Islendik ýurtda syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýy teswirlemekde ýumoryň, satiranyň, degişmeleriň, komediýanyň we komediýaçylaryň, ýagny wäşileriň oýnaýan roly möhüm bolup durýar.
Eýsem, Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynda wäşiler halkyň maňzyna nähili batýar, olar nädip halkyň dilini tapýar, umuman türkmenler nähili ýaňsylardan, kinaýalardan, ýa-da ýönekeý degişmelerden lezzet alýar? Haýsy temalar boýunça degişmeler il arasynda ýoň bolup barýar? Bu ugurda ýurduň satira artistleri nähili işleri bitirýärler? Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany şeýle soraglara bagyşlanýar, olaryň käbirine mümkingadar jogap agtarmaga synanyşylýar.
Gepleşigimiziň dowamynda gozgalýan bu mesele bilen bagly maglumatlary, degişmeleri, şeýle-de häzirki wagtda Pragada ýaşaýan ýazyjy Hudaýberdi Hallynyň Türkmenistanda komediýa žanrynyň geçen ýoly barada beren gyzykly gürrüňleri eşitdirilýär.
Garaşsyz Türkmenistanda soňky 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda halkyň maddy we ruhy durmuşynda isle oňyn, isle oňaýsyz, iňňän uly özgerişler bolup geçdi. Ýurduň resmi derejede ykrar edilen degişgenleriniň ýa-da halk içinden çykan wäşileriniň bu prosesiň niresinde orun alandygyny çaklamak aňsat däl. Sebäbi, synçylaryň aýtmagyna görä, garaşsyzlyk ýyllarynda, beýleki käbir ugurlarda bolşy ýaly, komediýa industriýasyna-da çäklendirmeler girizildi.
Sowet döwrüniň aýaklarynda, hususan-da maýylganlyk ýyllarynda we garaşsyzlygyň ilkinji onýyllygynda türkmen satirasynda başy çeken hem-de il içinde Poşalak, Topalak, Emenek, Annam brigad atlary bilen tanalan degişlilikdäki Gurbannazar Atakgaýew, Juma Ýazmyradow, Berdi Aşyrow, Tagan Saryýew ýaly görnükli artistler, galyberse-de garaşsyzlyygyň ilkinji ýyllarynda teýeneli, durmuşdaky problemalary öz içine alýan müňlerçe degişmeleri bilen tutuş Türkmenistanda meşhurlyk gazanan “Nurişka” ýagny Nurmuhammet Nazarow dagylar ýurduň satira durmuşynda öçmejek yz galdyrdylar.
Olaryň halk köpçüliginiň öňünde hatda döwlet telewideniýesinde aýdýan degişmelerinde, ýa-da oýnaýan satira sahnalarynda sosial problemalary, durmuşy wakalary görmek, eşitmek bolýardy.
Gepleşigi aşakdaky düwmä basyp, diňläp bilersiňiz!