Aşgabatda belli şoumen ýigit, gomeseksuallykda aýyplanyp, tussag edildi diýip, turkmen.news neşiri maglumat berýär. Neşir diňe inisallary bilen tanyşdyrylan bu ýigit bilen bagly wakanyň martyň ortalarynda ýüze çykandygyny we bu maglumaty özüniň ençeme çeşmesine tassyklatmagy başarandygyny aýdýar.
Geçen hepde Azatlyga hem Aşgabatda belli alyp baryjy bir ýigidiň gomeseksuallykda aýyplanyp saklanandygy barada maglumat gowuşypdy. Onda gürrüňi gidýän ýigidiň ady görkezilse-de, Azatlyk bu maglumaty öz çeşmeleri arkaly tassykladyp bilmedi.
Şu ýerde, Türkmenistanyň gomoseksual gatnaşyklary jenaýat hasaplaýan ýurtlaryň hatarynda bolmagynda galýandygyny bellemelidiris. Ýurduň Jenaýat kodeksiniň, halkara hukuk goraýjy toparlary tarapyndan tankytlanýan, 135-nji maddasy “Beçebazlyk” boýunça iki ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.
Turkmen.news ol ýigit bilen birlikde başga-da ona golaý adamyň, şol sanda ýurduň şou-biznes we modellik pudagyndaky ady belli şahsyýetleriň hem tutulandygyny, soňy bilen olaryň käbiriniň para berip çykandygyny hem belleýär. Etiki sebäplere görä, neşir olaryň şahsyýetlerini aýan etmekden saklandy.
Häzir ol we başga-da tussag edilen birnäçe adam boýunça derňew işi dowam edýär, ýakyn günlerde olaryň sud diňlenişigi hem geçirilmeli diýip, turkmen.news maglumat berýär.
Tussag edilenleriň aklawçysynyň bardygy, emma ony aýyplanýanlary gorap çykyş etmäge razy etmegiň juda kyn bolandygy hem nygtalýar. Aýdylmagyna görä, aklawçylar “Beçebazlyk” aýyplamasy boýunça sud edilýänlere çykaryljak hökümiň eýýäm öňünden bellidigi, şeýle-de kärdeşleriniň özlerine kese garap bilmek howatyrlary sebäpli, bu işleri almakdan ýüz öwürýärler.
Durmuşyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda LGBT baradaky maglumat hem örän az. Türkmenistan Demirgazyk Koreýanyň derejesinde durýan dünýädäki iň ýapyk ýurtlaryň biri. Türkmenistanda gomoseksuallykda şübhelenýänleriň hukuk goraýjy organlar tarapyndan basyşlara we gynamalara sezewar edilýändigi barada hem maglumatlar gowuşýar.
2019-njy ýylyň oktýabrynda 24 ýaşly wraç-kardiolog Kasymberdi Garaýew Azatlyga anonim ýagdaýda interwýu berip, özüniň jynsy ugry sebäpli duçar bolýan kynçylyklary barada gürrüň beripdi. Munuň yzýany ol polisiýanyň edarasyna çagyryldy we ýitirim boldy. Azatlyk tutulan ýagdaýymda aýan bolsun diýip, Kasymberdiniň öňünden ýazgy eden wideosyny köpçülige ýaýratdy. Halkara hukuk toparlarynyň we syýasatçylaryň kampaniýalaryndan soň, Kasymberdiniň öýündedigini tassyklatmak başartdy.
Bu wakadan soň, türkmen resmileri medisina işgärleriniň arasyndan LGBT wekillerini “aýan etmek” boýunça kampaniýa hem geçirdiler.
Şu aýyň başynda Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy WIÇ-infeksiýasy bilen kesellän 23 ýaşly Maksat (ady üýtgedildi) atly gomoseksual bir ýigidiň, Türkmenistandaky duçar bolan gynamalary we kemsitmeleri sebäpli ýurdy terk etmäge mejbur bolandygy, onuň bu ugurda başdan geçiren kynçylyklary barada hem maglumat çap etdi.
Şeýle-de, geçen hepde soňy LGBT hukuklaryny goraýjy “Gyrgyz Indigo” topary, anyk adam ykballarynyň mysalynda, Türkmenistandaky LGBT wekilleriniň duçar bolýan meseleleri barada hasabat çap etdi.
Onda Türkmenistandaky LGBT wekilleriniň jenaýat yzarlamalary sebäpli, gizlenip ýaşamaly bolýandyklary, şeýle-de üsti açylan halatynda olaryň ýurduň edaralary tarapyndan ýanamalara sezewar edilýändigi we kanun goraýjylaryň berk gözegçiligi astynda saklanýandygy bellenilýär.
Toparyň maglumatynda aýdylmagyna görä, soňky döwür Türkmenistanda LGBT wekilleri duýdansyz ýagdaýda ýitirim bolup başlapdyrlar. 2019-njy ýyldan bäri Aşgabatda azyndan 20 ýigit tussag edilipdir. Olaryň nirede saklanýandygy diňe tussaglaryň ene-atlaryna aýdylýar. Eger-de ene-ata çagasynyň jynsy ugruny bilip, ondan ýüz öwürse, onda tussagyň ykbaly barada maglumat hem kesilýär diýip, “Gyrgyz Indigo” toparynyň 10-njy aprelde çap eden hasabatynda aýdylýar.
Maglumata görä, türkmen polisiýasy geýleri adaty düzgün boýunça “awlaýarlar”. Olary saýtyň ýa-da telefon üsti bilen duşuşyga çagyryp tutýarlar. Ýöne adatça jenaýat işini açman, ondan pul gazanyp başlaýarlar hem täze adamlary tutmak üçin, ony girewde saklaýarlar. Adatça polisiýanyň eline düşen geýleri ýalan haýbat bilen şantaž edip, onuň puluny iýýärler.
Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, Türkmenistan gomoseksual gatnaşyklary jenaýat hasaplaýan ýurtlaryň hatarynda bolmagyna galýar. Dünýäde şeýle döwletler 60 töweregi bolup, olaryň sany gitdigiçe azalýar.