Prezident Donald Trampyň Waşingtonyň öňden gelýän ýaranlyklar we gatanyşklar kadakaryny sorag astyna almagy bilen geçen iki ýyllykda Birleşen Ştatlaryň daşary syýasaty üýtgedi.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew özünden öň ýurdy dolandyran awtokrat lider Yslam Kerimowyň gol astynda gulluk edenleriň “üstünden düşmekde” elinde baryny gaýgyranok.
Bu ýyl Birleşen Ştatlaryň döwlet edaralaryndaky orunlara rekord derejede zenan kandidat dalaş edýär. Bu ýagdaý üstümizdäki döwlet hem-de milli saýlawlaryň ähmiýetini adatdakysyndan has-da ýokarlandyrýar.
15-nji maýda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew resmi iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bardy. Waşingtondaky “Endrýus” aeroportynda Mirziýoýewi we onuň aýalyny Birleşen Ştatlaryň hökümet agzalary garşy aldy.
Moskwany aýaz gaplap aldy. Bu ýanwar aýynda rus paýtagtynda höküm sürýän adaty aýazyň çeni däl.
Birleşen Ştatlar dünýäde adam hukuklaryny kemsidýänlere we beýleki korrumpirlenen resmilere garşy çykaran kanunynyň esasynda Özbegistan, Orsýet, Ukraina we beýleki käbir ýurtlaryň hökümetleri bilen bagly 52 adama garşy syýahat we maliýe çäklendirmelerini girizdi.
Prezident Donald Trampyň ozalky milli howpsuzlyk geňeşçisi, prezident diwanynda bary-ýogy 24 gün işläninden soň işden çekilen Maýkl Flin Federal derňew býurosyna galp düşündiriş berip, federal jenaýat etdendigini boýun aldy.
Siriýa, Ukraina, Demirgazyk Koreýa, orslaryň ABŞ-daky prezidentlik saýlawlaryna goşulyşandygy baradaky gürrüňler, Orsýetiň Ýewropany böljek bolşy, sanksiýalar, sanksiýalara berilýän gaýtawullar, siber hüjümler...
Amerikan prezidenti Barak Obama Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarym adasyny bikanun özüne birikdirendigi sebäpli onuň garşysyna girizilen sanksiýalary ýadro arsenalyny çäklendirmek baradaky gepleşikler bilen baglanyşdyrylmaly däl diýdi.
Birleşen Ştatlaryň resmileri häzir dowam edýän bir sud prosesinde bu bikanun pullaryň azyndan bir bölegini yzarlap gelýärler.
Orsýetiň oppozision lideri, korrupsiýa garşy gaýduwsyz göreş alyp barýan Alekseý Nawalnynyň ýaranlarynyň biri, Orsýetiň haýyşy boýunça, Kiprde tutuldy. Moskwa Nikita Kulaçenkowyň ekstradisiýa edilmegini talap edýär.
Prezident Barak Obama Amerikanyň ykdysadyýetine, harby kuwwatyna we ýolbaşçylygyna ýokary baha berdi, ABŞ-ny "dünýä polisiýasy" etjek bolmamagyň howpludygyny duýdurdy.
Gollandiýanyň derňeýji ekspertleri Orsýetiň Malaýziýanyň Ukrainada urlup ýykylan ýolagçy uçary hakdaky ynamdar hasabata alternatiw teoriýalary girizmek baradaky synanyşyklaryny dokumentleriň üsti bilen ýene bir gezek puja çykardy.