ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň adam hukuklary boýunça täze ýyllyk hasabatynda Türkmenistanyň awtoritar döwlet bolmagynda galýandygy bellenýär.
2016-njy ýylda kabul edilen Konstitusiýa Türkmenistany dünýewi demokratiýa hökmünde häsiýetlendirýän hem bolsa, ýurt Gurbanguly Berdimuhamedowyň we onuň ýakyn töwereginiň gözegçiligindäki awtoritar hökümet tarapyndan dolandyrylýar diýlip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan 2017-nji ýylda 200 çemesi dünýä ýurdunyň adam hukuklary boýunça amala aşyran hereketleri barada çap edilen hasabatyň Türkmenistana degişli böleginde aýdylýar.
Türkmenistanda adam hukuklarynyň depelenmegine degişli esasy meseleleriň arasynda gynamalar, eden-etdilikli tutha-tutluklar, zor bilen saklamak, ýowuz türme şertleri, syýasy tussaglar, raýatlaryň şahsy durmuşyna goşulmak, oýüne we şahsy maglumatlaryna eden-etdilikli el urmak; söz, metbugat, ýygnanyşmak, bileleşmek, dini we hereket azatlygynyň, internet elýeterliliginiň çäklendirilmegi, raýatlaryň öz hökümetini erkin we adalatly saýlamak mümkinçiligine eýe bolmazlygy ýaly problemalar hasabatda agzalýar.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň adam hukuklary boýunça hasabatynyň, raýatlaryň azatlykdan zor bilen mahrum edilmegi, şol sanda olaryň janyna hatar döredilmegi we syýasy matlaply öldürilmegi ýaly meseleler boýunça bölüminde Türkmenistanda soňky ýylyň dowamynda adamlaryň syýasy matlaply ýitirim edilmegine degişli wakanyň hasaba alynmandygy aýdylýar, şol bir wagtda-da, “Olary diri görkeziň!” atly hökümete degişli bolmadyk halkara kampaniýasynyň ýöredýän sanawynda ozalky ýyllarda zor bilen ýitirm edilenleriň sanynyň 112 adama ýetendigi bellenýär.
Şeýle-de, hasabatda Türkmenistanyň ba kanunynda raýatlarynyň söz, pikir azatlyklaryna kepil geçilýändigine garamazdan, türkmen hökümetiniň bu hukuklara hormat goýmaýandygy aýdylýar.
Dünýä ýurtlarynyň azatyk derejesine baha berýän “Freedom House” guramasynyň soňky hasabatynda Türkmenistanda metbugat azatlygynyň derejesi “erkin däl” kategoriýada ýerleşdirilendir.