Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda doňdurylan gaz söwdasynyň täzeden açylmak ähtimallygy duýdurylýar


Aşgabatda geçirilen halkara nebit-gaz sergisinde düşürilen surat. Arhiw suraty.
Aşgabatda geçirilen halkara nebit-gaz sergisinde düşürilen surat. Arhiw suraty.

Orsýet Türkmenistan bilen aradaky gaz söwdasyny dikeltmek baradaky gepleşikleriň güýzde gaýtadan başlanmak ähtimallygyny ýaňzydýar.

Bu habar Orsýetiň MTS mobil telefon operatorynyň, “MTS-Türkmenistan” kärhanasynyň işini togtadyp çekdiren zyýany üçin, Türkmenistanyň üstünden suda şikaýat eden wagtyna gabat geldi.

TASS habar gullugynyň 27-nji iýulda Orsýetiň energiýa ministriniň orunbasary Anatoliý Ýanowskä salgylanyp habar bermegine görä, “Gazprom” güýzde türkmen gazyny satyn almak baradaky gepleşiklere täzeden başlap biler.

Mälim bolşy ýaly, “Gazprom eksport” türkmen gazyny satyn almagyny 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen arada turan töleg dawalaryndan we ikitaraplaýyn aýyplamalardan soň bes etdi.

«Meniň pikirimçe, gepleşikler güýzde geçirilip biler. Türkmen gazynyň kommersiýasy boýunça arakesme ýylyň aýagyna çenli” diýip, Ýanowskiý žurnalistlere aýtdy.

Rus metbugatynyň mundan öňki habarlaryna görä, Ýanowskiý fewral aýynyň başynda žurnalistlere Moskwanyň Aşgabatdan gaz almagy dikeltmek barada “hiç hili” gepleşik geçirmeýändigini aýtdy.

Şonda ol Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda gaz söwdasyny dikeltmek baradaky gepleşikleriň nähili barýandygy baradaky soraga“Meniň bilişimçe, hiç hili” diýip jogap beripdi.

“Biz gaz almagy kesemizde arakesmä gol çekdik, şol hem hereketde” diýmek bilen, Ýanowskiýdört aý gowrak mundan öň Aşgabat bilen gazgepleşikleriniň 2019-njy ýylyň aýagyna çenli bolmajakdygyny nygtapdy.

Emma muňa garamazdan, TASS habar gullugynyň maglumatyna görä, “Gazpromyň” başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedew biraz öň Türkmenistandan gaz satyn almak şertnamasynyň dikeldilmek ähtimallygyny aradan aýyrmady. Şol bir wagtda-da ol “Gaspromyň” Türkmenistan bilen şertnamasyny bozmagynyň çynlakaý sebäpleriniň bolandygyny aýtdy, ýöne olary anyklaşdyrmady.

Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky gaz dawasy hakykatda 2009-njy ýylyň aprelinde,türkmen gazyny Orsýete akdyrýan gaz geçirijiniňpartlamagy ýa partladylmagy netijesinde, iki tarapyň arasyndaky gatnaşygyň üýtgemegi bilen başlandy.

Ýöne bu dawa2015-nji ýylyň başynda, Türkmenistan “Gazpromy” satyn alan gazynyň bahasyny tölemezlikde aýyplanda ýetjek ýerine baryp ýetdi.

Moskwa bu aýyplama aýyplama bilen jogap berdi we 2015-nji ýylyň iýunynda, “Gazprom Eksport” ‘Türkmengaz” döwlet konserniniň üstünden Stokgolmadaky arbitraž suduna şikaýat etdi. Ol şikaýatda Türkmenistandan satyn alnan gazyň bahasyna gaýtadan seretmek soralýardy we Aşgabadyň 5 milliard dollar tölegi yzyna gaýtarmagy talap edilýärdi.

Bu talaplar “Türkmengazyň” 2016-njy ýylyň ýanwarynda “Gazprom” bilen şertnamasyny birtaraply bozmagyna, “Gazpromuň” bolsa 2016-njy ýylyň başyndan türkmen gazyny satyn almagy bes edip, yz ýanyndan özbek gazyny satyn almak barada şertnama baglaşmagyna alyp geldi.

Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda doňdurylan gaz söwdasyny gaýtadan janlandyrmak ähtimallygy diňe rus resmileri tarapyndan ýaňzydylmaýar, eýsem türkmen resmileri tarapyndan hemýatladylyp durulýar.

Mysal üçin, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýew geçen ýylyň noýabrynda iki gezek ýurduň Ýewropa hem-de GDA ýurtlaryna tebigy gaz ibermäge taýýardygyny ýatlatdy.

Türkmen resmisiniň sözlerine görä, Türkmenistanyň demirgazyk tarapa hereket edýän magistral gaz geçiriji ulgamy bar. Bu geçiriji arkaly ozal Orsýete we GDA ýurtlaryna tebigy gaz iberilýärdi we, tranzit-ýurtlar bilen gepleşilip, belli bir ylalaşyklara gelinse, bu gaz geçiriji Türkmenistandan Ýewropa we GDA ýurtlaryna gaz ibermek üçin ulanylyp bilner.

Maximilien Lambertsonyň golaýda “The Economist” gazetinde çap edilen makalasynda ýazmagyna görä, Türkmenistan Orsýete we Eýrana gaz satmagyny bes edeninden soň, gaz söwdasynda Hytaýa garaşly bolup galdy we Pekin türkmen gazyna berýän bahasyny kesgit azaltdy.

“Moskwa bilen ylalaşmazlykdan öň Türkmenistan gaz eksportyndan ýylda ortaça 16.5-17 milliard dollar alýardy, emma bu ýurt 2017-nji ýylda gaz söwdasyndan diňe 8.5 milliard dollar gazandy” diýip, Prawda.Ru neşiri Lambertsona salgylanyp ýazýar.

XS
SM
MD
LG