Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Arzuwa düşmek şansy her kimde bar'


Polisiýa nokady, Aşgabat (illýustrasiýa)
Polisiýa nokady, Aşgabat (illýustrasiýa)

Adamy azatlykdan mahrum etmek üçin iň aýylganç ýerleriň biri - Aşgabadyň Arzuwdaky saklap-seçiş tussaghanasydyr, bu ýere günde we yzygiderli häsiýetde, sistemanyň işgärleriniň öz sözi bilen aýdylanda, tussaglaryň üpjünçiligi amala aşyrylýar diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy aýdýar.

Arzuw näme?

"Arzuw" - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabadyň eteginde demirgazyk tarapynda ýerleşýän deslapky tussaghanasynyň il içindäki ýörgünli ady. Häzirki wagtda bu tussaghana paýtagtyň çäginde, köne ady bilen Arzuw obasynyň golaýynda ýerleşýär.

Читайте также на русском

Azatlyk Radiosynyň we beýleki garaşsyz habar serişdeleriniň ençeme çeşmesiniň maglumatlaryna görä, bu tussaghana ýowuz tussaglyk şertleri we tussaglaryň rehimsiz daralmagy bilen tanalýar. Bu ýerde tussaglara eden-etdilikli daralmagyna, olaryň urlup-ýenjilmegine, zorlanmagyna degişli ýagdaýlar barada habar berlipdi. Üstesine, ilat arasyndaky ýörgünli pikire görä, bu tussaghana düşmek 'şansy' her kimde bar.

Azatlyk Radiosy Arzuwdaky ýagdaýy öz gözi bilen gören birnäçe adam bilen söhbetdeş boldy.

Arzuwa nädip düşüp bolýar?

Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleriniň biri özüniň alkogola garaşly 25 ýaşly ýegeniniň Daşoguzdaky narkologiýa hassahanasyndan iki aýda agramynyň 20 kilogramyny ýitirip gelmeginiň yzýany, polisiýanyň ony ýene-de Arzuwdaky tussaghana äkidendigini gürrüň berdi: "Gaýdyp geleninden bir gün geçip-geçmän, polisiýa ony içgili däl bolsa-da ýene Arzuwa äkitdi, narkologiýa hassahanasyna ibermek üçin. Ýakynlary onuň bu gezek diri galmajagyna göz ýetirip, 'gerekli adamlara' çykyp Arzuwa bardylar".

Azatlygyň habarçysy, bu tussaghanadaky ýagdaýdan ygtybarly birnäçe çeşme bilen söhbetdeş bolup, bu ýere günde 30 çemesi adamyň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Tussaghananyň işgärleriniň biri, getirilýän adamlar esasan "arakhorlar, öýsüzler, ten satýanlar we dilegçiler" diýýär.

Bu ýere administratiw jogapkärçilige çekilip, 15 gije-gündizlik tussaglyga höküm edilen ýa-da iş gozgalyp, entek sud edilmedikler hem düşýär.

Üstesine, bu tussaghana köçelerde dokument barlaglarynyň netijesinde polisiýa trapyndan saklanýan raýatlar getirilýär. Tussag edilenleriň özleri olary saklap-saklamazlygyň köplenç polisiýanyň öz garamagynda bolýandygyny belleýärler.

Türkmenistanyň paýtagtynda raýatlaryň köçede dokument barlagyna sezewar edilmegine ýygy-ýygydan duş gelinýär. Mundan öň polisiýanyň Aşgabatda ýazga durmadyk, welaýat ýaşaýjylaryny, şeýle-de, gowy geýinmedik adamlary tussag edýändigi barada habar berlipdi.

Plan bar

"Plany doldurmak üçin her kimi saklaýarlar. Adamyň polisiýanyň eline düşmegi üçin onuň myhmançylykdan, ýa-da restorandan gaýdýarka biraz serhoş bolmagy, ýa-da onuň geýimleriniň kämil bolmazlygy ýeterlik. Polisiýa bölüminde pul berip sypmak mümkin, emma ýakynlary wagtynda pula boşadyp ýetişmedik adamlar arakhor hökmünde 10 gije-gündizlik ýa-da has uzak möhletli Arzuwa düşýärler" diýip, tussaghanadaky ýagdaýdan ygtybarly çeşme Azatlyk Radiosyna aýtdy we köplenç tussag edilýänleriň aglaba böleginiň arakhor ýa-da neşekeş däldigini belledi.

Azatlygyň söhbetdeşleriniň bellemegine görä, ten söwdasy bilen meşgullanýan we kanun goraýjylar bilen işleşýän "seks işgärleri" köplenç tussaghana düşmeýärler. Köplenç ten söwdasyny edýär diýip, kafelerde we restoranlarda oturan aýal-gyzlary we agşamlaryna maşgala gatnaşykda bolmadyk erkek adamlar bilen gezelenç edýänleri tussaghana äkidýärler.

Aşgabatda kanun goraýjy işgärleriň tussag etmeli adamlarynyň sanyna degişli planyň bardygy öňem habar berlipdi. "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri polisiýa partullary we polisiýa bölümleri üçin tussag edilmeli adamlaryň sanyna görä, olary höweslendirmek üçin goşmaça maliýe serişdeleriniň tölenýändigini habar beripdi. Maglumatda her bir tussag üçin polisiýa işgärine 125 manat tölenýändigi aýdylypdy.

Aşgbatda, uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda "islenilmeýän elementlerden" arassalaýyşlaryň depgininiň hasam güýçlenýändigi habar berilýär.

Arzuwdaky tussaghananyň öňki bendileriniň sözlerine görä, bu ýere düşýänleriň köpüsi hapaçylyk we rehimsizlik zerarly öz saglygyny ýitirýärler, aýallara has agyr düşýändigini belleýärler.

"Gije-gündizde adamlary diňe üç gezek umumy hajathana çykarýarlar, olaram ýerde deşik görnüşli, ol ýerden gyşda sowuk gelýär, ysy aýylganç, poluň üstüni tutuş peşew örýär. Hammamy bolsa gyş, tomus sowuk suwly krantly otag. Kameralarda sowadyjy ýok, diňe äpişgeleriň aýnasyzdygy yssydan halas edýär. Bu zatlaryň ählisinden daşary adamlar iýmitiň gowşaklygyndan mydama açlyk duýýar" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi habar berdi.

Ozalky ýyllarda Arzuwdaky tussaghananyň ýagdaýy bilen baglylykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýokary wezipeli ýolbaşçylary öz wezipelerinden mahrum edilipdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy, raýatlaryň şikaýatlaryna sertmek boýunça prezidentiň ýanynda döredilen ýörite komissiýasynyň işiniň netijesinde, 2007-nji 2008-nji ýyllarda bu ýerdäki zorluklaryň üsti açylansoň, şol wagtky içeri işler ministriniň wezipesinden mahrum edilendigini belledi.

Redaksiýadan: Azatlyk Radiosy öz çeşmeleriniň we Türkmenistandaky söhbetdeşleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen olaryň atlaryny görkezmekden saklanýar.

XS
SM
MD
LG