Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen döwleti 100 ýaşady


Sowet Merkezi Aziýasynyň kartasy. 1928-nji ýyl. Arhiw suraty.
Sowet Merkezi Aziýasynyň kartasy. 1928-nji ýyl. Arhiw suraty.

27-nji oktýabrda häzirki Türkmenistanyň çäginde Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň (TSSR) esaslandyrylmagyna göni 100 doldy.

Bu tema boýunça Azatlyk Radiosynyň web sahypasynda çap edilen makalanyň doly mazmuny bilen şu çelgiden tanyş bolup bilersiňiz!

XIX asyryň ahyrlarynda rus goşunlary tarapyndan basylyp alnan we munuň netijesinde Rus patyşalygyna birikdirilen territorial çäklerde XX asyryň birinji çärýeginde, Sowet Sosialistik Respublikalar Soýuzynyň çäginde, ilkinji häzirki zaman türkmen döwleti esaslandyrylýar.

Türkmenistan SSR-i häzirki Türkmenistanyň çäklerinde, ozal Rus patyşalygynyň Türküstan guberniýasynyň Zakaspi oblastyny, ozalky Hywa hanlygynyň hem-de Buhara emirliginiň bir bölegini öz içine alýan sebitlerde türkmen sowet ýolbaşçylary tarapyndan esaslandyrylýar.

Bu bölünişik Moskwa häkimiýetleriniň tutuş Orta Aziýa sebitinde milli-döwlet bölünişigi bilen bagly döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän döwürlerinde amal edilýär.

Etniki gelip çykyşy boýunça esasan türkmenleriň ýaşaýan sebitlerinde bir bitewi dile, medeniýete we bir bitewi ykdysadyýete eýe bolan Türkmenistan döwleti 1925-nji ýylyň 24-nji fewralynda Aşgabatda geçirilen Bütintürkmenistan sowet gurultaýynda “TSSR-i döretmek hakynda Jarnama” bilen yglan edilýär we şol bir gurultaýda “Türkmenistan SSR-niň SSSR-iň düzümine meýletin girýändigi hakynda” karar kabul edilýär.

Taryhy çeşmelerden mälim bolşuna görä, daşary ýurtlaryň arasynda ilkinjilerden biri bolup, Türkiýe Respublikasy 1925-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasyny özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edýär.

Ýöne Sowet Soýuzyna bakna Türkmenistan Moskwadan birugsat daşary syýasaty kesgitläp, daşary ýurtlar bilen aragatnaşygy ýola goýup bilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasynyň nobatdaky sany bu möhüm senä bagyşlanýar. Gepleşige Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.

DT: Türkmen döwleti 100 ýaşady
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG