Moskwany aýaz gaplap aldy. Bu ýanwar aýynda rus paýtagtynda höküm sürýän adaty aýazyň çeni däl.
ABŞ-ly resmileriň Orsýete garşy girizilýän täze maliýe we syýahat sanksiýalaryň üstünde işläp, ony tamamlaýan wagty, agzalýan çäreleriň ikinji derejeli kompaniýalara şol sanda Kreml bilen ilteşikli adamlara we biznes liderlerine gönükdirilmegine garaşylmagy olara gorky salýar.
Ozalky jeza çärelerinden tapawutlylykda indi sanksiýalaryň üns merkezi üýtgeýär. Öňki tapgyrlarda Waşington Orsýetiň Krymdaky we Siriýadaky etmişleri sebäpli Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki firmalaryny we hökümet gulluklaryny jezalandyrmaga synanyşan bolsa, aýyň aýagynda yglan edilmegine garaşylýan täze tolkunyň geriminiň giň bolmagyna garaşylýar we olar arkaly ozal sanksiýa girizilen edaralar bilen iş salyşýan kompaniýalara garşy çäklendirmeleriň girizilmegine, şunlukda Orsýetiň çäklendirmelerden sowulmagynyň öňüniň alynmagyna we Kremle ýakyn “kiçi balyklaryň” anyklanylmagyna garaşylýar.
Moskwa gylyň üstünde durana çalym edýär. Bir resmi ABŞ-ny ýetip gelýän prezidentlik saýlawlaryna täsir etmäge synanyşmakda aýyplaýar. Täsirli bir rus gazeti prezident Walidimir Putine ýakyn üç ýüze golaý adamyň anyklanylmagynyň ahmaldygyny habar berdi. Maliýe edaralary çäklendirmeleriň töwekgelçiligini azaltmak ugrunda dürli çäreleri görýärler.
Galagoply dowul
“Indi bir aýdan gowrak wagt bäri ruslaryň dowla düşýändigi hakykat” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sanksiýa kordinatorlygynyň ozalky başlygy Daniel Fraýd aýtdy.
Waşingtonda ýaşaýan russiýaly syýasy analist Andreý Piontkowskiý hem şeýle pikirde. “Moskwada hopukdyrjy çärelere garaşylýar. Sebäbi çäklendirmeler ilkinji gezek Putiniň golaýyndaky adamlara şahsy yza berýär” diýip, ol aýtdy.
29-njy ýanwarda aýan edilmegine garaşylýan täze çäreler, geçen tomus Kongresiň aglaba agzasynyň goldamagynda kabul edilen we prezident Donald Trampyň awgust aýynda göwünli-göwünsiz gol çeken kanunyndan gözbaş alýar.
Sanksiýalar arkaly Amerikanyň duşmanlaryna garşylyk görkezmek akty diýlip tanalýan bu kanun arkaly ozal orsýetli kompaniýalar bilen iş salyşýan taraplara girizilýän çäklendirmeler giňeldilip, olara garşy ikinji derejeli sanksiýalar durmuşa geçirilýär.
Trampdan öňki prezident Barak Obamanyň girizen çäreleri Orsýetiň diňe bir 2014-nji ýylda Krymy anneksiýa etmegine jogap hökmünde däl, eýsem Moskwanyň 2016-njy ýylda ABŞ-da geçirilen prezidentlik saýlawlaryna gatyşmagy üçin hem-de Orsýetiň Siriýadaky harby kampaniýasyna garşy gaýtawul hökmünde girizilipdi.
Oktýabr aýynda kanunyň kimlere gönükdirilen bolmagynyň ahmaldygy barada peýda bolan ilkinji alamatlarda Döwlet departamenti otuza golaý rus harby firmalaryny we ýörite gulluklara degişli kompaniýalary göz astyna aldy. Bu diýmeklik olar bilen “ýakyndan” iş salyşýan orsýetli ýa-da daşary ýurtly beýleki kompaniýalaryň hem çäklendirmelere duçar bolmagynyň ahmaldygyny alamatlandyrýar.
Teoretiki taýdan çemelişlende, beýle diýildigi ozal sanksiýa sanawa girizilen döwlet eýeçiligindäki orseýtli bir kompaniýany kredit bilen üpjün edýän daşary ýurt banky-da sanawdaky kompaniýalar bilen iş salyşýandygy üçin nyşana alnyp bilner. Bu döwletiň ýarag eksportçysy “Rosoboroneksporty” ýa-da bolmasa belli meşhur ýarag öndüriji “Kalaşnikow” kompaniýasyny hem öz içine alyp biler.
Oligarhlaryň sanawy
Şeýle-de, bu kanunyň talaplaryna laýyklykda Hazyna departamenti, ýagny Maliýe ministrligi aňtaw agentlikleri bilen hymatdaşlyk edip, gönümel çäklendirmelere sezewar ediljek meşhur orsýetlileriň we olaryň maşgala agzalarynyň sanawyny Kongrese hödürlemeli. 241-nji seksiýa diýlip tanalýan madda oligarhlaryň “rus režimine ýakyn gatnaşyklarynyň hem-de olaryň baýlyklarynyň bahasynyň anyklanylmagyny” talap edýär.
Bu teoretiki taýdan, ýokary derejeli bir rus resmisiniň Birleşen Ştatlarda mülk edinen gyzynyň, ýa-da Günbatarda holdinglere eýe bolan uly senagat korporasiýasynyň başlygynyň hem nyşana alyndygy diýmekdir.
Waşingtonda sanksiýa prosesini ýakyndan yzarlaýan synçylar bu ýagdaýy “oligarhlaryň sanawy” atlandyrýarlar.
“Bu adamlara zarba urar, sebäbi bu olaryň howpsuz däldigini görkezýär. Bu ABŞ-nyň agzalýan gatlagyň yzyndan galmajakdygyny, olary Putiniňem gorap bilmejekdigini görkezýär. Bu ýagdaý Putiniň ýakyn adamlarynyň, onuň korrupsiýa çümen işlerine gatanç gatýanlaryň, ony goldaýanlaryň soňunyň oňatlyk däldigini görkezýär” diýip, Fraýd AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Sanawa goşulanlar birbada maliýe we syýahat çäklendirmelerine duçar edilmezler, ýöne ekspertleriň aýtmagyna görä bu olara golaýda nämeleriň garaşýandygy barada pikir berer. Sanawda ady agzalýanlara we olar bilen iş salyşýanlara çäklendirmeleriň derhal ruhy täsiri bolar.
Şeýle-de bu käbir barlykly orýsetlileriň baýlyklarynyň çeşmesi barada we olaryň ABŞ-daky mülkleri barada jemgyýetçilige habar berer.
“Käbir adamlar üçin bu örän şahsy mesele. Beýlekiler üçin bu örän syýasy mesele” diýip, düýbi Waşingtonda ýerleşýän Halkara strategiki barlag merkeziniň işgäri Olga Oliker aýtdy. “Esasy sorag: Administrasiýa şeýle etmek bilen näme diýjek bolýar we Moskwa muny nähili kabul eder?”
Çaklamalar
Kongresiň agzalary-da administrasiýanyň resmileri-de “oligarhlaryň sanawyna” kimleriň goşuljakdygyny häzirlikçe syr hökmünde saklaýarlar. Ýöne sanksiýalar boýunça ekspertler, orsýetli oppozisiýa aktiwistleri, günbatarly hukukçylar we biznes toparlary sanawdakylar barada käbir çaklamalary ýöredýärler. Şeýle-de, käbir barlykly orsýetliler özlerini sanawa goşdurmazlyk üçin, Kongresi we administrasiýanyň resmilerini yrmak maksady bilen ümsüm lobbiçilik kampaniýalaryna girişipdirler diýip, ençeme synçy aýdýar.
12-nji ýanwarda Orsýetiň “Kommersant” gazeti özüniň Waşingtondaky çeşmelerine salgylanyp, üç ýüze golaý adamyň sanawa girizilmeginiň ahmaldygyny, bu sanyň resmileriň özlerini we olaryň garyndaşlaryny öz içine alýandygyny habar berdi.
Dekabr aýynda Kremliň ady belli tankytçysy we ussat küştçi Garri Kasparowyň goldamagynda rus oppozisiýa aktiwistlerinden düzülen topar özleriniň sanksiýa sanawyny döretmek üçin Litwada duşuşdylar. Oppozisiýaçylaryň ýygyndysynda iki ýüz töweregi adamyň ady bolup, olaryň hatarynda çäklendirmelerden sypmagy başaran “Sewerstal” atly polat önümçiligi bilen meşgullanýan kärhananyň eýesi Alekseý Mordaşow, şeýle-de Orsýetiň iň uly döwlet banky bolan “Sberbankyň” başlygy German Gref dagylar hem bar.
Maliýe ministrligi düzüljek sanaw barada özüne berlen soraglara dessine jogap bermekden saklandy.
Kredit krizisi
Kremliň täze çäklendirmelerden nädip öňünden gaçýandygy baradaky alamatlar noýabrda peýda bolup başlady. Biznes neşiri “Vedomosti” premýer-ministr Dmitri Medwedowyň Orsýetde döwlete degişli kompaniýalaryň öz potratçylarynyň atlaryny äşgär etmek talabynyň mundan beýläk ýatyrylýandygy barada karara gol çekendigini habar berdi.
Orsýetiň içindäki we daşyndaky maliýe bazarlary bireýýäm 2018-nji ýyldaky sanksiýalar boýunça çaklamalary göz öňünde tutýarlar. Rus hökümetiniň karzlaryny satyn almak boýnça mümkinçiliklere girizilmegi ahmal bolan çäklendirmeler obligasiýa söwdegärlerini, paýdarlary we portfolio dolandyrjylaryny, ýagny fiziki taraplaryň adyndan maýa goýum işlerini ýerine ýetirýänleri ynjalyksyzlandyrýan iň esasy meseledir.
Bu çäre Orsýetiň 2014-nji ýyldaky çäklendirmelerden sowulmagyna ýardam beren emel edilen gädijekleri ýapmagy göz öňünde tutýar. 2014-nji ýylda girizilen sanksiýalar döwlet eýeçilgindäki ýa-da döwlete ýakyn belli-belli kompaniýalaryň halkara kredit bazarlaryna çykmagyna gadagançylyk girizipdi.
Kreml şonda on milliardlarça dollara durýan şol kompaniýalary halas etmeli bolupdy we şol bir wagtyň özünde kapital ýygnamagyň hötdesinden gelipdi. Mysal üçin, 2016-njy ýylda Orsýet täze ýewro obligasiýalar arkaly 3 milliard dollara barabar satuw amala aşyrdy.
Duşmana garşylyk görkezmek aktynyň talaplaryna laýyklykda ABŞ-nyň raýatlaryna rus hökümetiniň obligasiýalaryny satyn almak gadagan edilip bilner. Orsýetiň jemi karzynyň näçe mukdarynyň amerikanlardadygy nämälim, ýöne Merkezi bankyň oktýabrda ýaýradan maglumatynda agzalýan karzyň 38 milliard dollar möçberiniň daşary ýurtlardadygy aýdylýar.
Gürrüňi edilýän karar birnäçe aýlap yglan edilmez, ýöne ekspertleriň çaklamalaryna görä bu gadagançylyk rus rublyny agyr güne salar. Onsuzam rubl 2014-nji ýylda Krym boýunça sanksiýalaryň girizilmegi bilen, şeýle-de nebtiň bahasynyň pese gaçmagy bilen güýjüni esli ýitiripdi we henizem özüne gelip bilmedi. Bu gadagançylyk orta möhletde infliýasiýany galdyrar, diýip “Bank of America/Merrill Lynch” dekabr aýynda özüniň barlag netijelerine salgylanyp habar berdi.
Tolkun effekti
Şeýle-de käbir maliýe edaralary “Waşington nähili çäre görende-de bu çäreler Orsýetiň ykdysadyýetinde tolkun effektini döreder” diýýän alamatlary görkezip başlady.
Mysal üçin, Orsýetiň iň uly hususy kommersiýa kreditory bolan “Alfa Bank” özüniň ýurduň doýmaz-dolmaz harby senagatyna gatanjyny gysmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
“Bu diýmeklik biziň bir gijede gatnaşyklarymyzy bozandygymyzy aňlatmaýar. Biz diňe töwekgelçilikli ýagdaýlary azaltmaga synanyşýarys” diýip, bankyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Oleg Sysuýew “Eho Moskwy” radio kanalyna beren interwýusynda aýtdy.
Bu ýagdaý gysga möhletde, täze çäklendirmeleriň girizilmeginden bir aý soňra mart aýynda nobatdaky möhlete prezidentlige dalaş edýän Putin üçin gönüden-göni kynçylyk döreder.
Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow 13-nji ýanwarda TASS habar agentligine beren gürrüňinde bu barada gürrüň edip, ABŞ-da kabul edilýän çäreleri ses berişlige täsir ediş synanyşygy diýip aýyplady.
Kremliň tankytçysy Piontkowskiý ABŞ-nyň has köp şahslary nyşana almak çäresiniň, Putiniň uzak ýyllaryň dowamynda hözürini gören giň goldawyna täsir etjekdigini çaklady.
“Munuň manysy, ol elita üçin öz manysyny ýitirýär. Onuň funksiýasy olary we olaryň Orsýetdäki hem-de Günbatardaky baýlyklaryny goramakdy, şolaryň howpsuzlygyny üpjün etmekdi. Ýöne häzir ol gaýtam tersine olar üçin zyýanly bolup barýar” diýip, Piontkowskiý belledi.