Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşynyň täze köpugurly hassahanasy bejeriş işlerine mätäç


Balkan welaýatynyň hassahanasy (Illýustrasiýa suraty)
Balkan welaýatynyň hassahanasy (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda soňky ýyllarda täze keselhanalaryň birnäçesi gurlup, ulanyşa berildi. Olaryň biri Türkmenbaşynyň köpugurly keselhanasy. Azatlygyň habarçysy we çeşmeleri bu kaşaň hassahananyň binasynyň iki ýylda sandan çykandygy habar berýärler.

Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň ulanyşa berlenine köp wagt geçmedik hem bolsa, binanyň diwarlaryny, üçegini we santehnikasyny bejermek hem täzelemek zerurlygy döräpdir.

"Binanyň diwarlarynda uly jaýryklar we kiçi jaýryklar aşa köpelip barýar. Soňky iki ýylda welaýatda bolan kiçi ýer yranmalary binadaky näsazlyklary köpeltdi" diýip, anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň biri aýtdy.

Şeýle-de, keselhananyň içinde hassalar üçin otaglarda hajathanalaryň we ýuwunyş otaglaryndaky keramiki plitkalaryň gopup, otaglaryň tas ählisinde suw akdyryjy enjamlaryň we lagym turbalaryň hatardan çykandygyny çeşmeler aýdýar.

"Geçen hepdede ýagan güýçli ýagyş binanyň gurluşygynda goýberilen kemçilikleriň we ýerzeminleriniň ýaramaz ýagdaýynyň üstüni açdy" diýip, çeşme aýdýar.

Köpugurly hassahana 2022-nji ýylyň aprel aýynda ulanyşa berlipdi.

Resmi habarlarda aýdylyşyna görä, 400 orunlyk täze lukmançylyk merkeziniň gurluşygyny "Ussat Inžener" kompaniýasy amala aşyrypdy. Keselleriň öňüni almak we bejermek üçin ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen bu hassahanada 27 bölümiň bardygy we raýatlaryň saglygyny dikeltmek üçin ähli şertleriň döredilendigi aýdylypdy. Bu binanyň gurluşygyna sarp edilen maliýe serişdeleriniň mukdary resmi habarlarda agzalmady.

Türkmenbaşynyň köpugurly keselhanasynyň ulanylyşa berilmeginden geçen iki ýylyň dowamynda dörän kemçilikleri düzetmek üçin häzir işgärlerden pul toplanýar.

"Hassahananyň işgärlerinden abatlaýyş işleri üçin bir müň manatdan pul toplandy. Bu pul hem ýetmeýär. Gurluşyk harytlary gymmat. Biz tapgyrlaýyn bölekleýin remont ederis, emma binanyň gurluşynda düýpli kemçilikler bar. Bolmalysyndan az armatura we hili pes sement ulanylypdyr. Munuň netijesinde diwardaky uly jaýryklardan owranyp duran beton hassahana işgärlerini gorka salýar. Işgärler çykdajy edip, üçekdäki ýa-da hajathanadaky kemçilikleri düzedip biler, ýöne binanyň özüne kepil ýok" diýip, hassahanadaky ýagdaýdan habarly çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy hassahananyň wekillerinden we welaýatyň saglyk ýolbaşçylaryndan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.

Türkmenbaşynyň köpugurly keselhanasyndaky ýagdaýdan habarly çeşmeler şäherdäki suwuň hiliniň ýaramazlygynyň bu saglyk edarasyna hem täsir edýändigine ünsi çekýärler.

"Hassahananyň gurluşygyna başlanmanka deňiz kenarynda suw bardy. Häzir deňiz kenarynyň suwy çekilip, nebiti gaýtadan işleýan zawodyň lagym suwlaryndan emele gelen porsy batgalyk ysly suw hassahana gelýär. Bu näsaglary we hassahana işgärlerini rahatsyz edýär we adamlaryň endamy ýara bolýar" diýip, çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.

Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagyndaky problemalar häkimiýetler tarapyndan agzalmaýarka, ilatyň uly bölegi kadaly medisina kömeginden mahrum bolýar.

Azatlygyň habarçylary saglyk edaralaryndaky medisina hyzmatlarynyň ilatyň uly böleginiň girdejilerine garanda aşa gymmat bolmagyna garamazdan, hiliniň örän pesdigini, üstesine giň ýaýran parahorlugyň ýagdaýy agyrlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

Bu aralykda maddy mümkinçiligi bolan raýatlar saglygyny bejermek üçin daşary ýurtlara, şol sanda goňşy Özbegistana gatnamagy saýlaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG