Türkmenabatda kommunal jaýlarynda, ýagny döwletiň eýeçiligindäki öýerde ýaşaýan raýatlaryň öý tölegleri 25% gymmatlady. Mundan närazy bolan raýatlara jaýlaryny hususylaşdyrmak barada häkimiýetler tarapyndan teklip edilýär.
“Meýdany 28 inedördül metrlik iki otagly öýümiň aýlyk tölegini şu aý 200 manada galdyrdylar. Ondan öň 150 manat töleýärdim. Pikir edip görüň, bir ýylyna 2400 manat. Ýaşaýyş jaý üpjünçilik bölüminde: '200 manat tölemek islemeýän bolsaňyz, öýi priwatizasiýa etdiriň' diýip aýtdylar. Men näme etmeli indi bilemok” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy bu barada özüne 25-nji oktýabrda ýaşaýan öýüniň bir ýyllyk tölegini geçirmek üçin degişli öý dolandyryş edarasy ýaşaýyş jaý üpjünçilik bölümine (ÝJÜB) baranda aýdylandygyny gürrüň berdi. Ol jaý töleginiň gymmatlamagynyň başga-da ençeme maşgala täsir edendigini belleýär.
“Biziň köpümiz 1969-njy ýylda, Türkmenabatda Amyderýanyň joşmagyndan soň tiz wagtyň dowamynda gurulan köpgatly jaýlarda ýaşaýarys. Olaryň ählisi-de bir eýýäm ulanyş möhletinden çykdy" diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, agzalan jaýlaryň ýaşaýjylarynyň aglaba bölegi kommunal öýlerde ýaşaýar. Düzgün boýunça, ÝJÜB öýüň içki abatlaýyş işlerini döwletiň hasabyna geçirmeli, agyz suwy we lagym turbalaryny, suwa düşülýän wannalary we hajathanadaky abzallary özi goýup bermeli.
Ýerli ýaşaýjylar ýaşaýyş jaý üpjünçilik bölümi könelişen jaýlary bejermek boýunça ähli çykdaýjylary öz boýnuna almagy islemän, ýaşaýjylary jaýlaryny hususylaşdyrmaga mejbur edýär diýip, hasap edýär.
Azatlyk Radiosy agzalan jaý üpjünçilik bölüminiň özünden ýaşaýjylaryň öý tölegleriniň gymmatlamagynyň sebäplerini anyklap bilmedi.
Bu aralykda jaýyny hususylaşdyrmaga synanyşýan raýatlar başdan geçirýän kynçylyklary barada gürrüň berýärler. Raýatlaryň biri özüniň kiçijik 2 otagly, meýdany 28 inedördül metrlik öýüni hususylaşdyrmak üçin 4 aýyny sarp edip, awgust aýynda öz eýeçiligine geçirendigini gürrüň berdi.
“20 ýyldan gowrak ýaşan öýümi hususylaşdyrmak üçin şäheriň Gurbansoltan eje köçesinde şäher salgyt edarasynyň binasynda ýerleşýän öýi hususylaşdyrýan bölüme bardym. Hususylaşdyrmak üçin 1600 manat tölegini töledim. Öýi hususylaşdyrmak üçin, bir topar resminamalardan başga-da, öýde resmi taýdan hasapda duran ýaşaýjylaryň ählisini gatnaşdyrmaly boldy. Olar gatnaşmadyk ýagdaýynda, ýörite komissiýanyň öýi hususylaşdyrmakdan ýüz öwürjekdigi hakynda duýduryş berdiler” diýip, ýaşaýjy gürrüň berýär.
Türkmenabatly çeşmeleriň gürrüň bermegine görä, jaýy öz eýeçiligine almak bilen çykdajylaryň we tölegleriň möçberi azalmaýar.
Hususy eýeçilikdäki öýüň tutýan meýdanyna görä, töleg etmeli bolýar, mysal üçin 30 inedördül metriň tölegi hasapda duran adamyň sanyna baglylykda üýtgäp, her aýda 34-37 manat aralygynda bolýar.
“ÝJÜB-niň düşündirişine görä, näçenji gatda ýaşaýan bolsaň-da, öýüň meýdanyna barabar ýer üçin aýlyk tölegi alynýar. Hususylaşdyrmakdan soňra jemagat edaralarynyň geçirmeli abatlaýyş işleri dolylygyna öý eýesiniň boýuna ýüklenýär” diýip, türkmenabatly gürrüň berýär.
Ýerli çeşmeleriň sözlerine görä, Türkmenabatda hususylaşdyrylmadyk we döwletiň eýeçiligindäki jaýlaryň köpüsi sowet döwründe gurlan köne binalarda ýerleşýär. Köpgatly jaýlaryň ýaşaýjylary bejergä mätäç köne binalaryň yzygiderli görnüşde maddy serişdeleri talap edýändigini we bejeriş işlerini öz hasabyna etmegiň maşgallara agram saýandygyny aýdýarlar.
Şeýle-de uly çykdajylary talap edýän köne jaýlary satmak kyn bolýar.
“Bir otagly öýümi satmakçy boldum. 15 müň dollar hem beresleri gelmeýär. Täze gurlan panel jaýlarda bir otagly jaýlaryň bahasy 25 müň dollardan ýokarda. Men daşary ýurda gitjek bolýaryn, şol sebäpden öýümi satjak bolýaryn. Emma onlarça ýylyň dowamynda bu öýe eden harajatlarym 15 müň dollardan hem has köp boldy. Adamlar bu jaýlardan öý satyn alasy gelmeýär. Sebäbi könelikden ýaňa jaýyň ýykylyp- ýykylmajagy belli däl” diýip, başga bir türkmenabatly gürrüň berdi.
Türkmenistanda raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrmak mümkinçiligi 2014-nji ýylda döredi. Türkmenistanda Döwletiň jaý fondundaky ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrmak baradaky kanun 2013-nji ýylyň 22-nji iýunynda kabul edilip, 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje giripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum