Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ‘Western Union’ arkaly pul ibermek düzgünlerine täze çäklendirme girizdi


Türkmenistanda Western Union arkaly pul geçirjek adamlar atlaryny ýazdyrýarlar.
Türkmenistanda Western Union arkaly pul geçirjek adamlar atlaryny ýazdyrýarlar.

Türkmenistanyň banklary “Western Union” halkara pul geçirmek ulgamy arkaly daşary ýurtlardaky studentlere pul ibermek düzgünlerine täze çäklendirmäni girizdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçynyň tassyklamagyna görä, bu çäklendirme ýurduň daşynda bilim alýan türkmen studentleriniň ejesi tarapyndan mamasy we babasyna, kakasy tarapyndan enesi we atasyna degişli.

2-nji awgustda maglumat beren habarçynyň sözlerine görä, indi ýurduň daşynda bilim alýan türkmen studenti bilen onuň mamasy-babasy ýa-da enesi-atasy bir ýaşaýyş jaýynda ýazgyda durmadyk bolsa, onda olaryň türkmen banklary arkaly pul ibermek mümkinçiliginden peýdalanmagyna rugsat berilmeýär.

“Häzirki wagt daşary ýurtda okaýan öz agtygyna pul ibermek üçin türkmen banklaryna, şol sanda ‘Senagat’ paýdarlar täjirçilik bankyna baran türkmenistanlylaryň haýsy adresde hemişelik ýaşaýandygyny, ýagny ýazga durandygyny barlaýarlar. Eger student bilen onuň mamasy-babasy ýa-da enesi-atasy şol bir şäherde ýa-da obada, ýöne aýrybaşga jaýlarda ýaşaýan, ýagny ýazgada duran bolsa, olaryň resminamalaryny kabul etmeýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bank resmileri bu täze çäklendirmäniň sebäpleri barada düşündiriş bermeýärler. Şeýle-de, olar çäklendirmäniň resmi taýdan güýje girizilendigini görkezýän resminamany hem ilat köpçüligine ýetirmeýärler.

“Bu çäklendirme barada ‘Senagat’ bankynda hiç hili bildiriş ýa-da resminama asylmandyr. Adamlaryň köpüsi nägile bolup, alaçsyz yzyna gaýdýar. Ýöne nägileliklerini aç-açan beýan edip bilmeýärler. Bir studentiň mamasy bu çäklendirmäniň sebäpleriniň düşündirilmegini sorap, banka hat ýazdy. Ýöne onuň hatyna umumy jogap berdiler, ýagny onuň soragyna derek başga zat ýazypdyrlar. Şol aşgabatly zenan häzir ikinji arzasyny ýazmaga taýýarlanýar” diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynda pul ibermek üçin nobata durýan raýatlara berilýän talon.
Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynda pul ibermek üçin nobata durýan raýatlara berilýän talon.

Habarçy bu çäklendirmä garamazdan, daşary ýurtda okaýan ogul-gyzyna ýa-da agtygyna pul ibermek üçin her gün türkmen banklaryna, şol sanda “Senagat” banka barýan türkmenistanlylaryň sanynyň onlarçadygyny, günüň dowamynda nobatdaky adamlaryň sanynyň köpelmese, azalmaýandygyny hem belledi.

Azatlyk Radiosy daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentlerine pul ibermek düzgünlerine girizilen täze çäklendirme we onuň sebäpleri barada maglumat almak üçin Türkmenistanyň Merkezi banky we “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky bilen habarlaşanda, bu barada häzirlikçe kommentariý alyp bilmedi.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky “Western Union” hyzmat nokatlary barada kompaniýanyň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, kommentariý almak synanyşyklary hem netije bermedi.

2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi söwdasyny ýatyrandan soň, ýurtda dollaryň “gara bazary” emele geldi. 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Türkmenistanda dollaryň resmi kursy 3,5 manat möçberinde saklanylýan mahalynda, onuň “gara bazardaky” bahasy bäş esse gymmatlap, 17 manada çenli ýetdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň banklary daşary ýurtlarda okaýan studentlere pul ibermek düzgünlerine we onuň möçberine ençeme gezek çäklendirme girizdi.

“Şu ýylyň 25-nji iýunyndan başlap Daşoguzda “Western Union” arkaly pul geçirjek ene-atalar daşary ýurt pasportynyň ähli 48 sahypasyny (!) öz içine alýan göçürme görkezmeli edildi. Ozallar diňe esasy sahypalaryň we ýurtdan soňky girip-çykmalaryň bellenen sahypalarynyň göçürmesi talap edilerdi” diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy aýtdy.

Geçen ýylyň dekabrynda ýurduň banklary “Western Union” arkaly daşary ýurtlara pul iberjek müşderileriň günde diňe 20 sanysyny kabul edip başlady.

Indi üç ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda “Western Union” halkara pul ibermek hyzmaty we VISA bank kartlary raýatlaryň türkmen manadyny resmi kurs arkaly daşary ýurt walýutasyna, şol sanda amerikan dollaryna çalyşmagynyň ýeke täk usullarynyň biri bolup galýar.

Deňeşdirmek üçin aýtsak, häzirki wagt türkmenistanlylar “Western Union” arkaly aýda ortaça 200 dollary daşary ýurtdaky dogan-garyndaşlaryna iberip bilýän bolsa, 2017-nji ýylda bu möçber 1000 amerikan dollaryna çenli barabardy.

Şeýle-de, häzirki wagt türkmenistanlylar daşary ýurtlarda özleriniň VISA kartlaryndan aýda 50-250 amerikan dollary aralygyndaky pul serişdesini nagtlaşdyryp ýa-da nagt däl hasaplaşyklar üçin ulanyp bilýärler. 2017-nji ýylda bu möçber 1000 amerikan dollaryna deňdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG