Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda import edilýän senagat harytlary 80% gymmatlady


Aşgabatdaky söwda nokatlarynyň biri. Arhiwden alnan surat
Aşgabatdaky söwda nokatlarynyň biri. Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda senagat we käbir azyk harytlarynyň bahalarynyň ýokarlanmagy yzygiderli dowam edip, bu gymmatlamanyň möçberi soňky 10 günüň dowamynda ortaça 80%-a barabar boldy.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň we çemeleriniň tassyklamagyna görä, bu gymmatlama, hususan-da, daşary ýurtlardan import edilýän önümlere degişli bolup, olaryň arasynda hojalykda gündelik ulanylýan himiki erginler, ýagny gap-gaç we kir ýuwujy serişdeler, şampunlar, sabynlar, diş pastalary bar.

“Iň köp kir ýuwujy serişdeler gymmatlap, fewral aýynyň 10-na çenli 500 gramlyk kir ýuwujy serişdäniň bahasy öň 7 manat bolan bolsa, indi 17 manada ýetipdir. Onsoň aýal-gyzlara niýetlenen parfýumeriýa, ýagny atyr önümleriniň ortaça bahasy öň 250-300 manatdy, häzir 350-400 manada ýetdi. Saç ýuwulýan şampunlaryň bahasy hiline görä, öň 25-30 manat bolan bolsa, indi 40 manatdan geçdi” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol berhiz saklaýanlar üçin çowdary unundan bişirilýän gara çöregiň hem gymmatlandygyny belläp, “Selim”, “Tomus, “Saglyk” ýaly hususy firmalar tarapyndan öndürilýän 300 gramlyk çöregiň bahasynyň 4,5 manada ýetendigini aýtdy. Onuň nyrhy öň 3,5 manada barabardy.

Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan aşgabatly söwdagärleriň ençemesi bu gymmatlamanyň ençeme sebäbiniň bardygyny aýdyp, munuň “gara bazarda” dollaryň, benziniň, kärende kireýleriniň gymmatlamagy we telekeçileriň puly konwertasiýa etmek düzgünlerine girizilýän çäklendirmeler bilen baglydygyny düşündirdiler.

“Mir bazarynda 16 m2 dükan üçin 2017-nji ýylda her aý 1200 manat töleýärdik. Ýanwar aýyndan bäri bu töleg 1300 manat diýlip kesgitlendi. Geçen ýylyň ahyrynda dollar ortaça 9 manatdan satylan bolsa, indi 13 manada ýetdi. Benzin 50% gymmatlady. Üstesine, telekeçileriň daşary ýurtdan haryt getirmegi hem çäklendirmeler sebäpli barha kynlaşýar” diýip, adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran “Mir” bazaryndaky telekeçi gürrüň berdi.

2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanda dollaryň resmi kursy 3,5 manat möçberinde saklanýar, emma walýutanyň “gara bazardaky” nyrhynyň barha ýokary galmagy, galyberse-de, 1-nji fewraldan başlap benziniň bahasynyň 50% ýokarlanmagy, ýurduň bazarlaryndaky azyk we senagat harytlarynyň bahalarynyň yzygiderli gymmatlamagyna sebäp bolýar.

Mundan iki hepde çemesi öň, Aşgabadyň bazarlarynda Orsýet we Gazagystan ýaly ýurtlardan import edilýän süýt-gatyk önümleriniň bahasy hem ortaça 30-40% gymmatlapdy. Şonda Azatlygyň habarçylary öň 14 manatdan satylan “Bio” ýogurdyň bahasynyň 24 manada, ozal 18 manatdan satylýan etiň bahasynyň 23 manada ýetendigini habar beripdiler.

Şol bir wagtda, ýurtda un gytçylygy hem dowam edip, ýurduň dürli welaýatlarynda, şol sanda Daşoguzdaky döwlet dükanlarynyň käbiriniň öňünde, adamlaryň uly nobatlary emele getirip, un satyn almaga synanyşýandygyny, ýerli çeşmelerimiz aýdýarlar.

Ýurtda käbir azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlamagy we gytçylygy, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan, aýlyklaryň köplenç öz wagtynda berilmeýän, bankomatlarda nagt puluň tapdyrmaýan we dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň 13 manada çenli ýeten döwründe bolup geçýär.

Türkmen emeldarlary harytlaryň gymmatlamagy we gytçylygy, şeýle-de munuň ilata ýetirýän täsirleri barada häzire çenli dymyp gelýärler. Türkmen mediasynda bolsa, ýurduň “bedew bady” bilen öňe barýandygy, türkmenistanlylaryň “bagtyýarlyk zamanasynda” ýaşaýandygyny barada yzygiderli reportažlar görkezilýär.

XS
SM
MD
LG