2016-njy ýylda kabul edilen Konstitusiýa Türkmenistany dünýewi, demokratik döwlet diýip jar edýän hem bolsa, ýurduň hökümeti awtoritar we prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de onuň ýakyn töweregi tarapyndan kontrollykda saklanylýar diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 2016-njy ýylyň jemleri boýunça ýyllyk adam hukuklary hasabatynyň Türkmenistan bölüminiň başynda aýdylýar.
Şeýle-de hasabatda Berdimuhamedowyň 2006-njy ýyldan bäri prezident bolup, 2012-nji ýylyň fewralynda geçirilen prezident saýlawyndan soň hem ornunda galandygyny, ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň bu saýlawlardaky syýasy alternatiwalaryň arasyndaky seçginiň çäkli bolandygy baradaky netijä gelendigini ýatladýar.
Türkmenistan awgustda parlamentdäki boşan orunlary doldurmak üçin saýlaw geçirdi, emma bu saýlaw halkara synçylarynyň gözegçiliginde geçmedi.
Sentýabrda bolsa parlament täze konstitusiýany tassyk etdi, onda prezidentiň möhleti bäş ýyl bolanlygyndan ýedi ýyla çenli uzaldyldy, prezidentligiň aňyrky ýaş çägi aýryldy, prezidentlik möhletiniň ozal bar bolan çäklendirmesi dikeldilmedi diýip, hasabatda bellenilýär.
Şeýle-de hasabatda graždan häkimiýetleriniň howpsuzlyk güýçleriniň üstünden netijeli gözegçiligi ýola goýandygy bellenilýär.
Eden-etdilikli tussag etmeler, mejbury tutup saklamalar, adam gynamalary, graždan azatlyklarynyň äsgerilmezligi, şol sanda din, söz, metbugat, ýygnanyşmak, hereket azatlyklarynyň çäklendirilmegi adam hukuklarynyň berjaý edilmeginiň öňündäki möhüm problemalar bolmagynda galdy, raýatlar öz hökümetlerini hakyky syýasy alternatiwalar esasynda, azat we adalatly saýlawlar arkaly saýlaw bilmediler diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýyllyk adam hukuklary hasabatynyň Türkmenistan bölüminde aýdylýar.
Şeýle-de ýurtda dowam edýän hukuk problemalary hökmünde sud edilýänleriň özlerini kanun esasynda gorap bilmeginiň, suduň adalatly geçirilmegi üçin bolmaly kanunçylyk prosesiniň inkär edilmegi, hususy durmuşa, öý-içeriniň işine, poçta aragatnaşygyna eden-etdilikli gatyşylmagynyň dowam etmegi agzalýar.
Internet elýeterliliginiň we belli-belli saýtlara hem habar serişdelerine girmegiň çäklendirilmegi düýpli problema bolmagynda galdy.
Şeýle-de bu ýurtda aýallara garşy diskriminasiýa we zorluk ulanyldy, adam gaçakçylygy bar, şol sanda hökümet ýyllyk pagta ýygymy mahalynda mejbury zähmeti ulandy, işçileriň azat-erkin birleşmegini çäklendirdi, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň öý-jaýlaryny ýykdy diýip, hasabatda bellenilýär.
Howpsuzlyk gulluklarynyň resmileri we hökümet garaw görmezden hereket etdi. Hökümet resmileriniň adam hukuklaryny bozandygy sebäpli jogapkärçilige çekilendigi barada habar çykmady diýip, adam hukuklary baradaky hasabatda aýdylýar.