Türkmenistan Eýran bilen tebigy gazyň tölegi boýunça dörän dawany Halkara arbitraž sudunda çözmegi planlaşdyrýar.
Türkmenistanyň resmi mediasynyň maglumatyna görä, duşenbe güni göni aragatnaşyk arkaly geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýewiň ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde “möhüm wezipeleriň çözülişi we bar bolan meseleler, şol sanda birnäçe halkara taslamalaryň amala aşyrylyşy” bilen gyzyklandy.
Arçaýew Berdimuhamedowa Eýran yslam respublikasynyň Milli gaz kompaniýasy bilen baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklara we şertnama laýyklykda, türkmen tebigy gazynyň Eýrana ozal ugradylan möçberlerine töleg boýunça ägirt uly mukdarda algylaryň bardygyny aýtdy.
“Eýran tarapynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda, meseläni çözmek boýunça belli ylalaşyga gelinmedi. Bu meseläniň özara kabul ederlikli oňyn çözgüdini tapmak maksady bilen eýranly hyzmatdaşlar Halkara arbitraž suduna ýüzlenmegi teklip edýärler” diýip, Arçaýew belledi.
Resmi habarda türkmen lideriniň “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysynyň maglumatlaryny diňläp, Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň Halkara arbitraž suduna ýüzlenmek baradaky teklibini goldamak we munuň üçin degişli resminamalary taýýarlamak babatda “anyk tabşyryklary” berendigi aýdyldy. Emma maglumatda bu “anyk tabşyryklaryň” jikme-jikleri we gürrüňi edilýän “algynyň” möçberi aýdyňlaşdyrylmady.
Ýatlap geçsek, geçen ýylyň aýagynda Aşgabadyň we Tähranyň arasynda gazyň tölegleri boýunça dörän dawa bilen baglylykda, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistan Eýrana tebigy gaz akdyrmagyny “birden” bes edipdi. Şonda Aşgabat Tähranyň türkmen gazy üçin 1,8 milliard amerikan dollary möçberinde bergisiniň bardygyny aýdypdy.
Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bolsa akdyrylýan tebigy gazy keseni üçin, Türkmenistan Tährana jerime tölemeli bolar diýip, Aşgabady halkara arbitraž suduna berjekdigini aýdypdy. Aşgabat hem öz gezeginde Eýrana akdyrylýan türkmen gazynyň çäklendirilmek ähtimallygy barada, Tährana öňünden duýdurylandygyny aýdypdy.
Şonda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi “2013-nji ýyldan bäri Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň Eýran yslam respublikasyna öň akdyrylan türkmen gazy üçin, bergisini tölemekde zerur bolan tagallalary etmedi” diýipdi.
Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bolsa, 2007-2008-nji ýyllaryň gyşynda Türkmenistan ýurtdaky gaz ýetmezçiliginden peýdalanyp, ylalaşykda kesgitlenen bahany dokuz esse gymmatlatdy diýdi. Munuň netijesinde, öň 1000 kub metr tebigy gaz üçin 40$ möçberinde töleg alnan bolsa, onuň möçberi 360$ çykarylypdyr.
Bu dawanyň fonunda Eýranyň ýokary derejeli resmileri türkmen gazyna zerurlygyň ýokdugyny aýdyp, telim tapgyr çykyş etseler-de, 5-nji noýabrda Eýranyň döwlete degişli Milli gaz kompaniýasynyň direktory Hamid Reza Araki Türkmenistan bilen dörän gaz dawasyny sud zalynda däl-de, onuň daşynda maslahatlaşyp, gepleşikler arkaly çözmek isleýändigini mälim edipdi.
Türkmenistan öz tebigy gazyny üç ugur boýunça Hytaýa, Russiýa we Eýrana satýardy. 2016-njy ýylyň başynda dörän gaz dawasy sebäpli, Moskwa türkmen gazyny satyn almagy bes edensoň, Aşgabadyň Eýrana akdyrýan gazyny hem kesmegi bilen, Türkmenistan gaz müşderilerinden ikisini ýitirdi.
Häzirki wagtda, Türkmenistan tebigy gaz baýlygy taýdan dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýänem bolsa, ony eksport etmekde diňe bir alyja, ýagny Hytaýa garaşly bolmagynda galýar.
Bu aralykda, 5-nji dekabrda “Reuters” neşiri Hytaýyň Milli nebit-gaz kompaniýasyna salgylanyp, Hytaý we Özbegistan tarapyndan bilelikde özleşdirilýän tebigy gaz taslamasynyň önümçilige geçmäge taýýardygyny mälim etdi. Bu taslama laýyklykda, Özbegistandan Hytaýa her ýyl 1 milliard kub metr tebigy gaz akdyrmagy planlaşdyrýar.
Mundanam başga, 5-nji dekabrda “Stan Radar” neşiri Russiýanyň “Gazprom” kärhanasynyň wekiline salgylanyp, 2018-nji ýylda Russiýanyň Özbegistandan we Gazagystandan satyn aljak tebigy gazynyň möçberini 20 milliard kub metre çenli artdyrjagyny mälim etdi.