbir regionlarda maska gytçylygy emele geldi.

13-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda maskalaryň 10-13 manat aralygynda satylýandygy we hojalyklarda giň ýaýran maliýe ýetmezçiligi sebäpli bu düzgüniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeýändigini habar berdi.

“Mysal üçin, bir öýde bäş adam ýaşaýan bolsa, olar bäş adama bahasy 13 manatdan bir maska satyn alýar. Hojalygyň haýsy agzasy bazara ýa-da köçä iş bilen çyksa, şol bir maskany gezekleşip dakýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Aşgabatda häkimiýetleriň maska talaplary güýçlendi. Habarçymyz paýtagtda ýol polisiýasynyň sürüjisi ýa-da içindäki ýolagçylary maska dakynmadyk ulaglary şäher merkezine goýbermeýändigini habar berdi.

“Hususy dermanhanalarda maska ýok, döwlet dermanhanalarynda, meselem 1 belgili dermanhanada her adama 1-den maska satylýar. Maskanyň bahasy 1 manat” diýip, habarçy aýtdy we dermanhanalaryň öňünde maska satyn almak üçin uly nobatlaryň döreýändigini Aşgabatdan habar berdi. Aşgabatly ikinji habarçymyz 13-nji iýulda paýtagtyň “Altyn asyr” söwda merkezinde maskanyň 3,5 manatdan satylýandygyny, ony satyn almak üçin uly nobatyň dörändigini habar berdi.

Mary welaýatynda maskalaryň bahasy 10 manada geldi. Häkimiýetler welaýatyň käbir tikinçilik öýlerine her bir edara üçin belli bir möçberde maska tikmegi buýruk berdi. “Ýöne heniz hem köp adam maskasyz gezýär. Käbir adamlaryň özleri bintden ýa-da ak matadan maska tikýär, sebäbi maska elýeterli däl. Dermanhanalarda maska ýok, bazarlarda gizlin satylýar” diýip, 13-nji iýulda maryly habarçymyz welaýatdan habar berdi.

Dermanlar

Welaýatda maska gytçylygy bilen bir hatarda derman gytçylygy emele geldi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan bir dermanhana işgäri welaýatyň dermanhanalaryndaky dermanlaryň Aşgabada ugradylýandygyny aýtdy.

“Köp dermanlar paýtagta ugradylýar we welaýata döwlet tarapyndan goýberilen dermanlar berilmedi. Bu dermanlar diňe paýtagtyň ýaşaýjylaryna berildi” diýip, dermanhanaçy aýtdy. Habarçynyň maglumatlaryna görä, bu talap hususy dermanhanalara-da bölekleýin degişli bolup, häkimiýetler oňa boýun bolmadyk hususy dermanhanalaryň ygtyýarnamasyny ýatyrmak haýbatyny atýar.

Maryly habarçy şu günler welaýatyň Ýokanç keselleri hassahanasyna hem-de etrap hassahanalaryna her gün onlarça adamyň ýokary beden gyzgynlygyndan şikaýat edip barýandygyny habar berdi.

Dümew, pnewmoniýa we täze koronawirus

“Olara ýiti grip ýa-da pnewmoniýa diagnozyny goýmaly, wirusy (COVID-19 – red.) agzamaly däl” diýip, habarçy aýtdy. Onuň maglumatlaryna görä hassahanalarda aradan çykýan näsaglaryň sany köpelýär, aradan çykýan adamlaryň jesetleri ýörite gaba saralyp, olaryň dogan-garyndaşlaryna gowşurylýar we olary jaýlamak adatlarynyň berjaý edilmegine rugsat berilmeýär.

Azatlygyň habarçysy saglyk işgärlerine salgylanyp, welaýatda lukmana ýüz tutýan bu näsaglaryň dem gysma we ýokary beden gyzgynlygyndan şikaýat edýändigini habar berdi.

“Adamlar wirus barada hiç zat bilmeýärler. Hökümet wirusy gizläp, ýalňyş ýoldan ýöreýär” diýip, bir lukman anonim şertde habarçymyz bilen gürrüňdeş boldy. Ol 30 ýaşly bir näsagyň wirusdan heläk bolandygyny habar berdi. Ýöne lukmanyň maglumatlaryna görä, häkimiýetler ölýän adamlar baradaky maglumatlara berk gözegçilik edýär hem-de olar saglyk işgärlerine hassahanalardan syzyp çykan islendik maglumat boýunça soraga çekmek haýbatyny atýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, aradan çykan adamlaryň we agyr hassalaryň hossarlarynyň ýüze çykan ýagdaý bilen bagly lukmanlary günäkärleýän pursatlaryna, olaryň keselhanada “goh turuzýan” wagtlaryna-da duş gelmek bolýar. Habarçy ýokanja ýolugan adamlaryň maliýe ýetmezçiligi sebäpli hassahanalarda zerur bejergi alyp bilmeýändigini sözüne goşdy.

Ölüm habarlary

Şol bir wagtyň özünde, koronawirus bilen ilteşikli ölüm habarlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. 13-nji iýulda lebaply habarçymyz regionda 61 we 59 ýaşly iki adamyň ölümi, olaryň ikisiniň-de COVID-19 barlaglarynyň oňyn netije görkezendigini habar berdi. “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Aşgabatda 3-nji iýulda COVID-19 alamatlary bilen hassahana ýerleşdirilen bir baş lukman aýalyň 5-nji iýulda pnewmoniýadan aradan çykandygyny habar berdi.

Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň ýaşulylary koronawirus bilen bagly ölümleriň köpelmegi bilen merhumlary soňky ýoluna ugratmak däplerine gatnaşmazlyk kararyna geldi. Bu karara görä, jynaza çärelerine merhumyň diňe ýakyn hossarlary we dogan-garyndaşlary gatnaşýar. Habarçymyz ýaşulylaryň bu gelen netijelerini adamlaryň köpçlülik ýerlerinde koronawirusyň aňsat ýaýramagy bilen düşündirýändiklerini habar berdi.

Emeldarlara-da koronawirus ýokuşýar

Lebaply habarçymyz regionda döwlet emeldarlarynyň arasynda koronawirusa ýolugan ýokary wezipeli adamlar barada habar berýär. “Farap etrabynyň häkimi Hasan Metkulyýew hem-de onuň orunbasarynyň koronawirus barlagy oňyn netije görkezdi. Olar karantinde. Koronawirus barlagy oňyn netije görkezen emeldarlaryň arasynda prokuratura işgärleri hem bar” diýip, habarçy aýtdy.

Ol barlykly adamlaryň Lebabyň Ýokanç keselleri hassahanasynda saklanýandygyny pes girdejili ýönekeý raýatlaryň Türkmenabadyň Şäher hassahanasynda bejergi alýandygyny we ol ýerde şertleriň ýaramazdygyny habar berdi.

Ol Lebapda BSG-nyň bilermenlerine harby çadyrlardaky karantin şertleriniň görkezilmändigini sözüne goşdy.

Lebaply ikinji habarçymyz 14-nji iýuldan başlap, Türkmenabadyň köp ugurly hassahanasynyň hem karantin üçin ýapylýandygyny, munuň bilen şäherde jemi üç hassahananyň karantine alnandygyny habar berdi. Habarçynyň maglumatlaryna görä, regionda Darganata etraby häzirki wagtda koronawirus näsaglarynyň sany boýunça öňde barýar.

Resmi taýdan tassyklanmadyk COVID-19 wakalary

Ýöne türkmen häkimiýetleri şu wagta çenli ýurtda resmi taýdan tassyk bolan COVID-19 wakalary barada habar bermän gelýär.

12-nji iýulda Google saýtynyň dünýä boýunça koronawirus statistikalaryna bagyşlanan bölüminiň Türkmenistana bagyşlanan sahypasynda ýurtda resmi taýdan tassyklanan 100 COVID-19 wakasy barada maglumat peýda boldy.

Dünýä boýunça COVID-19 wakalaryny yzarlaýan Jons Hopkins uniwersitetine görä, Türkmenistan şu wagta çenli resmi taýdan tassyklanan COVID-19 näsagyny hasaba almady.

Şu aralykda, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media giňişliginde maska dakmak, sosial aralygy saklamak we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünini berjaý etmek ýaly keseliň öňüni alyş çäreleri boýunça düşündiriş işleri ýygjamlaşdy. Ýöne türkmen dilli Twitter ulanyjylarynyň ençemesi bu çäreleri girizmekde Türkmenistanyň gijä galandygyny aýdýarlar.

“Altyn asyr” bazary (öňki Jygyllyk) dezinfeksiýa edilýär

Galyberse-de, 13-nji iýulda ýarym resmi turkmenportal.com neşiri Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän ýurduň iň uly “Altyn asyr” bazarynyň arassaçylyk we dezinfeksiýa işleri üçin duşenbe güni ýapylýandygyny habar berdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji iýulda Aşgabadyň bir lomaý-söwda bazarynyň hem-de “Berkarar” söwda we dynç alyş merkeziniň ýapylandygyny, “Berkararda” diňe azyk harytlary satylýan “Kämil” söwda merkeziniň öz işine dowam edýändigini, galyberse-de şäher boýunça tas ähli restoranlaryň we kafeleriň ýapylandygyny habar berdi. Şeýle-de ol, duşenbe güni Aşgabadyň köçelerinde ýol polisiýasynyň sürüjilere 1 manatdan maska satýandygyny, maskasyz sürüjilere 150 manat jerime salynýandygyny habar berdi.

Beýleki tarapdan, saglyk ministrliginiň ýüz maskalary barada berýän maslahatyna garamazdan, döwlet gözegçiligindäki “Watan” habarlary gepleşigi öz wideo reportažlarynda maskasyz adamlary hem-de sosial aralygy saklamak düzgünleri berjaý edilmän geçirilýän köpçülik çärelerini görkezmäge dowam edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG