Soňky günlerde Mary welaýatynyň paýtagtynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň sany köpeldi. Marynyň köçelerinde welaýatyň etraplaryndan iş saparyna gelen polisiýa işgärlerine-de duşmak bolýar, sürüjilerden talap edilýän paranyň mukdary ýokarlandy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde Marydan habar berýär.
“Mary şäherinde döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri köpeldi. Etraplardan ‘komandirowka’ gelenler hem köp” diýip, habarçy aýdýar.
Onuň sözlerine görä, ýol polisiýasy köne awtoulaglary kän saklaýar, dürli sebäplere esaslanyp, sürüjilere jerime ýazmak haýbatyny atýar. Sürüji resmi jerimä razy bolmadyk ýagdaýynda, polisiýa işgärleri olardan para talap edýär. Habarçynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda sürüjileriň ýol polisiýasyna töleýän parasy, polisiýanyň talaby esasynda, iki esse ýokarlandy.
Ençeme maryly sürüjiniň sözlerine görä, polisiýa işgärleri awtoulaglardan “bahana gözleýär”, tapmadyk ýagdaýynda “ulagyň reňki solak”, “awtoapteçkada ýod we zelýonka ýok” diýen ýaly sebäplere esaslanyp sürüjilere jerime ýazmak haýbatyny atýarlar.
Habarçy sürüjiler bilen polisiýa işgärleriniň arasynda şaýat bolan gürrüňdeşliklerine esaslanyp, ulag sürüjileriniň polisiýa işgärlerinden jerime ýazmazlygy haýyş edýändiklerini aýdýar. Polisiýa bu haýyşy kanagatlandyrmagyň öwezine sürüjilerden para talap edýär.
“Hany onda eliňi aç diýýärler, sürüjilik şahadatnamanyň arasyna 10 manat salyp berseň, ýol polisiýasy muny az görýär, 20 manat soraýar. Ýogsa-da jerime ýazýar” diýip, Azatlygyň habarçysy Marydan habar berýär.
Onuň tassyklamagyna görä, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Marydaky işgärleri sürüjilere jerime ýazmagyň dürli tärlerini oýlap tapypdyrlar.
“Mollanepes köçesiniň ugrunda ozalky 50-lik tizlik duýduryş belgisini aýryp, onuň deregine 40-lyk belgi goýupdyrlar” diýip, habarçy aýdýar.
Üstesine, onuň sözlerine görä, ýol polisiýasy täze belginiň töweregini radar tutmak üçin ‘girdejili zolag’ hasaplaýar.
Olar täze belginiň gabadynda durup, ulaglara radar tutýarlar. Radara düşen sürüjilerden jerime ýazmazlyk üçin 40 manat möçberinde para talap edýärler, “degişli jerimäniň nyrhyndan bihabar sürüjilerden 50 manat soraýan wagtlaram bolýar” diýip, habarçy sözüne goşýar.
Ulag tizliginiň çenden aşmagy bilen bagly jerimäniň mukdary, habarçynyň sözlerine görä, 10 gün ozalkysyndan iki esse arzanlady.
“Mundan 10 gün öň iň pes radar jerimesi 100 manatdy, muny azaldyp, 50 manada getiripdirler” diýip, habarçy belleýär.
Onuň sözlerine görä, PÝGG işgärleri täze radar jerimesiniň azaldylan möçberi barada sürüjilere maglumat bermeýär. “Muny diňe jerime tölemäge baranyňda bilip galýarsyň” diýip, habarçy sözüne goşýar.
Ýatlasak, Türkmenistanda täze içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewiň oktýabryň başynda wezipä bellenilmegi bilen Mary welaýatynda PÝGG-niň işgärlerine gözegçilik güýçlenipdi. 10-njy oktýabrda Azatlygyň ýerli habarçylary Maryda PÝGG-niň işgärleriniň düzgün bozan sürüjilerden “para alman başlandygyny”, muňa derek olaryň jerime ýazýandygyny habar beripdi.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, bu ýagdaý uzaga çekmedi. “Bir sellem hezil döwür boldy diýip, begendik. Häzir onça-da bolmady. Indi para-puly iki esseden hem kän bermeli bolduk” diýip, bir sürüji Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Ýöne beýleki tarapdan, PÝGG-niň işgärleri jerime ýazsalar, sürüjilere has agram düşýär: “Jerime ýazdyrsaň kän tölemeli bolýar” diýip, habarçy sözüne goşýar. Onuň sözlerine görä, köp sanly sürüji jerimäni az tölemek üçin, para berenini gowy görýär.
Synçylar Türkmenistanda kanunyň hökmürowanlygyna eýerilmeýändigini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.