Aşgabatda arak-çakyr önümlerini satýan hususy dükanlara döwlet tarapyndan edilýän gözegçilik güýçlendi diýip, söwdagärleriň ençemesi habar berýär.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň aýtmagyna görä, soňky iki hepdäniň dowamynda, şäher we etrap häkimliginiň wekilleri, Döwlet salgyt gullugynyň we Arassaçylyga gözegçilik edýän edaranyň işgärleri paýtagtyň bazarlarynda arak-çakyr önümlerini satýan dükanlara her üç-dört günde bir gezek aýlanyp, olardan söwda lisenziýasyny görkezmegi talap edýärler.
Şeýle barlaglaryň iň soňkusy 26-njy aprelde paýtagtyň öňki “Mir” häzirki “Paýtagt” bazarynda geçirildi. Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran bu bazardaky bir söwdagär özleriniň barlaglar barada öňünden habarly edilendiklerini, şol sebäpli dükany ýapylan ýa-da jerime salnan dükan eýeleriniň sanynyň örän azdygyny aýtdy.
“Barlagçylar gelmezden ozal, dükanlarymyzy ýapdyk. Olar gapysy açyk dükanlara girip barladylar. Bazar resmileri bilen öňünden ‘ylalaşmadyk’, ýagny barlagçylaryň geljegini öňünden duýdurmaklary üçin, olara para-peşgeş bermedik dükan eýelerine uly möçberde jerime salyndy. Biz barlagçylar geljek mahaly, dükanymyza gulp urup, olaryň plastik žalýuzlaryny hem ýapdyk we bazaryň bir çetinde seredip durdyk” diýip, söwdagär aýtdy.
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýurtda spirtli içgileriň söwdasyny etjek dükanlar döwlet tarapyndan aýratyn hasaba alnan bolmaly. Şeýle-de, bu söwdany etjek telekçileriň ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden ýörite lisenziýasy, rugsat haty bolmaly.
Mundanam başga, spirtli içgileriň söwdasyny etjek telekeçileriň ol ýa-da beýleki arak-çakyr zawodlary bilen baglaşan şertnamasy bolmaly we onda her aýyň dowamynda näçe mukdarda önümiň satyn alynjakdygy, olaryň bahasy görkezilmeli. Şeýle-de, söwdagärlerden spirtli içgileriň arassalygy hakyndaky ýörite sertifikat hem talap edilýär.
Söwdagärleriň käbirleri gürrüňi edilýän rugsat hatyny, sertifikaty ýa-da şertnamany almak üçin, ençeme edara we edara resmilerine para bermeli bolýandygyny, şol sebäpli özleriniň resminamasyz işlemegi kem görmeýändiklerini aýdýarlar.
“Ýurtdaky çäklendirmeler, bu söwdany resmileşdirmegiň kynlaşdyrylmagy ýa-da aşa köp mukdarda talap edilýän para-peşgeşler söwdagärleriň gününi kynlaşdyrýar. Şol sebäpli bize 10-a golaý edara her alty aýda bir gezek para berenimizden, resmi lisenziýany alman, bazar resmileriniň birnäçesine para berenimiz amatly bolýar. Olaram biziň söwdamyza göz ýumýarlar, barlagçylaryň geljekdigini öňünden duýdurýarlar” diýip, söwdagär aýdýar.
Türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri paýtagtda spirtli içgileriň söwdasyny edýän hususy dükanlara gözegçiligiň güýçlendirilmegi we onuň sebäpleri barada, ilat köpçüligine häzire çenli düşündiriş ýa-da maglumat bermän gelýärler.
Emma söwdagärleriň käbirleri muny häzirki wagt dowam edýän “Saglyk aýy” we sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek “Aziada-2017” oýunlarynyň golaýlamagy bilen baglanyşdyrsa, käbirleri arak-çakyr önümlerini satýan döwlet dükanlaryna barýan alyjylaryň sanynyň azalmagy bilen düşündirýärler.
“Döwlet dükanlarynda 20-25 manada satylýan arak-çakyr önümlerini, hususy eýeçilikdäki dükanlardan 15-16 manada alyp bolýar. Şol sebäpli adamlar bu önümleri döwlet dükanyndan gymmada alanyndan, hususy dükanlardan arzana satyn alanyny kem görenok. Döwlet dükanlarynda alyjylar azalsa, bahalary arzanlatmagyň aladasyny etmegiň deregine, hususy dükanlary ýapmagyň ugruna çykýarlar” diýip, arak-çakyr önümlerini satýan hususy dükan eýeleriniň biri aýdýar.
Türkmenistanda lisenziýasyz arak-çakyr önümlerini satýan söwdagärlere 3000 manada çenli pul jerimesiniň salynýandygy we olaryň dükanlaryndaky spirtli içgileriniň ählisiniň döwletiň haýryna geçirilýändigi aýdylýar.
Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen mesele dogrusynda maglumat almak üçin, Aşgabat şäher häkimligi, Döwlet salgyt gullugy we paýtagtyň Arassaçylyga gözegçilik edýän edarasy bilen habarlaşanda, bu barada haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.