Aşgabadyň çagalar baglarynyň ençemesinde täze düzgün güýje girizildi. Geçen hepdäniň ahyryndan bäri ene-atalardan çagalar baglaryndaky ýassyk we ýorgan-düşek daşlaryny öýlerinde ýuwup getirmek talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabat şäherindäki habarçylarynyň biri habar berýär.
“Geçen anna güni giçlik ene-atalar çagalaryny almak üçin çagalar baglaryna baranda, çagalar baglarynyň ýolbaşçylary we terbiýeçileri olara ýassyk we ýorgan-düşek daşlaryny beripdirler. Olardan bulary hepdäniň dynç günlerinde ýuwup, ütükläp getirmegi sorapdyrlar” diýip, howpsuzlyk sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 27-nji sentýabrda irden gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynda munuň Aşgabadyň haýsy çagalar bagyna çagalary gatnaýan ene-atalardan talap edilýändigi barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Aşgabatdaky habarçy çagalar baglarynyň ýolbaşçylarynyň ene-atalara munuň wagtlaýyn talapmy ýa-da däldigi barada düşündiriş bermeýändigini hem aýtdy. Şeýle-de, ol bu talabyň sebäpleri barada hem hiç zat aýdylmaýandygyny belledi.
“Çagalar baglarynyň terbiýeçileri munuň tehniki näsazlyk bilen baglydygyny ýa däldigini, ýa-da başga sebäpliniň bardygyny aýtmaýarlar. Ýöne ene-atalar munuň maliýe serişdesiniň ýetmezçiligi bilen bagly bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Sebäbi ene-atalar mundan öň çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň özlerinden gap-gaç, el we kir ýuwujy serişdeleri hem-de çygly salfetkalary, ýagny el süpürgiçleri getirmegi hem soraýandygyny aýtdylar” diýip, habarçy ene-atalaryň bu serişdeleri her aýyň başynda bir gezek alyp barmaly bolýandygyny hem belledi.
Azatlyk Radiosyna bu ýagdaýlary Aşgabadyň gürrüňi edilýän çagalar baglarynyň ýolbaşçylaryna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Şeýle-de, munuň paýtagtyň ähli çagalar baglaryndaky ene-atalardan talap edilýändigini ýa-da edilmeýändigini hem anyklap bolmady.
Azatlyk Radiosy şeýle talap barada ilkinji gezek habar berse-de, Türkmenistanyň çagalar baglarynda çagalaryň ene-atalaryndan dürli çäreler, şol sanda Täze ýyl baýramçylygy, baýramçylyk lybaslaryny satyn almak, köýen lampalary çalyşmak we otaglarda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin pul ýygnalýandygy barada ençeme gezek maglumat çap edipdi.
13-nji maýda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri paýtagtyň ençeme çagalar bagynyň ýolbaşçylarynyň terbiýeçilik jaýlaryny abatlamak işleri üçin çagalaryň her birinden 200 manat möçberinde pul ýygnaýandygyny habar berdi. Bu dollaryň resmi kursy bilen $57, “gara bazaryň” nyrhynda ortaça $11 barabardyr.
2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleri 8 manatdan 80 manada ýokarlandyryldy. Şonda türkmen häkimiýetleri bu gymmatlamanyň sebäpleri barada aç-açan beýanat bilen çykyş etmediler.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ene-atalaryň onlarçasy tölegleriň duýdansyz 10 esse gymmatladylandygyna garamazdan, çagalar baglarynda körpelere edilýän hyzmatlaryň hiliniň gowulanmaýandygyny aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.