Prezident wise-premýere ata-babalaryň ekerançylyk tejribelerini özünde jemleýän parasatly sözleri, nakyllary we atalar sözlerini toplap, sözlük görnüşinde neşir etmegi tabşyrdy.
Iş maslahatynda prezident beýleki tabşyryklar bilen bir hatarda, “milli ekerançylyk däplerini” ösdürmek boýunça-da görkezme beripdir.
Ata-babalaryň oba hojalyk tejribeleri “ençeme atalar sözlerinde, nakyllarda öz beýanyny tapypdyr” diýip, TDH ýazýar. Habarda aýdylmagyna görä, Berdimuhamedow oba hojalyga degişli atalar sözleriniň we nakyllaryň ekerançylygy alyp barmagyň aýratynlyklaryny häsiýetlendirýändigini aýdypdyr.
Prezident “parasatly sözleri toplamak hem-de sözlük görnüşinde neşir etmäge taýýarlamak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi” diýip, 7-nji ýanwarda Türkmenistanyň döwlet telekanallarynda efire berilýän "Watan" habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Ýurduň oba hojalyk syýasatyny yzarlaýan synçylar täze dörediljek nakyllar ýygyndysynyň ýurduň oba hojalyk pudagyna, daýhanyň durmuşyna, ýerleriň meleoratiw ýagdaýyna, bugdaýyň we gök-bakja önümleriniň hasylyna nähili täsir etjekdigi bilen gyzyklanýarlar.
8-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aşgabatly dilçi nakyl toplamak boýunça oba hojalyk uniwersitetinden edilýän täze talap barada gürrüň edip, sowet döwründe-de oba hojalyk bilen bagly täze nakyllaryň dolanyşyga girizilendigini belledi.
Ol muňa mysal edip, “yhlasly ýapyş işiňe, orden dakyn döşüňe!”, “kolhoz maly kimiňki, kim işlese şonuňky” diýen ýaly sözleri getirdi.
Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyna iberen Täze ýyl gutlagynda-da ata-babalaryň sözlerine esaslanyp, 2019-njy ýylyň hasylly we bereketli ýyl boljakdygyny çaklady.
“Täze, 2019-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça doňuz ýyly. Ata-babalarymyz: ‘It ýyly ek, doňuz ýyly or’ diýip, bu ýylyň hasylly, bereketli bolýandygyny belläpdirler” diýip, prezident gutlagynda aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň oba hojalyk syýasatyny ýakyndan yzarlaýan ýerli bir çeşmesi 8-nji ýanwarda beren gürrüňinde, il arasynda şeýle yrymlara duş gelse bolýandygyny gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, ekerançylykda, meselem, daýhanlaryň ýagyş-ýagmyr talabynda yrymlara eýerýänleri görmek bolýar, ýa-da bolmasa gündogar müçenamasyndaky haýwanlara bil baglap, ýylyň hasyl-bereketi boýunça öňünden çaklamala ýöredilýär.
“Mysal üçin, doňuz batgany halaýan jandar, şonuň üçin doňuz ýylynda ýyl ygally bolar öýdülýär” diýip, ýerli çeşmämiz daýhanlaryň gürrüňlerine salgylandy.
“Meselem, atyň toýnagy gaty, şonuň üçin at ýyly sowuk bolar öýdülýär" diýip, ýerli çeşmämiz ekerançylaryň sözlerini getirdi.
It ýylynyň ekişe ýaramlydygy, doňuz ýylynyň hasylly boljakdygy, ýa-da at ýylynyň sowuk boljakdygyny tassyklaýan ylmy subutnamalar ýok, galyberse-de ýyla “itiň, doňzuň, ýa-da atyň we beýlekileriň” atlaryny bermegiň ylmy esasda düşündirişi ýok.
Ýöne ýurduň oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmegi talap edýän prezident Berdimuhamedow 7-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasaryndan oba hojalyk nakyllaryny toplamagy talap etdi.
Türkmenleriň arasynda “başyň gökde bolsa-da, topraga tagzym et!”, “serçeden gorkan – dary ekmez”, “işlemedik dişlemez!”, “bal tutan barmagyny ýalar” we şuňa meňzeş müňlerçe, belki-de has köp nakyl bar.
Ýöne “bal bal diýeniň bilen agyz süýjänok” diýip, Azatlygyň beýleki bir gürrüňdeşi oba hojalyk pudagynda iş ýüzünde amal edilmeli işleriň has möhümdigini belledi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanly kärendeçi daýhanlaryň ençemesi suw, tehnika we dökün ýetmezçiliginden ýygy-ýygydan şikaýat edýär.
Türkmenistan geçen ýyl öňünden 1 million 600 müň tonna diýip meýilleşdiren bugdaý plan borçnamasyny dolup bilmedi. Soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri ýurduň çar künjeginde ýaşaýjylar un-çörek gytçylygyny we gymmatçylygyny başdan geçirýär.
Beýleki tarapdan, ýurt resmileri atalar sözlerini we nakyllary toplamak arkaly ýurduň oba hojalyk pudagyna goşant goşmagy maksat edinýär.