Oppozisiýanyň we Zurabişwiliniň düzgün bozulmalary barada bildiren aýyplamalary sebäpli, Gürjüstanyň prokurorlary 26-njy oktýabrda geçirilen saýlawlarda dolandyryjy "Gürjüstan arzuwy" partiýasynyň ýeňiş gazanandygyny aýdýan saýlawlarynda bolup biljek galplaşdyrmalary derňemäge başlap, prezident Salome Zurabişwilini görkezme bermäge çagyrdy.
Derňew ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň Gürjüstanyň demokratik regresine çuňňur alada bildirip, ses berişlikde ýol berlendigi aýdylýan galplyklary aç-açan derňemäge çagyrmagyndan soň başlandy.
Gitdigiçe awtoritarlaşýan “Gürjüstan arzuwy” sesleriň 54 göterimine golaýyny alyp, ýeňiş gazanandygyny yglan etdi. Bu ýagdaý müňlerçe adamyň nägilelik bildirmegine alyp geldi. Olar dolandyryjy partiýanyň Russiýa taktikasyny ulanyp, saýlawlaryň netijelerini galplaşdyrandygyny öňe sürdüler. Halkara saýlaw gözegçileri bolsa, saýlawlaryň “oýun meýdançasyndaky deňsizlik, basyş we dartgynlylyk” bilen bozulandygyny aýtdylar.
Saýlaw gözegçileri sesleriň satyn alynmagynyň, gaýtalap ses bermegiň, fiziki zorluk we gorkuzma ýagdaýlarynyň hasaba alnandygyny aýtdylar.
Baş prokuratura beýanat çap edip, deňrewiň Zurabişwili saýlaw düzgünleriniň bozulandygyny aýdyp, netijeleri kabul etmekden ýüz öwüreninden soň açylandygyny aýtdy.
"Prezident Salome Zurabişwiliniň 2024-nji ýyldaky parlament saýlawlarynyň mümkin bolan galplaşdyrylmasy barada subutnamasy bolmaly we, şunuň bilen baglylykda, kanun tarapyndan bellenilen tertipde, ol 31-nji oktýabrda sorag edilmäge çagyryldy" diýip, beýanatda aýdylýar.
Beýanatda, Merkezi saýlaw toparynyň ýüz tutmasynda görkezilişi ýaly, şeýle-de, Gürjüstanyň prezidentiniň, aýry-aýry syýasy partiýalaryň wekilleriniň we synçy missiýalarynyň aýyplamalaryny öwrenmek maksady bilen, ähli zerur derňew we prosessual çäreleriniň amala aşyryljakdygy aýdylýar.
"Derňewiň çäginde güman edilýän jenaýat faktlary barada maglumaty bolan ähli adamlar sorag ediler" diýip, beýanatda prokuraturanyň derňew netijeleri barada halka wagtly-wagtynda habar berjekdigi hem bellenýär.
Saýlawlar "Gürjüstan arzuwy" ýyl başynda Russiýanyň "daşary ýurt agenti" kanunyna meňzeş gapma-garşylykly "daşary ýurt täsiri" kanunyny kabul edeninden soň geçirildi.
Parliament ol kanunyny oppozisiýanyň boýkot etmegine we aýlap dowam eden, käte zorlukly basylyp ýatyrylan köpçülikleýin protestlere garaman kabul etdi.
Mundan başga, geçen aýda LGBT hukuklaryny çäklendirýän kanunlar hem kabul edildi.
“Gürjüstan arzuwy” bilen ylalaşmaýan, ýöne konstitusiýa ygtyýarlyklary çäkli bolan Zurabişwili 29-njy oktýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Günbatary ýurdy günbatar ýolunda saklamak üçin Tbilisä basyş görkezmäge çagyrdy.
Baýden Ak tam tarapyndan çap edilen beýanatynda saýlawlaryň "administratiw çeşmelerden nädogry peýdalanylmagy, saýlawçylary gorkuzmak we mejbur etmek bilen utgaşandygyny" we Gürjüstanyň raýatlarynyň saýlaw netijelerine parahatçylykly protest bildirmek hukugynyň bardygyny aýtdy.
Käbir Günbatar ýurtlary, Şwesiýa we Kanada, habar berlen saýlaw galplyklaryna jogap hökmünde, eýýäm Tbilisi bilen gatnaşyklaryny azaltdy.
“Gürjüstan arzuwy” soňky ýyllarda, kawkaz ýurdunyň 2023-nji ýylyň dekabrynda ÝB-ne dalaşgär statusyny alandygyna garamazdan, Tbilisiniň Günbatar bilen gatnaşyklaryny gowşatmaga başlady.
Baýden Birleşen Ştatlaryň Gürjüstanyň özygtyýarlylygyny, territorial bitewiligini we Ýewro-Atlantik isleglerini köpden bäri berkden-berk goldap gelýändigini ýatlatdy.
"Şu sebäpden men ýurduň soňky demokratik yza çekilmelerinden, şol sanda esasy azatlyklary çäklendirýän we garaşsyz raýat jemgyýeti guramalarynyň ýerini daraldýan rus kanunlaryna çalymdaş kanunlaryň kabul edilmeginden örän alada galdym” diýip, Baýden aýtdy.
Forum