Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda ýüzlerçe adam 'marşirowkalara' çekilýär


Döwlet işgärleri Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçiriljek dabaralara taýýarlyk görýärler. Arhiwden alnan surat
Döwlet işgärleri Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçiriljek dabaralara taýýarlyk görýärler. Arhiwden alnan surat

Paýtagt Aşgabatdan soň, Balkan welaýatynda hem 27-nji oktýabrda belleniljek Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna köpçülikleýin taýýarlyk çäreleriniň başlanandygy we munuň ýüzlerçe adamyň durmuşyna täsir ýetirýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurduň günbatar welaýatyndaky çeşmeleriniň aýtmagyna görä, 2-nji oktýabrda başlanan bu taýýarlyk çärelerine ýa-da “marşirowkalara” döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärler, şol sanda mugallymlar, şepagat uýalary, lukmanlar we Balkan welaýatynyň Drama teatrynyň aktýorlary gatnaşdyrylýar.

Öýlän sagat 3-de başlap, giçlik sagat 6 töweregi tamamlanýan bu “marşirowkalar” Balkanabat şäherindäki köne futbol meýdançasyda geçirilýär.

“Sagat 3-de eýýäm çärelere girişýärler. Olar [çärelere gatnaşyjylar] bilen welaýat Medeniýet bölümi tarapyndan berkidilen adamlar hem-de welaýat Drama teatrynyň režissýorlary maşklary geçirýärler. Bularyň [Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçiriljek dabarlara] gatnaşjak ähli adamlar däldigini, bularyň üstüniň ýene-de ýetiriljekdigi hakynda welaýatyň Medeniýet bölüminiň jogapkär işgärleriniň biri gürrüň berdi” diýip, häzirki wagt Balkan welaýatyna sapar edýän synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Onuň welaýatyň Medeniýet bölüminiň jogapkär işgärleriniň birine salgylanmagyna görä, öňümizdäki hepdäniň başyndan Balkan welaýatynyň dürli etraplaryndan býujet işgärleri, şol sanda etrap, oba Medeniýet öýleriniň işgärleri we mekdepleriň ýokary klas okuwçylarynyň belli bölegi hem “marşirowkalara” gatnaşmak üçin, Balkanabada getiriler we olar tä Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralar tamamlanýança bu şäherde ýaşarlar.

“Marşirowkalara” gatnaşmak üçin welaýatyň dürli etrapdyr obalaryndan geljek şol döwlet işgärleriniň hem-de ýokary klas mekdep okuwçylarynyň ýaşamagy üçin şu günler “Nebitçi” we “Energetika” saglyk öýleriniň boşadylýandygy hem-de näsaglara öýlerine dolanmalydyklary barada duýduryş berilýändigi aýdylýar.

Bugaýew saglyk öýleriniň käbir jogapkär işgärlerine salgylanyp, bu ýagdaýyň käbir näsaglaryň arasynda närazylyklaryň döremegine sebäp bolandygyny aýdýar.

“Şol iki sany saglygy dikeldiş öýüniň her birinde ortaça 100-den gowrak adam dynç alýar eken. Olara hepdäniň şenbe güni öýläne çenli öýlerine dolanmak hakynda duýduryş berlipdir. Saglygy dikeldiş öýlerinde bolýanlaryň nägileligi – ‘üç-dört gün bolanymyzdan soňra bizi obamyza, gelen ýerimize ugratjak bolsalar, onda näme üçin başda şu zatlary hasaplamandyrlar? Bizi başda çagyrmadyk bolsalar, has gowy bolardy’ diýip aýdýarlar. Sebäbi olar welaýatyň dürli künjeginden gelen işgärler, ýaşaýjylar. Ýöne olaryň berlen görkezmäni ýetine ýetirmekden başga çäresi ýok” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň çäginde paýtagtda harby parad we konsertleriň ençemesi geçirilýär. Şeýle-de, Aşgabatda we welaýat merkezlerinde täze desgalaryň açylyş dabarasy amala aşyrylýar. Oňa ýokary derejeli döwlet resmileri bilen bir hatarda, býujet işgärleri, studentler we mekdep okuwçylary gatnaşýar.

Bu dabaralara görülýän taýýarlyk çäreleri ýa-da “marşirowkalar” adatça bir ýa-da iki aý öňünden başlanyp, onuň dowamynda okuwçylar, studentler okuwdan we döwlet işgärleri işden wagtyndan ir boşadylýar. Munuň bolsa, käbir döwlet edaralaryň işinde bökdençlikleriň döremegine getirýändigi aýdylýar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 26-njy ýyl dönümine bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň “ýokary derejede guramalaşdyrylýandygyny” tekrarlasalar-da, bu dabaralara görülýän taýýarlyk çäreleriniň näçe adamyň iş, okuw we dynç alyş wagtyny alýandygy barada kelam söz aýtmaýarlar.

Şeýle-de, işgärleriň, okuwçylaryň we studentleriň ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çärelere mejbury gatnaşdyrylýandygy barada-da mesele gozgalmaýar.

XS
SM
MD
LG