Türkmen jemgyýetçiliginde ýiti satiranyň, ýomak-degişmäniň hemişe bolandygy, sowet döwründe bolsa metbugat arkaly has giň ýaýrawa eýe bolandygy aýdylýar.
Muňa mysal hökmünde Mämmetweli Keminäniň goşgularyny, onuň Äraly pir bilen eden gürrüňleriniň dilden-dile geçen nusgalaryny, Soltansöýün-Myraly baradaky gürrüňleri hem ýatlamak bolar.
Şeýle-de sowet döwründe beýleki halklaryň satira-ýumor eserleri hem terjime edilip, türkmen okyjysyna ýetirilerdi, türkmen metbugatynda ýiti gülküli karikatura eserleri çap edilerdi.
Mundan başga, garaşsyzlykdan öň gazet-žurnallarda, radio-telewideniýede hepde ahyrynda hem satiriki eserler, feletonlar, kinaýaly sahnalar ile ýetirilerdi.
Emma garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen okyjylarynyň arasynda giň meşhurlyga eýe bolan «Tokmak» žurnaly ýapyldy, «Bökelek», «Ýartygulak» ýaly satiriki radio we teležurnallar ýatyryldy, aýlyk «Naýza» telefilminiň ile ýetirilmegi bes edildi.
Azatlyk radiosy türkmen satirasynyň düýni we şu güni barada aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.