Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMG-niň çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde ýurtdaky zenanlaryň we çagalaryň iýmitlenişindäki mikroelementler barada milli barlag geçirdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Bu barlaglar iýmit mikroelementleriň ýetmezçiliginiň dürli görnüşleriniň ýaýramagyna we olaryň zenanlaryň, çagalaryň arasynda degişli töwekgelçilik döretmek şertlerine baha berdi. Bu barlagyň maglumatlarynyň ýurduň birnäçe sebitinden, 2 müň 672 hojalykdan toplanylandygy aýdylýar.
Bu hasabat iýmitleniş tejribesi, azyk önümleriň dürlüligi, ganazlygyň ýaýrawy hem-de ýod, foliý turşusy, demir, A we D witaminler ýaly örän möhüm mikroelementleriň ýetmezçiligi barada giňişleýin seljermäni özünde jemleýär.
Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň habarynda tassyklanylmagyna görä, barlaglaryň netijeleri soňky ýyllarda iýmit ulgamynda uly ösüşiň gazanylandygyny görkezýär. Şeýle-de, netijeler yzygiderli üns bermegini talap edýän esasy ugurlary ýüze çykarýar.
Reproduktiw ýaşyndaky göwreli däl zenanlaryň we 6-dan 59 aý aralygyndaky çagalaryň arasynda ganazlyk derejesiniň 2011-nji ýylda iýmit mikroelementleri boýunça geçirilen barlaglar bilen deňeşdirilende azalandygyny aýratyn bellemek gerek diýip, habarda anyklaşdyrylman aýdylýar.
Habarda tassyklanylmagyna görä, alnan netijeler hojalyklaryň ýodlaşdyrylan nahar duzuny we mikroelementler bilen baýlaşdyrylan uny ýeterlik möçberde has ýygjam ulanýandyklaryny görkezýär.
Azatlyk radiosynyň we beýleki garaşsyz neşirleriň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda soňky onýyllyklarda dowamly azyk ýetmezçiligi saklanyp galýar we resmi taýdan boýun alynmaýan ykdysady kynçylyklar, agyr işsizlik, aýlyklaryň az bolmagy, durmuşyň aşa gymmatlamagy netijesinde gowy naharlanyp bilmeýän çagalary eneleriň köpelýändigi aýdylýar.
Türkmen metbugatynda nygtalmagyna görä, iýmitlenişiň gowulandyrylmagy, zenanlaryň we çagalaryň saglygynyň goralmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş ugry bolmagynda galýar.