Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident taslamalar bilen tanyşdy, "Deutsche Bank" hyzmatdaşlygy giňeldýär, polisiýa nobatlary dargadýar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy. TDH-nyň suraty
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy. TDH-nyň suraty

Türkmenistanda her ýylda millardlarça dollar halk serişdesine durýan gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi iň ýokary derejelerde goldanylýan pul ýuwuşlyk barada aşaklykdan berilýän soraglary köpeldýär.

Türkmenistanda ilatyň azyk, maliýe kösençlikleriniň dowam etmeginiň fonunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşmagyny dowam etdirýär, Aşgabadyň daşary ýurt banklaryndaky serişdeleriniň töweregindäki gizlinlik saklanyp galýar.

Şu gün irden gelen maglumata görä, paýtagtdaky azyk dükanlarynyň işiginde polisiýa işgärleri dur we olar has ir gelip, nobata durýan adamlary kowýarlar. Hroniki azyk ýetmezçiligi adamlary aladaňdan gelip, nobata durmaga mejbur edýär. Hälkimiýetler indi azyk almak üçin nobata durmaga ir sagat sekizden öň gelmegi gadagan etdiler diýip, habarçy aýtdy.


Bu habar prezidentiň 27-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň diwanynyň, Maslahatlar merkeziniň, Türkmenistanyň Kabul ediş merkeziniň, "Arkadag" myhmanhanasynyň dürli görnüşlerini özünde jemleýän taslamalar we çyzgylar, Maslahat köşgüniň bölekleýin durkuny täzelemek baradaky taslamalar bilen tanyşmagynyň yz ýanyndan geldi.

Şu aralykda TDH Merkezi bankyň ýolbaşçylarynyň "Deutsche Bank AG" bankynyň Merkezi we Gündogar Ýewropa boýunça baş ýerine ýetiriji direktory Ýorg Bongarts bilen geçirilýän onlaýn duşuşyklarynda "köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşýandygyny" habar berdi.


Neşiriň ýazmagyna görä, Ýewropanyň maliýe toparlary Berdimuhamedowyň milli maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmek üçin görýän çärelerine ýokary baha berýärler.

Emma muňa garamazdan, hünärmenler gürrüňi edilýän bank bilen türkmen hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda ýeterlik aýdyňlygyň ýokdugyny we bu ýagdaýyň köp sorag döredýändigini belleýärler.

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň başky ýyllarynda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazow gazdan gelen milliardlarça dollar girdejiniň belli bir bölegini, ätiýaçlyk üçin, daşary ýurt bankynda goýandygyny aýdypdy.

Londonda ýerleşýän "Global Witness" toparynyň 2006-njy ýylda çykaran hasabatynda aýdylmagyna görä, S.Nyýazow daşary ýurt banklarynda 3 milliard dollardan gowrak pul saklapdyr.


Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň analitigi Brýus Panniýer 2016-njy ýylda bu meseläni öwrenip, türkmen serişdeleriniň 2 milliard dollar çemesiniň Germaniýanyň "Deutsche Bank" atly bankyndaky Walýuta alyş-çalyş ätiýaçlyk gaznasynda saklanýana meňzeýändigni öňe sürdi.

"Deutsche Bank" türkmen lideri bilen eden gümürtik hyzmatdaşlygy sebäpli öz adyny tämizlemek tagallalarynyň çäginde, 2007-nji ýylda Nyýazowyň Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Germaniýadaky bank hasaplaryna şahsy kontrollygynyň ýokdugyny ynandyrmaga çalyşdy.

Emma bu söz Hudaýberdi Orazow tarapyndan ýalana çykaryldy.

Merkezi bankyň ozalky başlygy "Emerging Markets" neşirine öz gol çeken bank amallary üçin Nyýazowdan ýazmaça rugsat almaly bolandygyny gürrüň berdi.

Türkmenistanda häkimiýet çalşandan soň hem, Merkezi bankda Nyýazow döwründe bolan zatlar, ol ýa-da beýleki jenaýatda aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen ozalky emeldarlar, ýurduň maliýe serişdeleriniň ýagdaýy, olaryň harçlanyşy barada ilata açyk maglumat bermek zerur hasaplanmady.

Şol bir wagtda, ýurtda her ýylda millardlarça dollar halk serişdesine durýan gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi iň ýokary derejelerde goldanylýan pul ýuwuşlyk barada aşaklykdan berilýän soraglary köpeltdi.

Şeýle-de, B.Panniýeriň "Global Witness" neşiriniň maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, 2009-njy ýyl töwereklerinde halkara maliýe guramalary Türkmenistanyň ätiýaçlyk gorlaryny 20 milliard dollar diýip çaklapdyr.

2014-nji ýyldaky hasabatynda aýdylmagyna görä, "Global Witness bu puluň 75 prosentiniň henize-bu güne çenli hem býujete degişli däl ýagdaýda, Walýuta alyş-çalyş ätiýaçlyk gaznasynda saklanylýandygyna ynanýar".


Azatlygyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, gazdan gelýän girdejiniň 20 prosenti döwlet býujetine berilýär, galan 80 prosenti bolsa Durnuklylyk gaznasyna gidýär. Emma resmi Aşgabat bu ýagdaý barada aýdylýanlary ne tassyklamak, ne-de ret etmek bilen, diňe soraglary köpeldýär.

Bu soraglar 2018-nji ýylyň tomsunda, "The Economist" neşiri Türkmenistanyň işsizlik, aýlyklaryň azlygy sebäpli ýurdy terk edýän raýatlaryny ýoldan saklamaga edýän synanyşyklary barada makala çap edip, bu ýurduň german banklarynda 23 milliard dollar çemesi pulunyň bardygyny, emma ol serişdeleriň kimiň adyna goýlandygynyň aýdylmaýandygyny habar berende, ýene bir gezek özüni ýatlatdy.

Emma muňa garamazdan, koronawirus pandemiýasy, energiýa nyrhlarynyň görülmedik derejede aşaklamagy, türkmen ykdysadyýetiniň öňünde duran kynçylyklar, gurluşyk taslamalaryna gaýtadan seretmek zerurlygy, azyk howpsuzlygy we ilatyň abadançylygy bilen bagly meseleler umumy sözlerde tassyklansa-da, türkmen hökümeti entek-entekler daşary ýurt banklarynda saklanylýan serişdeler hakynda açyk hasabat berjege-de, gurluşyk taslamalaryna gaýtadan nazar aýlajaga-da meňzemeýär diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG