Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan turistleriň ýolbeletsiz hereket etmegini gadagan edýär


Aşgabada baran daşary ýurtly syýahatçylar (Arhiwden alnan surat)
Aşgabada baran daşary ýurtly syýahatçylar (Arhiwden alnan surat)

Türkmenistan Aziýa oýunlaryna tomaşa etmek üçin gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň ýurduň territoriýasynda ýolbeletsiz, ýagny gidsiz hereket etmegini gadagan edýär.

Türkmenistanyň Aziýa oýunlaryny gurnaýjy komitetiniň resmi websaýtynda bu sport ýaryşy döwründe, öz hasabyna Türkmenistana gelmek isleýän daşary ýurtlular üçin türkmen wizasyny almagyň düzgünleri çap edildi.

Bu düzgünlere laýyklykda, beýleki talaplar bilen bir hatarda, Türkmenistana sapar etmek isleýän daşary ýurtly syýahatçylaryň ýurduň territoriýalarynd ýolbeletsiz, ýagny gidsiz hereket etmegi gadagan edilýär. Şol ýolbeletleriň ýurduň syýahatçylyk kompaniýalary tarapyndan kesgitlenýändigi bellenilýär.

Şol bir wagtyň özünde, ýurtdaky gidleriň hyzmatynyň töleglidigi we syýahatçylaryň bu tölegleri öz üstüne almaga borçludygy hem aýratyn bellenilýär.

Bu barada “Gündogar” neşiri hem habar berip, “mundan ozal Aziýa oýunlaryny gurnaýjy komitet bu sport bäsleşigi döwründe, ýurda 5 müň çemesi sportsmeniň, 2,5 müň treneriň, 10 müň spesialistiň, 1,5 müň sport žurnalistiniň we 200 müň çemesi daşary ýurtly sport muşdaklarynyň gatnaşjakdygyny mälim edipdi” diýýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanda bolup gelen daşary ýurtlularyň aglabasy baran pursatlary ýanlaryna ýörite syýahatçylyk ýolbelediniň berkidilýändigini, olaryň dowamly ýanlarynda bolýandygyny; şeýle-de ýurtda ‘surata düşürip ýa-da düşürip bolmaýan zatlaryň’ bardygyny hem gürrüň berýärler.

Mundanam başga, şu ýylyň aprel aýynda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmen ýolbeledi daşary ýurtlardan Türkmenistana gelýän syýahatçylar barada özleriniň howpsuzlyk gullugyna günde azyndan üç gezek maglumat bermeli bolýandyklaryny aýdypdy.

“Bize howpsuzlyk gullugyndan ýörite bir adam bellenýär. Olar dowamly jaň edip, [ýanymyzdaky daşary ýurtly barada] maglumat soraýarlar. [Howpsuzlyk] agentleri munuň bilenem çäklenmän, özleri hem bildirmän turisti maşyn bilen ýa-da bazarlarda alyjy bolan bolup yzarlaýarlar” diýip, türkmen ýolbeledi aýdypdy.

Türkmenistan şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklara gözegçiligi güýçlendirip, resmi däl ýagdaýda birnäçe çäklendirmeleri we gadaganlyklary girizdi.

Munuň çäginde paýtagty “köne ulaglardan”, eýesiz haýwanlardan we köçe söwdagärlerden arassalamakdan başlap, tä sähel sölpi, ýagny tagaşyksyz egin-eşikli raýatlary saklamak we pasportynda Aşgabatda ýazgyda durmadyk adamlara jerime ýazyp, öz ýaşaýan welaýatyna ugratmak ýaly çäreler alnyp barylýar.

Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri paýtagtdaky öň tussaglykda bolanlara olimpiýa şäherçesiniň golaýynda görünmezligi tabşyryp, welaýat belgili awtoulaglaryň Aşgabada girmegini dil üsti bilen berlen görkezme esasynda gadagan etdiler.

Galyberse-de, soňky günlerde paýtagtyň we regionlaryň polisiýa bölümleriniň 8-10 çemesi işgärine iňlis diliniň öwredilýändigi barada maglumatlar peýda boldy.

“Polisiýa işgärlerine bu sapaklary geçmegi üçin, orta mekdepleriň iňlis dili mugallymlaryny çekilýär. Mugallymlara bu sapaklar üçin zähmet haky tölenmeýär. Olar mejbury-meýletin ýagdaýda, polisiýa işgärlerine iňlis dilini öwredýärler” diýip, 3-nji ýunda “Hronika Türkmenistan” neşiri öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp habar berdi.

Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk, şeýle-de syýahata gelmek üçin wiza almagy iň bir kyn ýurtlarynyň hatarynda agzalýar. Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri – anyk sanlary görkezmeseler-de – ýurtda turizmiň ösýändigini we syýahata gelýän daşary ýurtly ‘myhmanlaryň’ köpelýändigini öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG