ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp hutileriň amala aşyrýan hüjümleri boýunça Eýrany jezalandyrmak bilen haýbat atýar. “Hiç kim aldanmasyn! Hutiler – Ýemende ýerleşip, ýemen halky tarapyndan ýigrenilýän eýmenç garakçylar we kellekeserler – tarapyndan amala aşyrylýan ýüzlerçe hüjüm Eýrandan uç alýar we gelip çykýar” diýip, Tramp “Truth Social” ulgamynda ýazdy.
Trampa görä, Eýran, hamala, terrorçylaryň öz gözegçiliginde däldigini aýdyp, “pidasyraýar”, ýöne bu ýalan. Ol hutileriň edýän hereketleriniň ählisiniň Tähran tarapyndan buýruk berilýändigini, olary pul, ösen harby tehnikalar we aňtaw maglumatlary bilen üpjün edýändigini aýdýar.
“Indiden beýläk, hutiler tarapyndan atylan her bir ok, Eýranyň buýrugy esasynda, eýran ýaraglary tarapyndan atylan ok hasaplanar. Eýran jogapkärçilik çeker we aýylganç boljak netijeler bilen ýüzbe-ýüz bolar” diýip, Tramp ýazdy.
Tramp 15-nji martda demirgazyk Ýemendäki huti pozisiýalaryna zarba urmak barada harbylara buýruk berdi. Biraz öň, Ak tam Huti hereketini terror guramasy hökmünde kesgitledi.
Hutiler ýemen suwlaryndan geçip barýan ysraýyl gämilerine hüjüm etmäge başlajakdyklaryny aýdandan soňra, olara garşy operasiýalar yglan edildi. Hutiler öz hereketleriniň Ysraýylyň Gazany petiklemegine jogap bolandygyny aýtdylar.