BSG-niň COVID-19 boýunça missiýasynyň Türkmenistana sapar edýän wekilleri Türkmenabadyň hassahanalaryna baryp gördüler. Emma ýerli habarçylarymyzyň we çeşmelerimiziň sözlerine görä, daşary ýurt wekileri diňe ýerli häkimiýetleriň we saglyk işgärleriniň görkezen ýerlerini görüp bilipdir.
8-nji iýulda BSG-niň wekilleri Türkmenabadyň täze köpugurly klinikasyna, şeýle hem şäher ýokanç keseller hassahanasyna barypdyr. Azatlygyň çeşmelerine görä, bu saglyk edaralarynda pnewmoniýa we COVID-19 bilen kesellän näsaglar daşary ýurt wekillerine görkezilmändir.
"Köp ugurly klinikada ähli reanimasiýa hassalar adaty palatalara geçirildi, BSG esasan reanimasiýany barlady. Olar köpugurly keselhanadan çykanlaryndan soň näsaglary ýene reanimasiýa bölümine geçirdiler. Şeýle hem rentgen kabinetiň öňünde uly nobat bardy, ony hem öňünden ýok etdiler we rentgen kabineti bölekleýin ýapdylar" diýip, çeşmämiz aýtdy.
Habarçylarymyza görä, BSG-niň wekilleriniň Türkmenabadyň keselhanalaryna barmagyndan ozal, şol ýerde ýatan hassalaryň sanyny hem azaltmak boýunça çäreler görülipdir.
"BSG-niň sapar eden ähli ýerlerinde mümkin boldugyça az hassany görkezmäge synanyşýarlar. Sapardan iki gün öň köpugurly keselhanada hassalary kabul etmegi bes etdiler we diňe aşa agyr hassalar kabul edildi" diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy 9-njy iýulda habar berdi.
Onuň sözlerine görä, hassalaryň bir ýerden başgasyna geçirilmegi şäheriň beýleki keselhanalarynda hem bolupdyr: "Günüň ikinji ýarymynda BSG-niň wekilleri ýokanç keseller hassahanasynda boldy. Ol ýere öňünden çagalar hassahanasyndan çagalary alyp bardylar, ol ýerde öňküsi ýaly çagalaryň bardygyny we karantiniň ýokdugyny görkezmek üçin" diýip habarçymyz 9-njy iýulda aýtdy.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanda saparda ýören BSG-niň wekilleri bilen entek gepleşip bilmedi.
Üstesine, habarçylarymyz BSG-niň resmileriniň şäheriň içinde hereket etmegi sebäpli ýerli häkimiýetleriň ilatyň köp üýşýän ýerlerine gözegçiligi güýçlendirendigini we bazarlary ýapýandygyny habar berýärler.
"Günüň ikinji ýarymynda gök bazaryň ýapylmagyna garaşylýar, sebäbi golaýdaky köprüden BSG-niň missiýasy Farap gümrükhanasyna geçip gitmeli" diýip, habarçymyz 9-njy iýulda irden habar berdi.
Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçylarymyz COVID-19 keseliniň alamatlary bilen kesellänlere degişli täze ýagdaýlar barada habar berdiler.
"Respublikan aýdym-saz mekdebinde üç mugallym keselledi. Biri pnewmoniýadan ýogaldy. Ol 63 ýaşyndady" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 9-njy iýulda habar berdi. Şeýle-de ol, mugallymlaryň we okuwçylaryň keselländigi sebäpli paýtagtdaky tans mekdebiniň ýapylýandygyny habar berýär.
BSG-niň missiýasynyň ýurda baran ilkinji gününden başlap Türkmenistanyň häkimiýetleri ilata maska geýmek talabyny girizdi. Jemgyýetçilik transportynyň sürüjileri, taksi sürüjileri, köçelerdäki polisiýa we bazarlarda hem dükanlarda satyjylar tizden-tiz maska geýmeli edildi.
Ondan öň iş ýerlerinde maska geýmek talaby soňky aýda diňe saglyk işgärlerine we käbir döwlet edaralarynyň işgärlerine degişli bolupdy.
Sürüjileriň sözlerine görä, häzir bu talabyň ýerine ýetirilişine güýçli gözegçilik edilýär.
"Awtobus sürüjileri maska geýmäge mejbur edilýär. Hiç kime maskasyz ýola çykmaga rugsat berilmejekdigini duýdurdylar. Döwlet taksi sürüjilerine hem maskasyz işe çykmaly däldigi aýdyldy" - diýip, habarçymyz sürüjilere salgylanyp habar berýär.
Maskalary adaty ýaşaýjylar hem dakýarlar. Aşgabadyň köçelerinde maskaly adam köpelýär. Emma adamlaryň köp üýşýän ýerlerinde maskaly adam az bolýar.
Habarçymyz şu günler bankomatlaryň öňünde puluny nagtlaşdyrmak tamasy bilen baran adamlaryň uly nobatlaryndaky ýagdaý barada şeýle gürrüň berýär: "Ägirt uly nobatlar bankomatlaryň öňünde. Meniň çaklamama görä, nobatda bir-birine gysylyp duran adamlaryň 90 prosenti maskasyz".
Şu günler Maryda ilatyň maska dakynmak meselesine garaýşy gapma-garşy.
"Şu günki gün ýol gözegçilik polisiýasy, awtobus sürüjileri, saglyk işgärleri maskaly, emma adaty raýatlar maska dakynmaýalar. Ýaşaýjylar näme etjegini bilmeýärler, sebäbi geçen hepdede maska dakynmak gadagandy, indi bolsa birden rugsat berildi. Resmiler halka oýnaýarlar" diýip, Mary welaýatyndaky habarçymyz aýdýar.
Garaşsyz “turkmen.news” neşiriniň habaryna görä, Daşoguz şäherinde köpçülik ýerlerinde we ulaglarda maska geýýänleriň sany köpelipdir, emma regionda antiseptikler ýetmezçilik edýär.
Şu günler ýurtda maskalaryň ýetmezçiligi hem duýulýar. Dermanhanalarda maskalar bir satuwda peýda bolýar, bir ýitýär. Elden satylýan maskalarynyň bahasy ortaça 5-15 manat.
Lebap welaýatynda lukmanlar maskalaryň we ellikleriň ýetmezçiligi barada aýdýarlar.
"Keselhanalarda maskalar we ellikler zyňylmaýar, ýöne gipohlorid ergini bilen bejerilýär we gaýtadan ulanylýar. Lukmanlaryň sözlerine görä, maskalar we ellikler ýeterlik däl, käwagt olary öz hasabyna satyn almaga mejbur bolýarlar. Ellikleriň bahasy ortaça 15 manat. Dermanhanalarda maska ýok. Hassahanalara maska bermeýärler. Indi hassalardan dermanlar bilen birlikde ellik we maska getirmegi hem talap edýärler. Maska we ellik getirmedik hassalalardan ortaça 20 manat tölemegi soraýalar" diýip, Lebap welaýatyndaky habarçymyz aýdýar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri öz territoriýasynda koronawirusy inkär edip, global pandemiýanyň başyndan bäri ilata maska geýmegi, dermanhanalara bolsa olary ilata satmagy gadagan edipdiler. Dilden edilen bu gadaganlyk sebäpli köpçülik ýerlerde maska geýen adamlar jerimä duçar boldular. Mundan başga-da, häkimiýetler lukmanlara koronawirus barada geplemegi, ilata bu keseli agzamagy we mekdep okuwçylaryna özlerini erbet duýmakdan zeýrenmegi gadagan etdiler.
8-nji iýulda agşam Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi ilkinji gezek global koronawirus pandemiýasyny agzady. "Watan" gepleşiginde Türkmenistanyň COVID-19 keseliň ýaýramagynyň öňüni almakda üstünlikli çemeleşýändigi, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygy aýdyldy.
Şol gün, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi resmi beýanat çap edip, COVID-19-yň ýurda aralaşmagynyň ähtimallygyny gytaklaýyn belledi. Resmi beýannamada BSG-niň Baş müdirine halkara alymlary tarapyndan ýazylan we uzak wagtlap howada saklanýan kiçijik aerozol damjalary arkaly täze koronawirusyň ýaýramagynyň mümkindigini tassyklaýan ylmy gözlegleriň netijeleri barada açyk hatyna salgylanyp, Türkmenistanyň hem bu ylmy netijeleri goldaýandygy aýdyldy.
"Adam saglygy üçin howply jisimleriň, şol sanda wiruslaryň howa akymlary bilen Merkezi Aziýanyň duýgur ekologiki gurşawynda bir ýerde başga ýere geçip biljegini" türkmen alymlarynyň hem tassyklaýandygy DIM-niň resmi magumatynda bellendi.
Bu aralykda Fransiýanyň gurluşyk kompaniýasy Bouygues Aşgabatdan Türkiýä daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärlerini we beýleki daşary ýurtlylary alyp gitmek üçin çarter uçuşyny guraýar. Turkmen.news neşriniň habaryna görä, uçaryň anna güni, 10-njy iýulda Türkiýä ugramagy planlaşdyrylýar. Uçarda 150 adamyň gitmegine, şol sanda 7-8-nji iýul gijesinde Aşgabatda aradan çykan Türkiýäniň ilçihanasynyň dini geňeşçisi Kemal Uçkunyň öz ýurduna äkidilmegine garaşylýar.
Gyzzyrma, dem gysma bilen 27-nji iýunda Aşgabadyň kardiologiýa merkezine düşen türk diplomaty, şol ýerde birnäçe günden soň aradan çykdy. Onuň pnewmoniýadan ýogalandygy aýdyldy.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda bir aý wagt bäri möwç alýan pnewmoniýany hem agzamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.