Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Polisiýa köçe söwdagärlerine gözegçiligi güýçlendirýär


Köçede gök-bakça önümlerini satýan zenan.
Köçede gök-bakça önümlerini satýan zenan.

Geçen hepdäniň ortalarynda, Aşgabadyň 11-nji mikroraýonynda polisiýa resmileri köçe söwdagärlerini tussag etdiler diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Bu neşiriň 15-nji maýda çap eden maglumatyna görä, 30 çemesi polisiýa işgäri köçe söwdagärleriniň ýerleşýän söwda nokadyny gabap, söwda edýänleriň ählisini ele saldy we wagtlaýyn tussaghana alyp gitdi.

“Tussag edilenleriň Daşoguz welaýatyndaky narkologiýa dispanserine ugradylandygy we olaryň ‘Aziada-2017’ oýunlary tamamlanýança, şol ýerde saklanjakdygy habar berilýär” diýlip, neşiriň maglumatynda nygtalýar.

Azatlyk Radiosyna bu maglumaty degişli türkmen häkimiýetlerine häzire çenli tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Emma Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, polisiýa tarapyndan köçe söwdagärlerine edilýän gözegçilik paýtagtyň tas ähli künjeginde diýen ýaly güýçlendi.

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň aýtmagyna görä, mundan öň köçe söwdagärlerine polisiýa eginbaşyndaky resmiler gözegçilik etse, häzirki wagt olara raýat eşigindäki polisiýa işgärleri ýörite reýdleri gurnaýarlar.

“Olara polisiýa işgärleri, Salgyt gullugynyň işgärleri tarapyndan gözegçilik edilýär. Ýöne olar forma taýdan azda-kände üýtgedi. Indi olar adaty döwlet belgili hususy maşynda gelýärler. Gelip [söwdagärleriň] deňiňde saklanýança, olaryň kimdigini-de bilip bolanok. Köçe söwdagärleri ilkibada müşderi gelendir öýdüp begenýärler. Ýöne olar raýat eşigindäki polisiýa işgärleri bolup çykýarlar. Olar özleriniň gulluk şahadatnamasyny görkezip, dessine şol adamlary gabaw astyna alýarlar” diýip, synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Onuň sözlerine görä, şondan soň, resmiler olary polisiýa departamentine ýa-da olaryň şahamçalaryna alyp gidýärler. Şol ýerde köçe söwdagärleriniň tussag edilmegi aktlaşdyrylyp, olara jerime salynýar we köçä satuwa çykarylan harytlar söwdagärleriň elinden alynýar.

Aýdylmagyna görä, Aşgabadyň bazarlarynda söwda ýerleriniň kärende bahasynyň gymmatlygy we bu ýerde söwda etmek üçin rugsatnamany almagyň kynlygy sebäpli, soňky ýyllarda köçede söwda edýän ownuk söwdagärler barha köpelýär.

Olar öz ýerlerini häli-şindi üýtgedip, esasan, köpgatly jaýlaryň aralarynda, banklaryň kiçi şahamçalarynyň ýa-da uly bazarlaryň göze ilmeýän ýerlerinde harytlary bazardaky söwdagärleriň satýan nyrhyndan arzan bahadan satýarlar.

Soňky günlerde köçe söwdagärlerine edilýän gözegçiligiň güýçlenmegi we onuň sebäpleri barada ne türkmen häkimiýetleri, ne-de media serişdeleri tarapyndan ilat köpçüligine maglumat berilýär.

Emma soňky aýlarda Türkmenistanda paýtagty “köne ulaglardan” we eýesiz haýwanlardan arassalamakdan başlap, tä sähel sölpi, ýagny tagaşyksyz görünýän raýatlary saklamak we pasportynda Aşgabatda ýazgyda durmadyk adamlara jerime ýazyp, öz ýaşaýan welaýatyna ugratmak ýaly çäreler güýçlendi.

Mundanam başga, türkmen häkimiýetleri paýtagtdaky öňki tussaglara olimpiýa şäherçesiniň golaýynda görünmezligi tabşyryp, welaýat belgili awtoulaglaryň Aşgabada girmegini dil üsti bilen berlen görkezme esasynda gadagan etdiler.

Bu çäreleriň ählisiniň şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde amala aşyrylýandygy aýdylýar. Emma ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, türkmen häkimiýetleri bu gadagançylyklar we çäklendirmeler dogrusynda, ilata düşündiriş bermeýärler. Bu gadagançylyklar dogrusynda ýurduň metbugatynda hem maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG