Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ene-atalar Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyklar üçin 80 manat tölemäge mejbur edilýär


Aşgabatda Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilýän çäreleriň birine gatnaşýan çagalar
Aşgabatda Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilýän çäreleriň birine gatnaşýan çagalar

Aşgabadyň azyndan iki çagalar bagynda ene-atalardan Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyklar, şol sanda çagalara alynjak sowgatlar we bezegler üçin 80 manat möçberinde pul talap edilýär. Bu habar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda geçiren hökümet maslahatlarynda Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada beren tabşyryklarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Paýtagtyň 112-nji we 108-nji çagalar baglaryna özüniň çagalary gatnaýan ene-atalaryň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna gürrüň bermegine görä, bu talap barada agzalýan çagalar baglarynyň ýolbaşçylary, terbiýeçileri we enekeleri geçen hepdäniň ortalarynda duýdurypdyr.

“Çagalar baglarynyň işgärleri ata-enelere “Çaglar üçin sowgatlary özümiz alyp, taýýarlajak bolýarys. Şonuň üçin 70 manat getirmeli hem-de ýolkany bezäp, Aýaz babany çagyrmak üçin hem 10 manat getirmeli” diýip aýdypdyrlar” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan habarçy bu talabyň paýtagtyň merkezi etrapçalaryndaky tas ähli çagalar bagynda amal edilýändigini 11-nji dekabrda habar berdi.

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyklar mynasybetli çagalar baglaryna özüniň çagalary gatnaýan ene-atalardan pul ýygnamak tejribesi ýylyň-ýylyna gaýtalanýar. Ýöne ene-atalar şu ýyl ýygnalýan pul serişdesiniň geçen ýyllardakydan birnäçe esse köpdügini aýdýarlar.

“Mundan ozal, has takygy şu aýyň başynda “çagalar baglarynyň açyk meýdançalaryny bezemek, agaçlara bezegleri almak” üçin diýlip hem her çagadan 10 manat möçberinde pul ýygnaldy. Şeýlelikde, ata-eneleriň – çagalar bagynyň 80 manat tölegini hem goşanyňda – diňe dekabr aýynda etjek çykdajysy 170 manada deň. Çagaň iki bolsa bu çykdajy 340 manada barabar bolýar” diýip, özüni Aýgül diýip tanyşdyran aşgabatly zenan Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, käbir ene-atalar talap edilýän pul serişdesini tölemäge özleriniň maddy güýjüniň ýetmejekdigini aýdyp, öz çagalaryna sowgatlary öýde taýýarlap gelmegi ýa-da şol güni çagalaryny çagalar bagyna getirmezligi hem teklip edipdirler. Ýöne çagalar baglarynyň ýolbaşçylary bu teklibi kabul edilmän, “Bize-de ýokardan berlen görkezme, çagalardan 100% pul ýygnalmaly diýildi. Hatda dümewläp galan çagalara hem sowgatlarynyň soňra berilmelidigini aýtdylar” diýip, jogap beripdirler.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar boýunça Aşgabadyň 112-nji we 108-nji çagalar baglary bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda raýatlardan Täze ýyl baýramçylygy, şäher meýdançalarynda we edaralarda arça bezemek üçin pul ýygnalýandygy barada noýabryň 22-ne hem habar beripdi. Şonda Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy magaryf, saglygy saklaýyş, medeniýet işgärlerinden 10 manat, önümçilikde işleýänlerden 15 manat ýygnalýandygyny aýdypdy.

Prezident Berdimuhamedow soňky hepdelerde geçiren hökümet maslahatlarynda Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi birnäçe gezek tabşyrdy.

3-nji dekabrda geçirilen wideo şekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew “Täze ýyly mynasyp garşylamaga, baş şäheriň şaýollaryny we meýdançalaryny baýramçylyk keşbine girizmäge görülýän taýýarlyk işleri, öňde boljak şanly seneler mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler” barada habar berdi.

Emma muňa garamazdan, Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, öňki ýyllardan tapawutlylykda, türkmen paýtagtynda şu günler täze ýylyň ýetip gelýändigini görkezýän alamatlar kän göze ilmeýär.

“Birinjiden, eýýäm noýabr aýynyň ortalarynda bazarlaryň gapdallarynda Täze ýyl sowgatlyklaryny, bezeglerini satmak üçin ýörite çadyrlar dikilýärdi. Şol çadyrlar ýok. Galyberse-de, bu bezegler “15 ýyl abadançylyk” ýa-da “Altyn Asyr Gündogar” lomaý bazarlarynda satylýardy. Adamlar şol bazarlarda hem bezeg oýnawaçlarynyň we kiçi ýolkalaryň ýoklugyndan zeýrenýärler” diýip, Azatlygyň habarçysy 11-nji dekabrda gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG