Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geteralar territoriýasy: türkmen geýleri yzarlanmadan nähili gaçýarlar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet tugunyň öňünde
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet tugunyň öňünde

Türkmenistandan bolan 23 ýaşly geý Maksat (ady üýtgedildi) Orsýetde okaýardy. Şol ýerde hem oňa WIÇ-infeksiýasy ýokuşdy. Onuň deportasiýa edilmegine garaşyp durmazdan, okuwdan çykaryp, öz ýurduna ugratdylar, sebäbi WIÇ-infeksiýasy položitel netije görkezen daşary ýurtly Russiýada ýaşap bilmeýär. Maksat Aşgabatda işe ýerleşdi. Paýtagtda WIÇ/SPID profilaktika Merkezi bolsa-da, gorkujyna bir ýarym aýlap wraça görnüp bilmedi. Türkmenistanda WIÇ-infeksiýasy bilen kesellän ýok diýilýär, häzire çenli ýurtda WIÇ-infeksiýasy diňe iki adamda aýan edildi.

Maksat ahyr-soňy analiz tabşyrypdyr. (Onuň sözüne görä, SPID Merkezinde nobata duran adam gaty köp eken, aýratynam aýallar.) Birki gün geçensoň, Merkezden oňa jaň edip, elinde bar dokumentlerini alyp, doktoryň kabulhanasyna gelmegi tabşyrypdyrlar. Keselhana kabinetinde oňa polisiýanyň işgärleri-de garaşýan eken. “Olar özlerini tanatmadylar, hiç bir dokument hem görkezmediler. Adatça olar özlerini tanatmaýarlar, kimdigi olaryň ýüzünden bilinýär” diýip, Maksat gürrüň berýär. Olar iki adam eken. “Keseli nireden aldyň?” diýip soradylar. Bilemok” diýdim. Maksat muny gomoseksual gatnaşykdan alandygyny aýdyp bilmändir. Munuň üçin Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy “Beçebazlyk” boýunça iki ýyla çenli türme tussaglygy göz öňünde tutulýar.

Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly. Bu surat koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly düşürildi, Aşgabadyň köçeleri adatça boş bolýar. Aýdylyşyna görä, şu jaýlarda adam ýaşamaýar diýen ýaly.
Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly. Bu surat koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly düşürildi, Aşgabadyň köçeleri adatça boş bolýar. Aýdylyşyna görä, şu jaýlarda adam ýaşamaýar diýen ýaly.

Ertesi agşamlyk Maksady ýygnapdyrlar. “Olar üç adamdy, olaram özlerini tanatmadylar, ýöne olar bilen dawadan peýda ýok. Ilki uçastok bölüme eltdiler, soňra şäheriň etegindäki bölüme alyp gitdiler. Ilki näme bolanyny diňe sorag etdiler, soňra urup-ýençdiler. Iki bolup ýençdiler. “WIÇ-i nireden alanyňy biz bilýäs. Seniň gomoseksualitligiňi-de bilýäs” diýdiler. Men: “Bu ýalan” diýýän, olar ýene urup başlaýarlar. Olar maňa bir kagyz görkezip, bir ýigidi tutandyklaryny, onuň boýun alandygyny hem meni tanaýanyny aýdypdyr. “Ine, seniň telefon nomeriň, sen onuň bilen jaňlaşypsyň” diýdiler. Men muny hem boýun almadym, olar ýene urdular. Soň maňa häzir gol çekmeseň, muny seniň hossarlaryň, ýakynlaryň hem ähli töweregiň biler, soň biz başgaça gürleşeris diýdiler. Bolýar, men gol çekdim. Ol ýere näme ýazanymy özümem bilemok. “Täze ýyldan soň uçastka polisiýasynyň ýanyna gelersiň, özüňi belledersiň, soň haçan gerek bolsa, özümiz ýanyňa bararys” diýdiler. Polisiýa işgärleri Maksadyň gönüden-göni gomoseksula gatnaşykda bolandygyna delil tapmandyrlar, ol öz smartfonyny gowy arassalan eken. Umuman, Türkmenistanda telefonly bolmak howply, onuň bilen bir zady saňa ýükläp bilýärler. “Bizde Türkmenistanyň tutuş territoriýasynda her üç metrden ment dur – diýip Russiýa Federasiýasyna gaçyp gelen beýleki bir türkmen geýi Ysmaýyl gürrüň berýär. – Olaryň ählisi ýaş adamlar, graždan eşikli. Sen kimdir biri bilen gepleşseň, olar şol wagtda ýanyňa gelip, dokumentiňi görkezmegi talap edip, ‘telefonyňy ber, göreýin’ diýip bilýärler”.

Çykmasyz edilen

Aşgabatda koronawirusa garşy göreş: diplomatik korpusda üzärlik tütedilýär.
Aşgabatda koronawirusa garşy göreş: diplomatik korpusda üzärlik tütedilýär.

Poliseýler Maksadyň daşary ýurt pasportyndan başga ähli dokumentini alypdyrlar, daşary ýurtda bolmadym diýmek üçin, ony öýünde ýygşyran eken. Maksat ejesiniň öýünden gidip, özbaşyna kwartira alýar hem rus ilçihanasyna ýüzlenip, turistik wiza soraýar. Oňa wiza berýärler. Aslynda türkmenlere iň kyn zat ýurtdan çykmak. “Olar kimi isleseler şony reýsden düşürip bilýärler. Hiç bir düşündiriş bermezden – biletiňi tabşyr – bolany. Kimiň ýaşy uly bolsa, esasan olary goýberýärler, ruslara-da degenoklar” diýip, Ysmaýyl gürrüň berýär. Onuň sözüne görä, aeroportda para bermek howply, ähli ýerde kamera bar, tanyş gerek. Internetden bilet satyn almak mümkin däl, her gezekde agentlige gitmeli bolýar. “Meniň dostum M. üç ýylyň dowamynda 10 bilet satyn aldy, ähli gezeginde-de ony reýsden düşürdiler. Eger bilet 200 baksa durýan bolsa, sen 300 bermeli. Seni reýse goýbermeseler 160-170 baksyňy yzyna berýärler” diýip, Ysmaýyl aýdýar.

Maksadyňky şowuna bolýar. “Meni serhetçiler az salym sakladylar; ‘Näme üçin tranzit bilen uçýaň? Näme üçin goşuň az?’ ýaly soraglary berdiler-de, soňra goýberdiler” diýip gürrüň berýär. Maksat Moskwa Minskiniň üstünden uçupdyr. Ilki ol Belorusdan başpena sorajak eken. “Belorusda serhetçiler meni iň esasy adamyň ýanyna eltdiler. Men oňa bar zady gürrüň berdim. Ol meniň pasportymyň nusgasyny alyp: “Biz hiç zat edip bilmeýäris, sebäbi seniň wizaň Orsýete” diýdi. Ol ýere barmaga ýagdaýymyň ýokdugyny, sebäbi olaryň meni yzyma deportasiýa etjegimi düşündirdim. Bu oňa täsir etmedi. Men Domodedowo uçdum. Ol ýerde bir günümi geçirdim. Açlyk. Soňra Woronežden bir kursdaşym ýadyma düşdi. Meniň ýanymda 1200 rublym bardy, 800 rubla simkarta satyn aldym, 400 rubla-da Woroneže aşdym” diýip, gürrüň berýär. Şondan soň ol Moskwa komýuniti-merkezi diýilýän LGBT guramasyna ýüz tutýar hem onuň kömegi bilen ýaşamaga şert tapýar. Gurama Maksadyň Orsýet wizasynyň möhleti gutarmanka, üçünji bir ýurda aşmaga ýardam etmäge başlaýar. Maksat Orsýetiň özünden başpena soramak islemändir, sebäbi ol ýerde LGBT gaçgaklaryna iş ýüzünde gorag ýok.

Häzir Maksady öňküleri ýaly, türkmen polisiýasy gözleýär; onuň nirededigini hossarlaryndan soraýarlar. Maksat, elbetde, ele düşen ýagdaýynda, “Beçebazlyk” maddasyndan daşary, WIÇ-infeksiýasyny ýaýradyjy, şeýle hem daşary ýurtdan başpena gözleýji hökmünde-de aýyplanyp biljekdigine düşünýär.

Howply tanyşlyk

Aşgabat, Nowruz baýramyndaky ýowar.
Aşgabat, Nowruz baýramyndaky ýowar.

Durmuşyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda LGBT baradaky maglumat hem örän az. Türkmenistan Demirgazyk Koreýanyň derejesinde durýan dünýädäki iň ýapyk ýurtlaryň biri. Azatlyk Radiosynda “EKON: Türkmenistanda jynsy bir bolan adamlaryň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi LGBT wekilleriniň hukuklaryna böwet salýar” atly analiz makala çap boldy. NKO guramasynyň 2019-njy ýylda geçiren barlaglary esasynda “Gyrgyz Indigonyň” maglumaty çap boldy. Şol barlagyň awtory, adyny aýtmazlygy haýyş eden F-niň sözüne görä, esasy problema respondentleri – sosial soraglary geçirmäge gürrüňdeş tapmakda. Türkmenler ýörite organlaryň tutuş barlag geçirmeginden gorkýarlar. Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolanlaryň aýtmagyna görä, türkmen polisiýasy geýleri adaty düzgün boýunça “awlaýarlar”. Olary saýtyň ýa-da telefon üsti bilen duşuşyga çagyryp tutýarlar. Ýöne adatça jenaýat işini açman, ondan pul gazanyp başlaýarlar hem täze adamlary tutmak üçin, ony girewde saklaýarlar. “LGBT topary biri-birine ynanýan örän az sanly adamdan düzülen, ‘kesekini’ ara goşmaýarlar” diýip, F. düşündirýär. Azatlygyň beýleki bir gürrüňdeşi, 35 ýaşly Ysmaýyl birnäçe ýyl bäri tanap gelýän diňe öz ýakynlary bilen aragatnaşykda bolýar. Maksat bolsa Aşgabatda asla LGBT bilen gatnaşyk açjak bolmandyr. “Teklip bar [tanyşmaga],ýazýanlar köp, ýöne hiç biri duşuşmaýar, sebäbi ol howply, alnyňdan mentiň çykmagy mümkin” diýýär. Ysmaýylyň sözüne görä, iki erkegiň bir jaýda ýaşaýanyny ýa başgarak geýnişini, saçyny boýaýandygyny görse, muny goňşularyň polisiýa ýetirmegi-de mümkin.

Azatlyk Radiosynyň gürleşmegi başaran “Gyrgyz Indigosynyň” respondentleri hem-de geýler “Beçebazlyk” maddanyň mydama Jenaýat kodeksinde durnadygyny aýdýarlar. Ýöne 2011-njy ýylda bir wideonyň köpçülige ýetirilmeginden ozal, geýleri beýle bir yzarlap barmandyrlar. Ol wideoda Aşgabadyň medisina okuw jaýlarynyň biriniň mugallymy öz iki studenti bilen jynsy gatnaşykda bolandygy aýdylýar. “2012-nji ýyldan bar zat üýtgedi, toplanyşyga jemlenýänler biri-birini satdylar, hossarlar çagalaryny ýitirdiler, olaryň näme edýändiklerini kazyýetden çakylyk gelende bilip başladylar. Sebäbi olaryň ählisini 135-nji madda boýunça “Beçebazlykda” aýypladylar. Olary iş orunlarynda ýa-da öýde wagtynda gabap ele saldylar. Her kimiň gorkusy özüne ýetik, hiç kim beýleki birine kömek berip bilmedi. Meni-de ilkinji gezek saklanlaryndan iki aý soň, işleýän ýerimde yzymdan gelipdirler. Bagtyma, ol wagt men işde däldim. Menejer ýagdaýy düşündirip telefon etdi hem meniň derňewe barmalydygymy aýtdy” diýip, “Gyrgyz Indigosyndan” 41 ýaşly Daňatar gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosyna 2011-nji ýylda bolan seks-dawa barada gürrüň berýän materiallary ýa-da wideony tapmak başartmady. Ýöne 2019-njy ýylda Aşgabatda täze goh-galmagal ýüze çykdy. 24 ýaşly wraç-kardiolog Kasymberdi Garaýew Azatlyk Radiosynyň türkmen gullugyna anonim ýagdaýda interwýu berdi, oktýabr aýynyň aýagynda bolsa ol ýitirim boldy. Ýoldaşlarynyň pikirine görä, özüni mälim eden badyna, ony ýörite gulluklar ýygnapdyr. Tutulan ýagdaýymda aýan bolsun diýip, onuň öňünden ýazgy eden wideosyny Azatlyk Radiosy köpçülige ýaýratdy. Mundan soň türkmen resmileri birnäçe kampaniýa geçirip, medisina işgärleriniň arasyndan geýleri we lezbileri “aýan etdiler”, ýöne onuň soňky netijeleri näbelli galdy.

Gaçara ýer ýok

“Gyrgyz Indigosynyň” respondentiniň sözüne görä, Türkmenistanda 135-nji madda bilen türmä basylýan örän seýrek, hökümetler WIÇ-infeksiýasy meselesine agram salýarlar: Türkmenistanda geý ýok diýilýär, ýöne birnäçe adamy beýleki “adaty” maddalar bilen türmä basdylar. Adatça polisiýanyň eline düşen geýleri ýalan haýbat bilen şantaž edip, onuň puluny iýýärler. Daňataryň sözüne görä, onuň azatlyga çykmagy üçin, hossarlary 9000 dollar beripdirler (esasan hyzmat toplumy ugurlarynda işleýän respondentler aýda 200-1000 dollar agalygynda gazanç edip bilýärler). “Hossarlaryma ony tölemek gaty agyr düşüpdir, elbetde, men ol gürrüňiň arasynda bolmadym, ýöne aýal doganym: ‘Seniň diri ýaşamagyň, biziň bolsa seni söýýändigimiz, iň esasy seniň bagtyň üçin, biz ony çekdik’ diýdi. Şeýle ýagdaýa düşeninde,maşgala çagasyny goldamasa, ol “ýitýär”. Bu ýerde gürrüň türme möhleti barada gidýärmi ýa-da adamlar derňew organlaryndan gorkýarlarmy, muny düşündirmekden, “Gyrgyz Indigosynyň” respondenti saklandy.

Ol ýerde kameranyň ini-boýy bir metr. Biz onuň ýanyna görüşmäge baranymyzda, aýaklary bütinleý çişen eken, süýrenip geldi. Özüni gynaýandyklaryny, urýandyklaryny aýtdy. Syrtyna baklažka sokupdyrlar.


"Meniň dostum bardy, oňa S. diýýärler – diýip, Ýsmaýyl Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär. – Kimdir biri bilen duşuşanda, ony gapjadylar. Ony urup-urup, ýoldaşynyň adyny aýtmaga mejbur edipdirler. Ol bolsa meniň adymy beripdir. Meni çagyrdylar. ‘Bu seniň nomeriňmi?’ Hawa. ‘Seniň nomeriňden gaty erbet iş üçin peýdalanýarlar. Sen 6-njy bölüme barmaly’ diýdiler. Ol ýerde maňa on minut garaş diýensoňlar, haýsydyr bir semiz adam geldi-de, depäme suwly baklažka bilen berdi. Men ýykyldym. Ol elimi gandallap, böwregine hem aýagyma urup başlady. ‘Sen kim bilen bolduň? Özüň kim? Ine, şeýle adamlar senden şikaýat edýärler’ diýdi. Bu dört sagat dagy dowam etdi. Olar üstümden bedreläp sowuk suw guýdular, horladylar, ýöne men hiç zady boýun almadym. Ikinji gezek olar meniň öýüme geldiler-de, bölüme äkidip, ýene gynadylar”. Ahyrynda Ysmaýyl poliseýler bilen gürleşip, her aýda 300 dollar bermegi wada edipdir, ony bir ýyllap gyşarnyksyz töläpdir. Soňra ejesiniň hem ýoldaşlarynyň kömegi bilen ol poliseýleri paranyň üstünde tutdurypdyr. “Sud boldy, olary basdylar. Olary-da ilki türmä oturdyp, pul baryny alansoňlar, soň iş kesdiler. Bu ähli ýerde edilýän zat” diýip, Ysmaýyl düşündirýär.

Ýaş ynsan dogduk şäheri Aşgabatdan gidip, başga ýerde işe durupdyr. Soň eşitse, onuň tanyşlaryndan ýene biri poliseýleriň eline düşüpdir. “Oňa iki ýyl berdiler. Ol ýerde kameranyň ini-boýy bir metr. Biz onuň ýanyna görüşmäge baranymyzda, aýaklary bütinleý çişen eken, süýrenip geldi. Özüni gynaýandyklaryny, urýandyklaryny aýtdy. Syrtyna baklažka sokupdyrlar. Meniň ejem gaty alada galdy. Ony o ýerden çykarmak üçin, pul bermäge adam gözläp başladyk. Biz adam tapýançak, ol [öz janyna kast edipdir]. Meniň [hossarym][sudmed]ekspertizada işleýär, onuň aýtmagyna görä, o bendäniň dyzçanagyny döwüpdirler, dişleri tas galmandyr diýen ýaly. Şonda ejem maňa ‘Gaç!’ diýdi.

Gaçmak, aslynda gaçara ýer ýok. Türkmenler üçin Ýewro Soýuza, ABŞ-a, Kadada wiza almak de-fakta mümkin däl. Türkmenler mejbury ýagdaýda Orsýete (ol ýerde nähili ýol bilenem bolsa dokumentini düzedýärler, ýöne syýasy başpena institutyndan däl) ýa-da Türkiýä gitmäge mejbur bolýarlar. Azatlygyň gürrüňdeşiniň aýtmagyna görä, Türkiýede transgendere başpena berilýär, ýöne geý bilen lezbilere berilmeýär. Başga bir Arap emirlikleri ýaly musulman döwletlerine wiza almak mümkin, ýöne ol ýurtlarda hem syýasy başpena barada gürrüň bolup bilmeýär. “Orsýetde wiza bilen bir aý ýaşamak mümkin, soňra ýa-ha (öz ýurduňa deportasiýa edilmek howpy bilen) legal däl ýagdaýda ýaşamaly, ýa-da başga bir ýurda gitmeli – diýip, LGBT-inisiatiwasy üçin, Moskwadaky komýuniti-merkeziň direktory Tatýana Winniçenko Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. – Biz olara diňe wagtlaýyn ýaşamaga jaý tapyp berýäris, ýöne munuň bilen olaryň meselesi çözülmeýär. Gomoseksualiste jenaýat kodeksinde jogapkärçilik çekmeli ýurtlarynda olary ýurtdan çykarmak bolanok, bu LGBT-lere garşy jenaýat eden ýaly bolýar”.

Aşgabat. Berdimuhamedowyň portretlerini surata düşürmek gadagan. Her bir portrete raýat egin-eşigindäki polisiýa gözegçilik edýär, onuň gelip senden suraty öçürmegiňi talap etmegi mümkin.
Aşgabat. Berdimuhamedowyň portretlerini surata düşürmek gadagan. Her bir portrete raýat egin-eşigindäki polisiýa gözegçilik edýär, onuň gelip senden suraty öçürmegiňi talap etmegi mümkin.

Şol dosty ölenden soň Ysmaýyl Türkiýä gidipdir. Şondan bäri üç ýylyň dowamynda Ýewropa aşmaga synanyşýar. Mundan birnäçe aý öň Stambuldan Dýusseldorfyň üsti bilen Aşgabada uçmaga bilet alypdyr. Onuň maksady nemes hökümetinden başpena soramak eken, ýöne Lufthansakompaniýasy oňa şeýle uçmagy gadagan edipdir. Sebäbi Stambuldan Aşgabada göni reýs bar wagtynda, bu marşrut gaty geň görnüpdir. “Men bu ýerde gedaý ornunda ýaşaýan, o ýerde meniň maşynym, owadan jaýym bardy – diýip, Ysmaýyl zeýrenýär. – Türkmenistandaky dostlarym meni mentleriň gözleýändigini ýazýarlar. Meniň bolsa dört diplomym bar, oňa iş tapamok, sebäbi men Türkmenistandan”.

Ysmaýyla kanuny ýagdaýda ýaşamaga ýarym ýyl galypdyr, soňra onuň türkmen pasportynyň möhleti tamamlanýar, täzesini bolsa diňe ýurda baryp almaly. Ýaş ynsanyň sözüne görä, Türkmenistanyň konsullygy öz watandaşlaryna pasport bermeýär. Haýsydyr bir tanşy oňa 5000 ewro bilen Ýewropa wizasyny düzedip bolýandygyny teklip edipdir. Ysmaýyl häzirlikçe bir çözgüde gelip bilenok, ol aldaýsa nätjek. Eýsem başga nähili usul bar?

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG