Jynsy bir bolan adamlaryň meýletin jynsy gatnaşyklary üçin jenaýat işine çekilmegi Türkmenistanda LGBT wekilleriniň ýagdaýyny gowulandyrmagyň öňünde esasy böwet salýar. Bu barada Erkek adamlaryň saglygy boýunça Ýewraziýa koalisiýasynyň (EKOM) Türkmenistanyň kanunlaryna syn edip, garaşsyz turkmen.news neşiriniň gatnaşmagynda taýýarlan synynda aýdylýar. Türkmenistanda LGBT wekilleri üçin kanun böwetlerini anyklamak boýunça şeýle analiz ilkinji gezek çap edilýär. Geýleriň, lesbianlaryň, transgenderleriň meselesi Türkmenistanda resmi taýdan gozgalmaýar, emma olara kanun taýdan jeza göz öňünde tutulýar. Azatlyk Radiosy hasabatyň awtory ECON guramasynyň wekili Ýuriý Ýorskiý bilen söhbetdeş boldy.
Synyň awtorlarynyň sözlerine görä, geçirlen barlaglaryň maksady Türkmenistanda WIÇ bilen ýaşaýan adamlar, geýler, erkekler bilen jynsy gatnaşykda bolan erkekleriň we trans seksual adamlaryň dürli ugurdan hukuklarynyň berjaý edilmegine kanun taýdan bar bolan böwtleri anyklamakdan ybarat.
Ýuriý Ýorskiý esasy maksadyň Türkmenistanyň kanunlarynda nähili böwetleriň bardygyna we olaryň LGBT jemgyýetine degişli adamlaryň hukuklaryna we WIÇ bilen bagly çäklendirmeler bilen arabaglanyşygyna düşünmekden ybaratdygyny gürrüň berdi:
- Bu başlangyç nokady bize ýagdaýa düşünmäge we türkmen hökümetine rekomendasiýa berip, halkara standartlaryna laýyklykda nämeleri üýtgetmelidigini, bu standartlara uýgunlaşmak boýunça ýagdaýy gowulandyrmak üçin nämeleriň edilmelidigini kesgitlemäge kömek bermeli.
Ýuriý Ýorskiniň sözlerine görä, Türkmenistanyň jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy Türkmenistanda LGBT wekilleriniň ýagdaýynyň gowulanmagyna esasy päsgelçilik bolýar:
- Ilkinji nobatda biz meýletin jynsy gatnaşyklary jenaýat hökmünde kesgitleýän kanunlara - jenaýat kodeksinde bar bolan 135-nji madda seretdik. ol meýletin gomoseksual gatnaşyklar üçin adamlary jenaýat jogapkärçiligine çekýär. Elbetde, bu ilkinji böwet, iň esasy, ol ýurtda LGBT hukuklary bilen bagly ýagdaýy gowulandyrmak boýunça islendik işe ýol bermeýär.
Türkmenistanda LGBT wekilleri üçin kanunlardaky böwetleri anyklamak boýunça syn WIÇ-iň kriminallaşdyrylmagy meselesini we migrasiýany çäklendirýän kanunlaryň analizini hem öz içine alýar.
- WIÇ-iň kriminallaşdyrylmagy WIÇ wirusyny bilmän ýa-da bilkastlaýyn ýokaşdyrmak üçin jenaýat jezasyny göz öňünde tutýan kanunlar. Şeýle-de, bu WIÇ wirusly adamlaryň migrasiýasy bilen bagly kanunlar. Ýagny, şeýle adamlar ýurda baryp bilýärmi. Munuň öňünde nähili päsgelçilik bar, munuň üçin resminamalar talap edilýärmi, wiza almakda goşmaça talaplar edilýärmi. Ýa-da, WIÇ pozitiw adamlar ýurtdan çykyp bilýärmi. Biz guramamyz bilen işleşýän toparlar, ýagny geýler we trans seksual adamlar üçin jemgyýetleriň döredilmegine hem profilaktika programmalarynyň bolmagynyň maliýeleşdirilmegine degişli protokollary öwrendik".
Erkek adamlaryň saglygy boýunça Ýewraziýa koalisiýasynyň taýýarlan synynda bellenişine görä, Türkmenistanyň kanunlarynda LGBT, jynsy bir bolan adamlaryň jübüt bolmagy, maşgala gurmagy ýaly düşünjeler düýpden ýok. Şu sebäpler çäklendirmeleriň, gadagançylyklaryň, ýa-da diskriminasiýanyň kanun esasyndaky analizini kynlaşdyrýar.
"Jynsy bir bolan adamlaryň açyk jynsy gatnaşyklary barada gürrüň ýok. Bu tema gadagan edilýär, bu barada maşgalada, hasam jemgyýetde gürrüň edilmeýär. LGBT jemgyýetleriniň meselesi döwletiň doly gözegçiligindäki ýerli metbugatda gozgalmaýar, orta we ýokary bilim berýän mekdepleriň okuw programmalaryna girmeýär. Bu mesele hamala ýok ýaly, şeýle adamlar hem hamala ýok ýaly" diýlip synda aýdylýar.
Analiziň awtorlary Türkmenistanyň häkimiýetleriniň BMG agza ýurtlaryň gender identifikasiýasy we jynsy oriýentasiýasy problemalaryna degişli rekomendasiýalaryny, şol sanda jynsy bir bolan adamlary seksual gatnaşyklary üçin jenaýat jogapkärçiligine çekmek tejribesini aradan aýyrmak meselesini yzygiderli ret edýändigine ünsi çekýärler.
ЕКОМ guramasynyň hasabatynda Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynyň resmisi Şemşat Atajanowanyň 2017-nji ýylyň 8-nji martynda BMG-de eden çykyşyndan sitata getirilýär.
"Beçebazlyk üçin jenaýat jogapkärçiliginiň ýatyrylmagy türkmen medeniýetine, maşgala däp-dessurlarynyň ýörelgelerine esaslanýan türkmen mentalitetine ters gelýär, şonuň üçin kanuna şeýle üýtgetmeleriň girizilmegi kabul ederlikli däl" diýip, türkmen resmisi aýdypdyr.
Türkmenistan gomoseksualizmi jenaýat hökmünde yzarlaýan ýurtlaryň hatarynda galýar. Dünýäde şeýle ýurtlaryň sany 60 töweregi bolup, olaryň sany gitdigiçe azalýar.
Türkmenistanda LGBT wekilleriniň zoluklara sezewar bolýandygy barada Azatlyk Radiosyna soňky ýylyň dowamynda ençeme maglumat gowuşdy, emma biz olary goşmaça çeşmelerden tassyklap bilmändigimiz üçin habar bermekden saklanypdyk.
Türkmenistanda LGBT problemasy geý oglan Kasymberdi Garaýewiň ýitirm bolmagyndan soň halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezine düşüpdi. Garaýew 21-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanda LGBT azlyklaryna görkezilýän rehimsizlik sebäpli bu meseläni gozgamak kararyna gelendigini aýdypdy. Ol media serişdelerine ýüz tutup, meseläni köpçülikde gozgamagy başaran ilkinji türkmenistanly LGBT wekili boldy.
Kasymberdi Garaýewi goldap, Italiýaly iň täsirli senatorlaryň biri Monika Çirinna, LGBT hukuklary boýunça aktiwistleriň ençemesi we adam hukuklaryny goraýjy "Human Rights Watch" guramasy çykyş etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.