Kasym-Žomart Tokaýew 20-nji martda Gazagystanyň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirijisi hökmünde kasam getirdi. Mundan bir gün öň, Gazagystany 30 ýyla golaý wagt dolandyran Nursultan Nazarbaýew özüniň wezipeden çekilýändigini yglan edipdi. Şol bir wagtda, 78 ýaşly Nazarbaýewiň ýurtdaky täsirini saklap galjakdygy aýdylýar.
65 ýaşly Tokaýew Moskwada bilim alyp, ol Gazagystanyň premýer-ministri, daşary işler ministri, Senatyň spikeri wezipelerinde işläpdi.
Tokaýew bu wezipede 2020-nji ýylda geçirilmeli prezidentlik saýlawlaryna çenli galar.
Tokaýew gazak parlamentiniň iki palatasynyň, ýagny Mejlisiň we Senatyň bilelikdäki maslahatynda kasam getirdi. Ol öz çykyşynda hökümetiň kabul etjek “strategiki kararlarynyň” Nazarbaýewiň “gymmatly pikirlerine” esaslanjakdygyny belledi. Şeýle-de, ol Gazagystanyň paýtagty Astana Nazarbaýewiň adyny dakmagy teklip etdi.
“Häzirki zamanyň beýik şahsyýeti – Gazagystan Respublikasynyň ilkinji prezidenti Nursoltan Abişewiç Nazarbaýewiň adyny ebedileşdirmek zerurdyr. Biziň paýtagtymyz prezidentiň adyny götermeli; ol Nursoltan atlandyrylmaly” diýip, Tokaýew çykyşynda belledi.
“Nursoltan Nazarbaýew Milletiň hemişelik, ýeke-täk Atasydyr” diýip, hem Tokaýew sözüne goşdy.
Mundanam başga, Tokaýew paýtagtda Nazarbaýewiň heýkelini oturtmagy, onuň ady bilen ýurduň her bir şäheriniň merkezi köçelerini atlandyrmagy söz berdi.
Nazarbaýew Tokaýewi geçiji prezident hökmünde yglan edende, oňa “Gazagystany dolandyrmakda bil baglap boljakdygyny” aýtdy.
Tokaýew Ženewada BMG-niň diplomaty bolup hem işläpdi. Ol gazak, rus, iňlis we hytaý dillerini-de gowy bilýär.
Bu aralykda, Nazarbaýewiň uly gyzy 55 ýaşly Darigha Nazarbaýewa gazak parlamentiniň ýokarky palatasy - Senatyň başlyklygyna saýlandy.
ABŞ-nyň Döwlet Departamenti Nazarbaýewiň wezipesinden çekilmeginden soň Gazagystan bilen “berk” gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
“Waşington Gazagystan bilen meseleleriň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygyny dowam etdirmekçi” diýip, döwlet departamentiniň metbugat wekili maglumat berdi.
“Birleşen Ştatlaryň Gazagystan bilen berk ikitaraplaýyn gatnaşyklary bar. Muňa geçen ýyl prezident Donald Tramp bilen prezident Nazarbaýewiň arasynda geçirilen taryhy duşuşyk hem güwä geçýär. Biz ýagdaýlaryň şu ugurda dowam etdiriljekdigine garaşýarys” diýip, ABŞ-ly resmi nygtady.
2018-nji ýylyň ýanwarynda Nazarbaýew Ak Tamda Tramp bilen duşuşyp, regional howpsuzlygy, ykdysady meseleleri we ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahat edipdi.
Nazarbaýew wezipesinden çekilse-de, ol 2010-njy ýylda parlamentiň oňa “elbasy”, ýagny “ilbaşy” diýen derejäni berendigini hem ýatladyp geçdi.
“Men entegem, uly ygtyýarlyklary göz öňünde tutýan, Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygydyryn” diýip, Nazarbaýew nygtady. Ol heniz hem Nur Otan partiýanyň başlygydygy we Konstitusion Geňeşiniň agzasydygyny hem belledi.
“Men entegem siziň bilendirin. Ýurduň we halkyň aladasy heniz hem meniň aladamdyr” diýip, Nazarbaýew aýtdy.
Nazarbaýewiň wezipeleri oňa uly ygtyýarlygy özünde saklap galmagyna mümkinçilik döredýär.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary boýunça başlygy Federika Mogherininiň metbugat wekili Nazarbaýewiň “döwrebaplaşdyrmak, şol sanda konstitusiýon reformalaryny” gowy garşylady.
Gazagystanyň prezident edarasynyň beren maglumatyna görä, Nazarbaýew prezidentlikden çekilmek meselesini rus prezidenti Wladimir Putin bilen maslahatlaşypdyr. Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde iki lider “geljekde adaty gatnaşyklaryny dowam etdirmek” barada ylalaşypdyr.
Nazarbaýew prezident wezipesinde Russiýa bilen ýakyn gatnaşyklary saklap, şol bir wagtyň özünde-de ýurduň nebit-gaz pudagyna Ýewropadan, ABŞ-dan, Aziýadan sermaýalary çekipdi.
Adam hukuklaryny goraýjylar Nazarbaýewi dissidentleri sem etmekde, demokratiki hasaplanmadyk ses berilişikleriň üsti bilen häkimiýet başynda saklanyp galmakda we özüniň mümkin garşydaşlaryna basyş etmekde aýypladylar.