Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýeralma talabyny gaýtalaýar, synçylar ýagdaýyň agyrlaşýandygyny duýdurýarlar


Eli ýuka maşgalalar zaýa, ownuk ýeralamalary arzan alyp bilýärler. Aşgabadyň Jennet bazary, fewral, 2020.
Eli ýuka maşgalalar zaýa, ownuk ýeralamalary arzan alyp bilýärler. Aşgabadyň Jennet bazary, fewral, 2020.

Berdimuhamedowyň 2019-nji ýylda döwletiň önüm satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak, daýhanlara uzak möhletli we has kän ýer, ýeňillikli karz bermek hakynda eden teklipleri ýagdaýy üýtgedene meňzemeýär.

Türkmenistanyň hökümet maslahatlarynda ýeralma sözi barha kän agzalýar, şol bir wagtda-da ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigi, daşary ýurtlara eksport edilýän oba hojalyk önümleriniň möçberiniň artýandygy habar berilýär.

Emma muňa garamazdan, synçylar türkmen ýolbaşçylarynyň ýurduň ykdysadyýetini ýakyn taryhynda iň agyr ýagdaýa salan energiýa arzanlamasy wagtynda hem oba hojalygyny dikeltmäge gyssanmaýandyklaryny aýdýarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy maýda geçiren iş maslahatynda häkimlerden ýene we ýene ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi berk talap etdi.


Bu talaby ýerine ýetirmek üçin, döwlet baştutanynyň on ýyldan gowrak wagt bäri gaýtalamagyna görä, "agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmeli", ýagny ekini wagtynda ekmeli, wagtynda suwarmaly, wagtynda dökün bermeli, wagtynda ideg etmeli we wagtynda hem hasyly ýygnap almaly.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda oba hojalyk ýolbaşçylary-da, daýhanlar-da şu ýönekeý talaby ödemeýärler, ýurduň bazarlary indi on ýyldan gowrak wagt bäri daşary ýurtlaryň oba hojalyk önümlerine garaşly bolup galýar. Ýogsa prezident importy azaldyp, eksportyň möçberini artdyrmagy yzygiderli talap edýär, daýhanlar üçin ähli şertiň döredilendigini tekrarlaýar.

Iň täze maglumatlara görä, Aşgabat şu ýylyň başyndan bäri Orsýetiň Dagystan respublikasyndan, ýer we tebigy şertleri Türkmenistandakydan has çylşyrymly bolan ýurtdan 4 277 tonna azyklyk kartoşka, ýeralma import etdi. Bu barada hökümetçi "Türkmenportal" neşiri habar berýär.


Mundan öňki ýyllarda Türkmenistanyň Owganystandan, Eýrandan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan, şol sanda özi ýaly geçiş ýurtlary bolan öňki sowet respublikalaryndan hem ýeralma, sogan, pomidor ýaly önümleri, azyklyk bugdaýy, ýag öndürmek üçin pagta çigidini hem import edýändigi habar berildi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän daýhanlaryň, oba hojalyk hünärmenleriniň köpüsiniň tassyklamagyna görä, prezidentiň oba hojalygy barada on üç ýyl bäri gaýtalaýan sözleri hakykatda Saparmyrat Nyýazow döwründe başlanan oba krizisiniň barha çuňlaşmagyna, şol sanda işsizligiň görülmedik derejede ösmegine we ýiti azyk gytçylygynyň kadaly bir zada öwrülmegine alyp geldi.

Berdimuhamedowyň 2019-nji ýylda döwletiň önüm satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak, daýhanlara uzak möhletli we has kän ýer, ýeňillikli karz bermek hakynda eden teklipleri ýagdaýy üýtgedene meňzemeýär.


Geçen ýylyň dowamynda Azatlyk bilen söhbetdeş bolan daýhanlar suw, dökün, tehnika problemalarynyň öňküsi ýaly çylşyrymly bolmagynda galandygyny, daýanlara wada berlen erkinlikleriň ýokdugyny, ýyl boýy maşgalasy bilen meýdanda işlän adamlaryň köplenç bergili çykmazlyk barada alada edýändiklerini gürrüň berdiler.

Ozalky suw inženeri Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, Türkmenistan nebit-gaz bahalary görnetin aşak gaçanyndan soňam, esaslandyrylmadyk gurluşyklary togtadyp, oba hojalygyny, suw desgalaryny dikeltmek boýunça anyk çäreleri görmegi başarmady.

Şeýle-de ol, regionlarda gopan harasatdan soň, hökümet başlygy gazdan alýan girdejisi kän esse kemeljek ýurdy azyk bilen üpjün etjek adamlary gaýtadan işe höweslendirmekden geçen, olara iki agyz ýolbaşçy sözüni aýtmaga hem taýýar däldigini görkezdi diýdi.

Synçylaryň käbiri has aňry gidip, türkmen ýolbaşçylarynyň häzirki çylşyrymly pursatda hem "öz jübüsinden aňryny görmäge" ukypsyzdygyny öňe sürýär.

"Gündogar" habar saýtynyň redaktory Baýram Şyhmyradowyň pikiriçe, hatda gazyň iň gowy bahalardan satylan ýyllarynda hem, ondan alnan girdejiler türkmen ykdysadyýetiniň berkemegine hyzmat etdirilmedi.

"Serişdeleri adam kapitalyny ösdürmäge, zähmetiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, goşmaça gymmaty döretmek we iň bolmanda iň ýönekeý harytlar bilen özüňi üpjün etmek üçin oba hojalygyny, senagatyň gelejegi bolan ugurlaryny oýlanyşykly döwrebaplaşdyrmaga derek, türkmen diktatorlary ýyllap gazdan gelen girdejileri azyk importyna, peýdasyz gurluşyklara harçladylar, özlerini we ýolugryna birnäçe daşary ýurt kompaniýasyny baýatdylar" diýip, B.Şyhmyradow "Ykdysady krisiz – Türkmenistanda näme bolar?" diýen synynda ýazýar.

Onuň pikiriçe, Berdimuhamedow häkimiýeti elde saklajak bolup, ýagdaýy has-da agyrlaşdyrýandygyna düşünmeýär.

Emma muňa garamazdan, türkmen metbugatynda ykdysady krizis sözi asla agzalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG