Aşgabadyň çagalar baglarynyň birinde ene-atalardan gap-gaç, el we kir ýuwujy serişdeleri hem-de hajathana kagyzlary ýaly senagat harytlaryny getirmek talap edilýär.
“Şu gün çagalaryň biriniň ejesi çagalar bagyna bäş litr gap-gaç ýuwujy serişde, suwuk sabyn, çygly salfetka, hajathana kagyzyny, uzynlygy 1,5 metre barabar saçaklyk kleýonka alyp gitdi. Ene-atalar bu senagat harytlaryny her aýyň başynda tabşyrmaly” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 3-nji dekabrda gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynda bu çagalar bagynyň belgisi we onuň nirede ýerleşýändigi barada takyk maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige äşgär etmekden saklanýar.
Habarçynyň sözüne görä, ene-atalar çagalaryna ýaramaz çemeleşilmeginden alada edip, senagat harytlaryny tabşyrmaga mejbur bolýarlar.
“Terbiýeçiler we ene-atalar çagalar bagynda hatardan çykýan elektrik çyralary, sowadyjy we santehnik enjamlary, şeýle-de otaglarda geçirilýän boýag hem-de abatlaýyş işlerini hem öz hasabyna dikeltmäge mejbur bolýarlar. Ene-atalar her çagasy üçin aýda 80 manat çagalar bagynyň tölegini töleýär. Üstesine-de, bu talaplary berjaý etjek bolup kösenýärler. Köp maşgalalaryň güzeran eklenji onsuz hem gaty kyn” diýip, habarçy aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň agzalýan çagalar bagy bilen habarlaşyp, ýokarda aýdylan maglumatlary tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek synanyşyklary häzirlikçe başa barmady.
Ýöne bu paýtagtyň çagalar bagynda körpeleriň ulanjak senagat harytlarynyň ene-atalaryň boýnuna dakylýandygy barada Azatlyk Radiosyna gelip gowşan ilkinji habar däl.
Sentýabryň aýagynda çagalary Aşgabadyň dürli çagalar bagyna gatnaýan ene-atalaryň ençemesi terbiýeçileriň özlerinden gap-gaç, el we kir ýuwujy serişdeleri hem-de çygly salfetkalary getirmegi talap edýändigini gürrüň berdi.
Şonda ene-atalar Azatlygyň habarçysyna beren maglumatynda özlerinden çagalar baglaryndaky ýassyk we ýorgan-düşek daşlaryny öýlerinde ýuwup getirmegiň hem talap edilýändigini aýtdylar.
Bu habarlaryň fonunda, 8-nji noýabrda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Aşgabadyň 104-nji çagalar bagynyň ýolbaşçysynyň hojalyk işler boýunça orunbasarynyň körpelere berilýän azyk önümlerini dükanlara satmakda aýyplanyp tussag edilendigini habar berdi. Mundan öň Azatlygyň habarçysy Mary şäherindäki çagalar baglarynda duýdansyz barlaglaryň geçirilýändigini gürrüň berdi.
Türkmen häkimiýetleri ýokarda aýdylanlary tassyklap ýa inkär edip çykyş etmeýärler. Resmi media çagalaryň “bagtyýarlyk zamanasynda” ýaşaýandygy barada yzygiderli reportažlar görkezip, bu aýdylanlar barada dymýar.
Türkmenistan indi üç ýyla golaý wagt bäri agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Ýurduň döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň gymmatçylygy we gytçylygy dowam edýär. Zähmet haklarynyň öz wagtynda berilmezligi, bankomatlarda nagt puluň tapdyrmazlygy bilen bagly ýagdaýlar yzygiderli ýüze çykýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.