Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Zaporižiýa zarbasynda ejir çekenleri sany 113 adama ýetdi. 13 adam öldi


Hüjümden soňky görnüş
Hüjümden soňky görnüş

Rus goşunynyň Zaporižiýa garşy amala aşyran hüjümi netijesinde 113 adam ýaralandy diýip, sebit harby administrasiýasynyň başlygy Iwan Fedorow habar berdi. Onuň sözlerine görä, ölenleriň arasynda 13 ýaşly çaga hem bar.

Ýaraly bolanlaryň 59 sanysy keselhana ýerleşdirildi, olaryň 10-synyň ýagdaýy agyr.

Rus goşunlarynyň Zaporižiýa 8-nji ýanwarda eden hüjüminde 13 adam öldi. 9-njy ýanwar bu sebitde ýas güni diýlip yglan edildi.

Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugynyň habaryna görä, 800 inedördül metr meýdany tutýan administratiw binada turan ýangyn söndürildi, otlanan üç awtoulagyň ody öçürildi. Jemi dört administratiw bina, 27 awtoulaga we tramwaýa zyýan ýetdi. Gyssagly halas ediş işleri tamamlandy.

XS
SM
MD
LG