Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Giçki pagtany mugallymlar hem esgerler ýygýarlar


Türkmenistanyň pagta meýdany
Türkmenistanyň pagta meýdany

Noýabr aýynyň aýaklap barýandygyna seretmezden, Türkmenistanyň edara-kärhanalarynyň işgärlerniň mejbury pagta ýygymyna çekilýändigi aýdylýar.

Adynyň efirde tutulmazlygny soran ruhabatly mugallyma zenanyň sözüne görä, awgust aýynyň aýagyndan bäri mugallymlary her dynç güni pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edýärler.

Dynç günüň 60 kilogram pagtany ýygyp, pagta harmanyna tabşyrandygyň barada kepilnama getirip, mekdep direktoryna bermeli. Mugallymlaryň iş ýükleri onsuzam ýeterlik. Mekdepden soňra okuwçylaryň depderlerini barlamaly, erteki güne plan düzüp, sapaga taýýarlanmaly. Dynç almaga wagtyň hem galmaýar. Maşgalanyň hysyrdysy-da zenan mugallymlara ýetik bolany üçin, bir dynç günüňi hem pagta ýygymynda geçirseň, bu juda agyr düşýär” diýip, ol aýdýar.

“Pagta ýygymyna gidip bilmejek mugallymalar öz ornuna adam tutup, oňa pul töläp, pagta ýygymyna ugradýarlar. Obalarda işsiz oturan erkek oglanlar hem ýaş gyzlar bu teklibiňi begenip kabul edýärler. Ýöne bu ylalaşyk üçin olara hak tölemeli. Olar, hem seniň beren puluňy alýarlar, hem-de ýygan pagtasy üçin, kärendeçilerden hak alýarlar. Şeýle gepleşigiň nyrhy her hepde üçin 10 manat.

“Bu çykdajyny ýeňilleşdirmek üçin, aýda 20 manady mekdep direktoryna berseň, ol senden pagta meýdanyna gitmegiňi talap edibem duranok. Direktoryň özi mugallymyň ýygmaly pagtasyny ýygyldy edip, has ýokarrak maglumat berýär” diýip, pagta ýygmaga mejbur edilen başga bir mugallyma aýdýar.

“Emma biz – işgärler bu ýagdaý barada alaçsyz dymmaly bolýarys. Iş ornuň bilen hoşlaşmak islemeseň, sesiňi çykarman edilýän bidüzgünçiliklere boýun bolmaly” diýip ol aýdýar.

Ahal welaýatynda pagta meýdanlaryna mejbury ugradylýan ýygymçylaryň käte esgerler bolup durýandygy barada hem maglumatlar bar.

Aşgabadyň we onuň eteklerindäki harby bölümleriň esgerlerini hem her ýylda boluşy ýaly, şu günler pagta meýdanlarynda görmek bolýar. Esgerleriň harby tälimi öwrenmekleriniň deregine, soňky ýyllarda mejbury pagta ýygymyna ugradýarlar.

Esgerlere hem her günde 60 kilogram pagta ýygmaga görkezme berilýär. Şol görkezmäni ýerine ýetirip bilmedik esgerlere ofiserler tarapyndan ýowuz daralýandygy aýdylýar.

Esgerler başyny galdyrman uzakly gün pagta ýygyp, öz borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Ýöne ýyglyp, harmana tabşyrylan pagtanyň pulunyň esgerlere berilmeýändigi hem aýdylýar.

Pagta ýygany üçin, esgerleriň eline pul düşenok. Onda-da olar pagta ýygymyndan ýüz öwürmeg-ä beýlede dursun, özleriniň talaba laýyk nahar berilmeýändigi barada hem dil ýaryp bilenoklar.

Soňky aýlarda esgerleriň naharlarynyň hiliniň ýaramazlaşýandygyny, iýmitiň hiliniň pesligi sebäpli, uzakly gün meýdanda pagta ýygmaga ýaramaýan esgerleriň hem sanynyň artýandygyny bu ýagdaýlara şaýat bolýan ýaşaýjylardan eşitmek bolýar.

XS
SM
MD
LG