Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmennebit" pul töläp biljek ýagdaýda däldigini 'aýdýar'


Türkmenistanyň ozalky nebit-gaz ministrliginiň binasy.
Türkmenistanyň ozalky nebit-gaz ministrliginiň binasy.

"CIS Debt Recovery Solutions" atly halkara hukuk firmasy Türkmenistanyň "Türkmennebit" döwlet şereketiniň pul töläp biljek ýagdaýda däldigini beýan edýär we onuň halkara şäriklerine energiýa çeşmelerine diýseň baý Türkmenistanyň şol döwlet konserni bilen işleşmegiň uly töwekgelçilik boljagyny bildirýär.

"Türkmennebit" döwlet şereketiniň Kiprde ýerleşýän "I.C.Intercomplect Ltd" atly şäriginiň hukuk wekili höküminde çykyş edýän bu firma Türkmenistanyň döwlet konserniniň 4 ýyldan bäri satyn alan nebit we gaz özleşdirilmeginde ulanylýan enjamlarynyň göwrümi 8 million amerikan dollaryndan gowrak bolan bergisini "wagtlaýynça pul ýetmezçiligi we töleg kynçylygy" sebäpli diýen düşündiriş bilen tölemeýändigini mälim edýär.

Bu barada maglumaty Azatlyk Radiosyna "CIS Debt Recovery Solutions" atly halkara hukuk firmasynyň baş geňeşçisi Taras Kopiý gürrüň berýär.

Hukuk firmasy tarapyndan Azatlyk Radiosyna hödürlenen resminamada görkezilişine görä, häzirki wagtda "Türkmennebit" döwlet konserniniň 2013-nji ýylda "I.C. Intercomplect Ltd" atly firmadan satyn alan nebit we gaz önümçiligi enjamlary üçin tölemeli pulunyň mukdary 8 360 222,25 amerikan dollary möçberinde. Taraplaryň arasynda gol çekilen 26.04.2013 seneli şertnama laýyklykda, Türkmenistanyň almagy göz öňünde tutan barlag laboratoriýasy bilen nebit-gaz känleriniň özleşdirilmeginde ulanylýan burawlaýjy göçme desga bilen bilelikde bu san 9 033 015,00 amerikan dollaryna barabar bolýar.

Resmi hatlarda türkmen tarapynyň "I.C. Intercomplect Ltd" atly firma bergisiniň bardygy barasynda hiç hili garşylyk bildirilmeýär. Enjamlaryň tutuşlygyna iberilmegi hem şol bir wagtyň özünde şertnama laýyklykda "enjamlar gowşurylan badyna gysga wagtyň içinde töleginiň doly amala aşyrylmagyna güwä geçýär". "I.C. Intercomplect Ltd" atly firmanyň başlygy E. Klerides bilen "Türkmennebit" döwlet konserniniň başlygy T. Begjanowyň gol çeken kepilnamasynda, 2015-nji ýylyň 20-nji martyndan başlap 673 692,75 amerikan dollary möçberindäki tölegden soň şertnama laýyklykda "Türkmennebit" döwlet konserniniň galan bergisiniň mukdarynyň 8 360 222,25 amerikan dollarydygy tassyklanýar.

Şertnama laýyklykda umumy tölegiň galan ýüzden 90 göteriminiň, ýagny 8 130 523,50 amerikan dollaryna barabar bolan böleginiň bolsa enjamlar tabşyrylandan soňky 30 günüň dowamynda tölenmelidigi nygtalýar.

Kepilnama
Kepilnama

Taras Kopiý, 2015-nji we 2016-njy ýyllarda türkmen tarapynyň öz bergisiniň öwezini dolmak üçin eýranly tarap bilen görüşmegi maslahat berendigini aýdýar. Şonda Türkmenistan döwletine bergisi bolan bir Eýran firmasynyň agzalýan pul mukdaryny "I.C. Intercomplect Ltd" atly firmanyň hasabyna gönükdirmeginiň teklip edilendigini bildirýär.

Taras Kopiý: Olar biziň müşderilerimiz bilen duşuşyp, ýagdaýy düşündiripdirler. Şonda eýranly bir gaz firmasynyň "Türkmengaz" şereketine bolan bergisini "Türkmennebit" döwlet konserniniň bergisiniň öwezine tölemegi barasynda ylalaşylandygyny aýdypdyrlar we biziň müşderimizem şeýle teklibe oňaýly garapdyr. Gepleşikler geçirildi. Ýöne eýranly tarap tölegi näme üçin hut şeýle görnüşde amala aşyrmalydygyna düşünmeýändigi üçin mundan gaça durjagyny ýaňzytdy.

Hukukçynyň aýtmagyna görä, gepleşikleriň netijesinde, eýranly tarap özüniň bergisini "Türkmennebit" döwlet konserniniň "I.C. Intercomplect Ltd" atly firma bolan bergisiniň öwezine geçirmekden ýüz öwürýändigini resmi hat bilen bildirdi.

Eýranly tarapyň beren jogap hatynyň nusgasy
Eýranly tarapyň beren jogap hatynyň nusgasy

"CIS Debt Recovery Solutions" atly halkara hukuk firmasynyň wekiliniň sözlerine görä, ahyrky gepleşikler hem bir netije bermändir. Türkmenistanyň prezidentine iberilen ýüzlenme hem jogapsyz galypdyr we firma "Türkmennebit" döwlet konsernine berginiň hepdede 700 müň dollar amerikan dollary görnüşinde bölekläp, geçen ýylyň sentýabr-dekabr aýlarynyň dowamynda doly tölenmegi barada teklip hödürläpdir.

"CIS Debt Recovery Solutions" atly halkara hukuk firmasynyň wekili Taras Kopiý hukuk firmasynyň we onuň müşderisiniň Türkmenistanyň döwlet konserniniň öz bergisini üzüp bilmeýändigi üçin öňe sürýän sebäbine amala aşyrýan halkara işlerinden gazanýan girdeýjilerine esaslanylan halatynda hakykata laýyk hasaplamaýandygyny bildirýär.

Taras Kopiý: Olar pul ýokdugyny we gaty kyn finans ýagdaýyny başdan geçirýändigini aýdýarlar. Bu gaty gülkünç. Ol döwlet konserniniň ummasyz girdeýji gazanýandygyny hemmeler gowy bilýär. Bu ýerde eger ýagdaý şeýle bolsa, onda bergisini üzüp bilmez ýaly ol girdeýjileriň nirä sowlandygy barasynda sorag ýüz çykýar.

Taras Kopiý munuň halkara şärikleriň Türkmenistanyň şertnamalardaky öz hyzmatdaşlyk borçlaryny ýerine ýetirmeýändigi barasynda edilen ilkinji arza-şikaýat bolup durmaýandygyny belleýär we "CIS Debt Recovery Solutions" atly halkara hukuk firmasynyň bergini hemmelere jar etmek esasynda töletmegä synanyşýandygyny bildirýär.

Taras Kopiý: Biz mundan owalam "Türkmengaz" şereketi bilen iş salyşdyk we ýagdaý edil şuňa meňzeşdi. Şonuň üçinem biz çözgüdi olaryň halkara iş abraýyna ýetjek täsirleriň fonundan gözleýäris. Has geň galdyrýan tarapy bolsa, biz hemişe olara soňunyň nirä barjagyny öňünden duýdurýarys. Biz olara hat ýazyp, töwella edýäris we eger-de olar oňaýly jogap bermän halatynda, nähili çäreleri görjegimiz barasynda duýduryş edýäris. Biz yzygiderli ýagdaýda olaryň araçylary, iş şärikleri we hyzmatdaşlyk edýän taraplary bilen görşüp, ol döwlet konserniniň öz bergisini üzüp bilmejek ýagdaýdadygyny duýdurýarys. Şeýlelikde, biz aslynda olara özleriniň hem edil biziň müşderimiz ýaly oňaýsyz ýagdaýa düşmezligi barasynda duýduryş edýäris. Biz "Türkmengaz" şereketiniň edil häzirki ýagdaýda 15 million dollar bergisiniň bardygyny bilýäris. Bize bu ugurda birnäçe firma ýüz tutdy we biz şu wagt olar üçin iş alyp barýarys.

Türkmenistanyň hökümeti "Türkmennebit" döwlet konserniniň "I.C. Intercomplect Ltd" atly firma bolan bergisi hakda hiç hili kommentariýa bermeýär. Azatlyk Radiosynyň bu ugurda "Türkmennebit" we "Türkmengaz" döwlet konsernlerinden nähilidir bir maglumat almak synanşyklary başa barmady.

XS
SM
MD
LG