Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marydaky wirus dermanlary Aşgabada iberilýär. Lebapda hassalaryň sany köpelýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

BSG missiýasy Lebap hassahanalaryny görüp gidenden soň, şäherdäki hassalaryň sany köpeldi; Marydaky dermanhanalar wirusa garşy dermanlary Aşgabat şäherine iberýär. Bu barada 11-nji iýulda Azatlyk radiosynyň paýtagtdaky we Türkmenistanyň sebitlerindäki habarçylary we çeşmeleri habar berdi.

Türkmenistanda ýüz maskalaryny geýmek hökmany talaba aýlandy we resmi taýdan ýeke koronowirus hadysasyny hem hasaba almandygyny aýdýan ýurtda, barha ýokarlanýandygy aýdylýan pandemiýa dowlunyň çäginde, ýokanç kesele garşy serişdeleriň ählisiniň paýtagt Aşgabada iberilmeli edilendigi habar berilýär.

Aşgabatdaky ýol gözegçilik polisiýasy bolsa, sürüjileri saklap, olaryň ýüz maskasyny geýmeklerini talap etmäge başlady.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy BSG-nyň missiýasynyň Lebapdaky işini tamamlap, Aşgabada gidendigini, “üýtgeşik zat bolmandygyny”, Lebap welaýatynda COVID 19 hasaba alynmady” diýen netijä gelendigini habar berdi.

Şeýle-de ol maşgala lukmanlarynyň näsaglary öýlerinde karantin astynda, gizläp saklandygyny aýdýar.

“9-njy iýul gijesi birnäçe maşgala lukmany COVID-19 ýokuşmasynda güman edilenleri şäher hassahanasyna ýerleşdirdi. BSG hünärmenleri gidensoň, şäher hassahanasyndaky näsaglaryň sany birnäçe esse artdy” diýip, Lebapdaky habarçymyz ýazdy.

Onuň sözlerine görä, 9-njy iýulda koronawirus barlagynda oňyn netije görkezen rus aýaly, 1951-nji ýylda doglan raýat aradan çykdy.

“Ol gyzgyny galyp, demi gysyp, hassahana ýerleşdirilipdir” diýip, habarçy aýtdy.

Şäher hassahanasynda karantin düzgünleri pugtalandyryldy, ozal onuň diňe birinji gatynda näsag bolan bolsa, indi 2-nji we 3-nji gatlarynda hem näsaglary ýerleşdirýärler, pandemiýany kontrol astynda saklamak barha kynlaşýana meňzeýär” diýip, habarçy polisiýa işgärleriniň ählisiniň ýüz maskalaryny geýýändigini, hatda 01 nokadyndaky polisiýa esgerleriniň hem maskalydygyny, ozal gadagan edilen ýüz maskasynyň indi Türkmenistanda hem kadaly gorag serişdesine aýlanjakdygyny belledi.

Bu maglumaty Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy hem tassyklady.

“Hemmeleri maska geýmäge mejbur edýärler, birinji günden başlap ähli edarada maska geýilmeli edildi, emma maskalary nireden almalydygy, olaryň satuwda bardygy ýa ýokdugy hiç kimi gyzyklandyrmaýar” diýip, Azatlygyň habarçysy Baýramalydan habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Baýramalynyň bazarynda maskanyň “gara bazary” döredi we bu ýerde bir ýüz maskasyny 15 manatdan satyp başladylar.

“Adamlaryň her gün täze maska satyn almaga ýagdaýy ýok. Käbirleri öýlerinde maska tikinmäge başlady. Emma barybir köp adam maskasyz gezýär” diýip, habarçy aýtdy.

Şol bir wagtda ýaşaýjylary maska ýetmezçiliginden başga bir ýagdaý has uly alada goýýana meňzeýär.

Azatlyga gelip gowşan maglumata görä, Mary sebitinde wirusa garşy ulanyp boljak derman serişdeleriniň ählisini, antibiotikleri paýtagt Aşgabada ugratmak barada dilden buýruk berildi.

Habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen dermanhana işgäriniň tassyklamagyna görä, bu buýruk ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan berildi.

“Hatda kommersiýa dermanhanalary hem özlerinde bolan dermanlary Aşgabada ibermeli, dermanhana eýelerine, buýruga boýun bolmasalar, ygtyýarnamalaryndan mahrum edilmek haýbaty atylýar” diýip, radio bilen gürleşen dermanhanaçy aýtdy.

Onuň pikiriçe, bu aýylganç diskriminasiýa bolup, tutuş Mary sebitiniň ilatyny aýylganç ýokanç keseliň öňünde goragsyz ýagdaýda goýýar.

Azatlyk ýurduň Saglyk ministrligi bilen habarlaşyp, bu maglumatyň anygyna ýetmäge çalyşýar, ýöne häzirlikçe bu synanyşyk netije bermeýär. Şeýle-de, häzirlikçe beýle buýrugyň beýleki sebitleriň dermanhanalaryna berlendigi ýa-da däldigi anyklanmady.

Türkmen häkimiýetleri Azatlyk radiosynyň bu hili maglumatlary tassyklatmak ýa inkär etdirmek synanyşyklaryna jogap bermeýärler we ýurtda hiç bir koronawirus hadysasynyň hasaba alynmandygyny aýtmaklaryny dowam etdirýärler.

Şu aralykda, Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi we Türkmenbaşydaky konsullyk bölümi gelýän adamlary şahsy kabul etmegi bes edýändigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG