Gurluşygy dowam edýän Aşgabat – Türkmenabat awtomagistralynyň Mary – Türkmenabat böleginiň gurluşygy haýal barýar. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bu ýagdaýa işçileriň aýlyklarynyň wagtynda berilmezliginiň hem-de gurluşyk tehnikalaryna zerur bolan awtoulag ýangyjynyň ýetmezçiliginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
“Awtomagistralyň gurluşygyna gatnaşýan işçileriň we tehnikalaryň sany juda az. Meniň tanşym bu ýoluň gurluşygynda işleýärdi. Emma ol bir hepde mundan öň işden çykdy. Tanşyma görä, awgust-oktýabr aýlary aralygynda 50-den gowrak ýol-gurluşyk işçisi aýlyk haklarynyň wagtynda berilmeýändigi sebäpli, işden çykypdyrlar” diýip, sebitara ugurlarda taksiçilik bilen meşgullanýan bir lebaply sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Başga-da birnäçe sürüji iri ýoluň gurluşyk işleriniň haýallaýandygyny tassyklap, bu ýagdaýy ýurtda soňky birnäçe aý bäri ýitileşip dowam edýän ýangyç ýetmezçiligi bilen ilteşdirýärler.
“Ýaňy-ýakynda bolup geçen görlüp-eşidilmedik ýangyç gytçylygy zerarly, tehnikalar togtadylyp, gurluşyk işleri haýallady. Üstesine, işçileriň aýlyklary hem öz wagtynda berilmän, bir topar adam işden çykdy. Häzir hem gurluşyk tehnikalaryna ýangyç tapmak aňsat däl, şonuň üçin gurluşyk işleriniň depgini haýallady, işler intensiw däl” diýip, beýleki bir taksi sürüjisi aýdýar.
Lebap welaýatyndan Mary we Ahal welaýatlaryna, ýa-da paýtagt Aşgabada gatnaýan taksiler sebitleriň arasyndaky iri ýollaryň ýagdaýyndan habarly bolup, olar ýokary tizlikli ýolda alnyp barylýan gurluşyk işlerini ýakyndan synlaýarlar.
Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat – Türkmenabat awtomagistralynyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda badalga berildi. Iri infrastruktura taslamasynyň gurluşygy üç tapgyrda amala aşyrylýar. Ýoluň Aşgabat – Tejen bölegi 203 kilometr, Tejen – Mary bölegi 109 kilometr we Mary – Türkmenabat bölegi 288 kilometr bolup, möhüm gurluşyk taslamasynyň birinji we ikinji tapgyrlary tamamlandy.
Bu ýoluň Aşgabat – Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda açylyp ulanylmaga berildi. Möhüm açylyşdan üç ýyl soňra, 2024-nji ýylyň aprel aýynda Tejen – Mary bölegi hem işe girizildi.
Ýöne ýokary tizlikli ýoluň gurluşygyndan habarly çeşmeler magistralyň iň uzyn bölegi bolan Mary – Türkmenabat böleginiň gurluşygynyň haýallaýandygyny we “dekabr aýynda meýilleşdirilýän” açylyş dabarasynyň yza süýşürilmeginiň mümkindigini aýdýarlar.
“Bu ýoluň dekabr aýyna ýetişjegi gümana, sebäbi gurluşyk işleri haýallady” diýip, ýerli çeşmeler aýdýar.
Türkmenistanyň 33 ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda durmuşa geçirilýän iň iri ulag taslamalarynyň biri bolan Aşgabat – Türkmenabat awtomagistralynyň gurluşygy “Türkmen Awtoban” atly ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Ýoluň Tejen – Mary bölegi ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda “Altyn nesil” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilipdir.
Resmi metbugata görä, giňligi 34,5 metr bolan Tejen - Mary ýolunyň alty sany hereket zolagy bar, her bir hereket zolagynyň giňligi 3,75 metr.
Hökümetçi elektron neşirler bu taslama bilen Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň giňeldilýändigini, bu ýoluň Aşgabat – Türkmenbaşy awtomagistralyna sepleşip, ýük ulaglarynyň Hazardaky Halkara deňiz portuna, ol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilikleriň dörejekdigini aýdýarlar.
Aşgabat – Türkmenabat awtomagistralynyň üsti bilen ýurduň iň gündogar serhedine, Özbegistan bilen arada ýerleşýän Farap gümrük geçelgesine çenli baryp bolýar. Gündogar sebitden ýurduň çägine giren awtomobil ulaglary bu ulag geçelgesiniň üsti bilen Türkmenistan – Eýran gümrük geçelgelerine-de aşyp bilýärler.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri iri taslamanyň häzirki wagtda Üçajy – Repetek böleginde işleriň alnyp barylýandygyny aýdýarlar. Ilat arasynda Üçajy diýlip bilinýän Bagtyýarlyk şäherçesi Mary welaýaty bilen Lebap welaýatynyň araçägine golaý aralykda ýerleşýär. Awtoban bu şäherçäniň üsti bilen Lebap welaýatyna girýär. Üçajydan başlap, täze awtoban Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine barýança köne awtobana parallel çekilýär.
Şonuň üçin, häzirki wagtda köne awtobandan peýdalanýan lebaply sürüjiler täze awtobanda alnyp barylýan işleriň depgini bilen aňsat tanşyp bilýärler.
Köne awtoban täze awtobana parallel bolup, olar biri-birine golaý bolansoň, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri käbir ulag sürüjileriniň täze awtobanyň entek gurlup ýetişmedik böleginden peýdalanmaga çalyşýandygyny aýdýarlar.
“Täze gurulýan ýoluň başlanýan ýerinde ulaglar geçmez ýaly, ýörite şlagbaumlar goýlupdyr. Ýöne käbir sürüjiler köne we howply ýoldan ulaglaryny sürmejek bolup, şlagbaumlara jogapkär işçilere 10-15 manat para berýärler we heniz dolulygyna gurlup ýetişmedik has oňat hilli asfalt ýoldan ulaglaryny sürýärler” diýip, çeşmeler aýdýar.
Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary köne awtobanda emele gelen çukanaklar, ýaramaz ýollar barada yzygiderli habar berip gelýär. Görnüşinden, ýerli sürüjiler köne ýoluň azabyndan aňsat halas bolmak üçin, heniz doly gurlup ýetişmedik täze ýoldan peýdalanmaga çalyşýarlar.
Täze awtoban, köne awtoban we demir ýol Mary welaýatynyň Üçajy şäherçesinden Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine çenli biri-birine parallel gidýär.
Işçiler täze ýoluň käbir böleklerinde gurluşyk materiallarynyň ogurlanýandygyny aýdýarlar.
“Ýol kenarlarynda oturdylýan metal gözenekler, setkalar seýrekleşipdir. Işçiler bu metal gözenekleriň ýerli ýaşaýjylar tarapyndan ogurlanýandygyny aýdýarlar” diýip, çeşmeler aýdýar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär. Döwlet media serişdeleri ýokary tizlikli ýoluň gurluşygynda işleýän işçileriň aýlyklarynyň gijikdirilmegi, olaryň köpçülikleýin işden çykmagy, ýa-da ýangyç ýetmezçiliginiň gurluşyk tehnikalarynyň işine zyýan ýetirip, ýol-gurluşyk işleriniň depginini haýallatmagy barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum