Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary tamamlanandan bir gün soň, ýagny 28-njy sentýabrda howpsuzlyk çäreleriniň ýokary bolmagynda galýandygy, oýunlara gabatlanyp girizilen çäklendirmeleriň we gadagançylyklaryň dowam edýändigi habar berilýär.
Ýatladyp geçsek, türkmen häkimiýetleri oýunlaryň öň ýanynda, Aşgabatda alkogolly içgileriň satylmagyny gadagan etdiler, şäher we region ilatynyň paýtagtdaky hereketini çäklendirdiler, ozalky tussaglara ýaryşlaryň geçirilýän ýerleriniň golaýynda görünmezligi buýurdylar we eýesiz it-pişikleri ýok etmek, dilegçi çagalaryň köçä çykmagynyň öňüni almak üçin berk çäreleri gördüler.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu gadagançylyklar we çäklendirmeler öz güýjünde saklanyp galýar. Şeýle-de, bu oýunlaryň geçirilýän desgalarynyň dört tarapynda ýerleşen we mundan bir aý çemesi ozal ýapylan şaýollar we Olimpiýa toplumynyň günortasyndaky Parahat 1, Parahat 2/1 we Parahat 2/2 etrapçalaryndaky köçeler hem ýapyklygyna galýar. Bu etrapçalara awtoulaglar goýberilmeýär we adamlar henizem pyýada hereket edýärler.
“Aşgabat - 2017” oýunlary tamamlanan bolsa-da, Olimpiýa toplumynyň golaýyndaky köçelere, seýilgählere we etrapçalaryň içindäki boş meýdançalara polisiýa işgärlerinden başga-da, raýat eşigindäki we harby lybasdaky howpsuzlyk işgärleriniň gözegçiliginiň dowam edýändigi aýdylýar.
“Bulardan başga-da, şu günden başlap köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän awtoinspektorlaryň sany köpeldi. Olaryň käbiri etrapçalaryň içindäki köçelere pyýada aýlanýarlar, käbiri ýörite döwlet awtoulagynda gözegçilik edýärler. Köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän awtoinspektorlar munuň sebäpleri barada soranyňda: ‘käbir awtoulag eýeleriniň para berip, etrapça girýändigi barada bizde maglumat bar. Munuň öňüni almak üçin çäre görýäris’ diýip jogap berýärler” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.
Türkmenistanda geçirilýän iň uly halkara çäresine gabatlanyp girizilen gadagançylyklaryň haçan ýatyrylyp, raýatlaryň adaty durmuşa haçan dolanjakdygy barada, resmi taýdan ilat köpçüligine anyk maglumat berilmeýär.
Emma Köpetdag etrap häkimliginiň we köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän awtoinspektorlaryň käbir jogapkär işgärleri bu gadagançylyklaryň 1-nji oktýabrdan başlap ýatyrylmagy barada gepleşikleriň geçirilýändigini, ýöne anyk bir zat aýdylmaýandygyny, Azatlygyň paýtagtdaky çeşmesine gürrüň berdiler.
“Adynyň efirde agzalmazlygyny soran döwlet işgärleri ‘bize 1-nji oktýabra çenli gözegçiligi hiç hili gowşatmaly däl diýip görkezme berdiler’ diýdiler” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýdýar.
Galyberse-de, ol 28-nji sentýabrda irden sagat 10:00 çemesi şäheriň beýleki etrapçalaryndan getirilen köçe süpürijileriň oýunlaryň ýapylyş dabarasynda atylan feýerwerkleriň galyndylaryny ýygnap başlandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu oýunlaryň “ýurduň dünýädäki abraýyny aýtdyrjakdygyny” tekrarlasalar-da, oýunlara gabatlanyp girizilen gadagançylyk we çäklendirmeler, şeýle-de olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada kelam söz aýtman gelýärler.