20-nji fewralda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda Günorta gaz koridoryna degişli Konsultatiw geňeşiň ministrler derejesindäki bäşinji duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Birleşen Şalygyň, Birleşen Ştatlaryň, Ýewrokomissiýanyň we taslama gatnaşýan ýurtlaryň resmileri hem-de halkara energiýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy diýip, Azerbaýjan metbugaty ýazýar.
Ýewropaly komissar Öttinger Türkmenistany Azerbaýjanyň üstünden Ýewropa gaz akdyrmaga çagyrdy. Onuň sözlerine görä, Konsultatiw geňeşiň duşuşygyna gatnaşan ýokary wezipeli türkmen resmisi bu teklibi kabul edýändiklerini ýaňzytdy.
“Ýöne, munuň bilen bagly ahyrky karar Türkmenistana bagly” diýip, Öttingeriň sözleri Interfaksa getirildi.
Günorta gaz koridory Ýewrokomissiýanyň başlangyjy bolup, onuň üsti bilen Kaspi deňziniň hem-de Ýakyn Gündogarda ýerleşýän ýurtlaryň gazyny Ýewropa akdyrmak göz öňünde tutulýar.
Azerbaýjandan Ýewropa çekilmegi göz öňünde tutulýan Günorta gaz koridory taslamasy Günorta kawkaz, Trans Anadoly (TANAP), hem-de Trans Adriatik (TAP) gaz geçirijilerini öz içine alýar.
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda çekilmeli Transhazar, ýagny Hazarüsti gaz geçirijisi barada soňky birnäçe ýyl bäri degişli taraplaryň arasynda resmi derejede gürrüň edilýär.
2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti Brýussele sapar edip, ÝB-niň daşary gatnaşyklar boýunça wekili Federika Mogerini hem-de Ýewropa Komissiýasynyň şol wagtky energiýa meseleleri boýunça wise-prezidenti Maroş Şewçowiç bilen duşuşdy. Türkmen metbigaty bu duşuşyklaryň barşynda Transhazar gaz geçirijisiniň maslahat edilendigini habar beripdi.
Habarlardan mälim bolşuna görä, duşuşyklarda ýewropaly resmiler Transhazaryň durmuşa geçirilmegine maýa goýum çekmek boýunça kömek hödürläpdi.
2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda hazarýaka döwletleriniň arasynda Kaspi Konwensiýasy kabul edildi. Energiýa boýunça bilermenler bu konwensiýanyň kabul edilmegi bilen Hazarüsti gaz geçirijiniň ondan ozal bagly ýolunyň açylandygyny aýtdylar. 1-nji noýabrda türkmen parlamenti konwensiýany makullady.
Türkmenistan gaz söwdasynda 2016 we 2017-nji ýyllarda degişlilikde Russiýany we Eýrany ýirirensoň gaz eksportynda hazirki wagtda diňe Hytaýa garaşly bolup galdy.
Resmi Aşgabat energiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň üstünde işleýändigini aýdýar.
2018-nji ýylyň soňky çärýeginde türkmen metbigaty Russiýa bilen aradaky gaz söwdasynyň 2019-njy ýylyň ýanwaryndan başlap, täzeden ýola goýuljakdygyny aýdan-da bolsa, bu ugur heniz dikelmedi.
Ýewrokomissiýanyň çap eden maglumatlaryna görä, Ýewropa Bileleşigi Günorta gaz koridorynyň üsti bilen Ýewropanyň energiýa pudgaynda Russiýa garaşlylygyny azaltmagy maksat edinýär.
Türkmenistan bilen Ýewropa energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy köp ýyllyklaryň dowamynda agzap gelýär.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi 1998-nji ýylda Partnýorçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi. Ýöne şondan bäri, Ýewroparlament hem-de Bileleşige agza ýurtlaryň parlamentleri Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna salgylnayp, bu dokumenti ratifikasiýa etmäni gelýär.
2008-nji ýylda ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Düşünişmek memorandumyna gol çekildi.
2009-njy ýylda Ýewrokomissiýanyň hem-de Bütindünýä bankynyň hemaýatynda Hazar ösüş taslamasy türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça dürli meýilnamalary teklip etdi. Oňa laýyklykda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda 2011-nji ýylda Gaz söwdasy boýunça şertnama gol çekmek göz öňünde tutulýardy.
2011-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda energiýa gepleşikler has-da ýygjamlaşdy.