Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan BMG-de Ähliumumy döwürleýin syn boýunça hasabat berýär


BMG-niň Ženewadaky baş edarasy
BMG-niň Ženewadaky baş edarasy

Türkmenistan üstümizdäki aý BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň Ahliumumy döwürleýin syny boýunça hasabat berer.

Читайте также на русском

2006-njy ýylyň mart aýynda BMG-niň Baş assembleýasynda Adam hukuklary geňeşi döredildi. Geňeş 2007-nji ýylda Ähliumumy döwrüleýin syn boýunça çözgüt kabul edip, şondan bäri BMG-a agza bolan 193 ýurt boýunça her 5 ýylda bir gezek geňeşiň düzümindäki Ýörite iş topary döwürleýin syn berýär.

Ähliumumy döwürleýin synyň dowamynda onuň tebigatyna laýyklykda hökümete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramalarynyň hem öz iş alyp barýan ýurtlary boýunça taýýarlan hasabatlary alga alynýar.

Munuň bilen baglylykda, düýn 11-nji aprelde BMG-niň Ženewadaky edarasynda agzalýan syn boýunça brifing geçirildi we onuň dowamynda “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň, Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň, şeýle-de “Human Rights Watch” guramasynyň bilelikde taýýarlan hasabaty ýaýradyldy. Bu barada Hronika Türkmenistan neşiri habar berdi.

Türkmenistan boýunça mundan ozalky Döwürleýin syn 2013-nji ýylda geçirilipdi. Hökümete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramalarynyň aýtmaklaryna görä, Türkmenistan mundan 5 ýyl ozal özüne berlen ähmiýetli rekommendasiýalary berjaý etmäni gelýär. Has anyklaşdyranymyzda, beýleki meseleler bilen bir hatarda Türkmenistan öz raýatlarynyň söz azatlygy, ýygnanyşmak azatlygy, hereket azatlygy we zorlukly ýitirim edilmeler babatda özüne berlen maslahatlara eýermäni gelýär.

Ähliumumy döwürleýin synyň dowamynda jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda degişli ýurtlaryň resmi hasabatlary-da diňlenýär. Syn berilýän döwletleriň taýýarlaýan 20 sahypadan köp bolmadyk hasabatynda degişli döwürlerde ýerine ýetirilen işler we özüne berlen rekommendasiýalar boýunça görlen çäreler barada maglumat berilýär.

2013-nji ýylda geçirilen synyň dowamynda Türkmenistanyň wekilçilik topary ýurtda esasan kanunçylyk ulgamynda bitirilen işler barada giňişleýin maglumat berdi. BMG-nyň Iş topary Türkmenistanyň bu ädimlerini makullap, kanunlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini maslahat berdi.

Halkara hukuk goraýjy guramalar Türkmenistandaky adam hukuklarynyň kemsidilmegi boýunça beýleki meseleler bilen bir hatarda, hususan-da ýurtda söz azatlygynyň çäklendirilmegi, adamlaryň hereket azatlygynyň göz-görtele “çeýnelmegi” ýaly meseleler, şol sanda zorlukly ýitirim edilmeler babatda aladalaryny beýan edip gelýär.

Ýatladyp geçsek, Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýän Saparmämmet Nepeskulyýew 2015-nji ýylda gadagan edilen neşe serişdelerini saklamakda aýyplanyp, 3 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Halkara hukuk goraýjy guramalar bu aýyplamalaryň toslamadygyny nygtap, häkimiýetleriň ondan žurnalistiki işi sebäpli ar alandygyny aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde,2013-nji ýylda döredilen “Olary diri görkeziň!” kampaniýasy türkmen türmelerinde “zorlukly ýitirim edilenleriň” ykballarynyň olaryň maşgala agzalaryna, dogan-garyndaşlaryna aýdyňlaşdyrylmagy boýunça meseleleri gozgaýar. Kampaniýanyň 23-nji fewralda täzelän sanawynda Türkmenistanda 113 adamyň zorlukly ýitirim edilendigi habar berilýär.

2016-njy ýyldan soňky döwürde zorlukly ýitirim edilmeleriň pidalarynyň sanawyndaky adamlaryň birnäçesiniň ykbaly belli boldy, olaryň jesetleri garyndaşlaryna jaýlamak üçin berildi.

2013-nji ýyldaky Ähliumumy döwürleýin synda beýleki rekommendasiýalar bilen bir hatarda, Türkmenistana adam hukuklaryny goramak boýunça mehanizmiň pugtalanadyrylmagy maslahat berilýär.

Türkmenistan 2016-njy ýylda täze Konstitusiýany kabul etdi. Ýurduň resmi wekilçilikli toparlary, seýrek-de bolsa adam hukuklary boýunça geçirilýän halkara ýygnaklara gatnaşanda, ýurduň täzelenen Baş kanunynda adam hukuklarynyň ýadaýyny ösdürmek boýunça oňyn ädimleriň ädilendigini aýdýar.

Resmiler ýurtda Ombudsmeniň, ýagny Adalatçynyň wezipesiniň döredilmegini muňa mysal edip görkezýär.

Halkara hukuk goraýjy guramalary resmiler bilen ylalaşmaýar, “ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýy gözgyny” diýýär.

XS
SM
MD
LG